Помощничек
Главная | Обратная связь


Археология
Архитектура
Астрономия
Аудит
Биология
Ботаника
Бухгалтерский учёт
Войное дело
Генетика
География
Геология
Дизайн
Искусство
История
Кино
Кулинария
Культура
Литература
Математика
Медицина
Металлургия
Мифология
Музыка
Психология
Религия
Спорт
Строительство
Техника
Транспорт
Туризм
Усадьба
Физика
Фотография
Химия
Экология
Электричество
Электроника
Энергетика

Yslam Anadola Ahlatdan baryp girdi 8 страница



Görüp otursam, „Dejjal“ hakdaky gürrüňimden soň, içeri işleriň käbir işgärleri meni tussag etjek bolupdyrlar. Emma, deliliň azlyk edýäni üçin, goýsun edilipdir.

Bu wakalaryň bary saglyk rugsadyna gelenimde bolup geçdi. Şol wagtyň içinde özüme seretdirdim. Enwer kakam meni iki gezek lukmana görkezdimikä diýýärin.

Şol döwür diýseň gyzgalaňly geçdi. Nädereje önjeýli bolanyny bilemok. Emma, risaleleri paýlamak hem-de wagyzlar arkaly adamlary risala ysnyşdyrmak üçin elimden gelenini gaýgyrmadym diýip biljek. Töweregimizdäki obalara aýlanyp çykanymyz netije berdi.

Ahyry Iskenderuna gaýdyp bardym. Bir hepdeläp harby bölüme barman, daşarda wagyz etdim. Onsaň gulluga başladym. Şondan soň, yzygiderli her anna güni Iskenderunyň merkezi mesjidinde wagyz edip başladym. Ol döwürler wagyz edýän adamam ýok diýen ýalydy. Iskenderunyň çäginde wagyz edýän Hilmi beý diýip biri bardy. Ol diýseň süýji dillidi. Bir döwür onuň deputat bolanyny hem bilýärin.

Her hepde tanyş-bilişlerim töweregindäkilere-de eşitdirip, mesjide üýşýärdiler.

Harby bölümde maňa goldaw berýänlerem bardy. Anna günleri mesjidiň öňündäki ýol adamdan dolýardy. Şonuň üçinem, ulaglaryň gatnawy bökdelýärdi. Muňa gözegçilik etmeli degişli edaralaram ýöwselleýärdiler.

Tomus günleriniň biridi. Kakam yzymdan gelipdi. Bir gije bolar ýaly arassa myhmanhana tapyp bilmedim. Myhmanhanalaryň barysynda aýal bardy. Men muny halamaýan. Alan terbiýäme düýbünden ters gelýärdi. Anna güni wagzymda bu barada aýdyp geçmän bilmedim. „Bu nähili musulmançylyk bolýar? Şu myhmanhanalaryň aýnalaryny döwmeli“ ýaly gürrüňler etdim. Pert gürläpdim. Hakyna seretseň, meniň beýle gürrüň etmegim kanuna garşydy. Harby eşigiň üstünden don geýmeli däl. Emma, men şeýle halda wagyz edýärdim. Ýene bir wagzymda-da: „Döwletiň kada-kanuny bar, polisiýaň etmeli işi bar. Polisiýa etmese, ol işi kim etsin?“ diýip, myhmanhanalardaky wejeralyklar barada aýdyp geçdim. Maňa goldaw berýän serkerdeler alaçsyz ýagdaýa düşdüler. Maňa: „Jemal Tural watan ogly ahyry. Hany, ol hakda birki agyz söz aýdaý-da. Bizem şondan özümizçe netije çykarardyk“ diýdiler.

Jemal Tural ol wagtlar 2-nji goşun generalydy. Daşyndan seredäýmäge, ol hakyky watan ogly ýalydy. Ol Barzany hereketini ýakyndan yzarlaýardy. Şol wagtlar günorta-gündogarda käbir öýlerde Barzanyň suraty asylgy durýardy. Barzany islän wagty halky gozgalaňa galdyryp biler diýen gep bardy. Barzanyny içgin aňtaýany üçin Jemal Tural halk tarapyndan goldaw tapdy. Ine, şu jähtden seredeniňde, käbir garjaşyk meseleler meni kän oýlandyrýardy. Düýnki garakçy bu gün apalanýar...

Wagyzlarymyň birinde bu barada aýdyp geçdim. „Tural serkerdämiz watan ogly diýýärler. Türk esgeri watan ogly bolmasa, bolmaz-a! Allatagala watan ogullaryna uzak ömür bersin!“ diýip şeýle ýa-da şuňa meňzeş gürrüňler etdim. Şol gün aragatnaşyk ulagyna münjek bolanymda, aýagym sowa geçdi. Tirkegiň üstüne ýykyldym we gapyrga süňkümi döwdürdim. Özümden gidipdirin. Essime gelenimde,kelläm starşina Arifiň dyzynyň üstündedi.

Gözümi açyp-açmankam, oňa igendim. „Siz meni şol zatlary diýmäge mejbur etdiňiz. Pygamber kürsüsinden men kimleri öwüp arşa çykarýan?! Allah bu edenimden razy däl“ diýdim. Iki aýlap diýen ýaly iňňildäp, öz etimi özüm iýdim. Iňňildilerim zerarly namazym bozlandyr diýip, käwagtlar şol birwagt namazy birnäçe gezek gaýtalap okapdym. Birsalym keselhana ýatyrdylar. Lukmanlar çäre tapyp bilmedi. Soň tebip diýip bir adamy tapyp getirdiler. Ol adam bir gezek jalka çekdi welin, men özümden gitdim. Daňy edip berdi. Köp ýyllap çep tarapyma ýatyp bilmedim.

Özüme gelip başlanymdan soň, ýene-de wagyzlary dowam etdim. Harbylara bolsa meni ýekirerçe gep beripdirler. Maňa goldaw berýänleriň hem birnäçesini başga ýere geçirdiler. Şeýlelikde, menden ar aljak bolup ýörenleriň güni geldi.

Şol gün jumgada adamyň degnasyna deger ýaly hiç hili gürrüň etmändim. Duýgularym hyňzap durdy. Hutbäni hem özüm okadym. Emma, rugsat alman wagyz edýän esgeri tussag edip bolýan eken. Ondan öňki gürrüňlerimi ýeke-ýeke belläpdirler. Men adaty bolşy ýaly, jumgadan soň daşaryk çykdym. Seretsem, mesjidiň dört tarapyny ýaragly esgerler gabapdyr. Göýä, garakçyny ele saljak bolýan ýaly, mesjide dökülipdirler.

Wagt ýitirmän, esgerleriň ýolbaşçy serkerdesiniň ýanyna bardym. Salam berip, boýun boldum. Serkerde gowy adam eken. Şol gün adaty jenaýatkärler bilen bilelikde, menem tussaghananyň bir otagyna dykdylar. Soň tussaghananyň jogapkär ýolbaşçysy geldi. Meni getiren serkerde öňe atylyp çykdy: „Jenap! Ol şobada gelip, salam berdi hem-de boýun boldy!“ diýdi. Emma, tussaghanaň başlygy özüniň ýaman pälini aýan etdi. „Gelmeli däl eken-dä...“ diýip, agzyna gelenini aýtdy. Meni sylap-hormatlaýan käbir serkerdeler ýokaryk ýüz tutan bolmaga çemeli. Ertesi gün meni goýberdiler. Harby bölüme bardym. Batalýon serkerdämiň maňa diýseň syny oturýardy. O-da alada galan eken. Meni görüp, ýanyma geldi-de, ýüzüme bir şarpyk doňdurdy. „Yzarlanýanyňy bilibem, näme üçin gitdiň?“ diýdi. Hiç zat diýmän, ýanyndan daşlaşdym.

Ertesi gün batalýon serkerdäm tutuş batalýony nyzama çykarypdyr. Çaga ýaly aglap: „ Edil bir ataň öz ogluna şarpyk çalşy ýaly, oňa şarpyk çaldym. Men ony öz oglum ýaly gowy görýärin“ diýipdir. Bu bolanlary maňa soň ýoldaşlarym aýdyp berdi.

Kapitan çininde bir serkerdämiz bardy. Gaty köp içýärdi. Bir gezek dagyn meniň aýlyk esger hakymy araga beripdir. Habar beriş merkezi biziň elimiziň aşagynda. Dost oglanlar ol kapitan barada şeýle wakany aýdyp berdiler. Harby sud ol kapitany çagyrypdyr we meni tanap-tanamaýandygyny sorapdyr. Ol kapitan şeýle jogap beripdir: „Ol şu harby bölümde ahlagy bilen öňe çykan ýeke-täk ynsandyr. Onuň deňi-taýyny tapyp bolmaz“. Şu aýdylanlar meniň bähbidime bolupdy.

Wahdeddin beýiň aýtmagyna görä, bu pyssy-pyjurlyklaryň aňyrsynda bir maýor serkerde barmyş. Ol maýor biraz wagtdan soň harby gullukdan kowlupdyr we gözgyny halda jan beripdir.

 




©2015 studopedya.ru Все права принадлежат авторам размещенных материалов.