Помощничек
Главная | Обратная связь


Археология
Архитектура
Астрономия
Аудит
Биология
Ботаника
Бухгалтерский учёт
Войное дело
Генетика
География
Геология
Дизайн
Искусство
История
Кино
Кулинария
Культура
Литература
Математика
Медицина
Металлургия
Мифология
Музыка
Психология
Религия
Спорт
Строительство
Техника
Транспорт
Туризм
Усадьба
Физика
Фотография
Химия
Экология
Электричество
Электроника
Энергетика

Yslam Anadola Ahlatdan baryp girdi 2 страница



Geň galaýmaly, Şamil babam üçin umra berjaý edip ýörkäm, birdenkä maňa bir zad-a boldy. Safa bilen Merwe aralygynda baryp gelýärkam, aýagym ýerden üzülip, men göýä, özümi howada gezip ýören ýaly duýdum. Süňňüm saňňyldaýardy.

Her bir adamda bolşy ýaly, käýarym meniňem başymdan geň-enaýy wakalar bolup geçýär. Belkem, şeýle ýagdaýlar, Pygamberimiziň (s.a.w) aýdyşy ýaly, „Li zamanun“ diýilýän ahwallaryň biridir. Şonda sen başga wagtlar duş gelmeýän, täsin bir ruhy ahwaly başdan geçirýäň. Käwagtam şeýle bolýar, edil däliräýjek bolýaryn. Emma, Şamil babam üçin umra berjaý edýärkäm, meni heýjana salan ruhy lezzet, bu aýdylanlaryň barysyndan ýokardady. Şol ruhy ýagdaýy asla söz bilen beýan edip bolmaýar.

Şol günüň senesini anykladym. Onsoňam, men şol senäni nädip unudaýyn. Soň Erzuruma gaýdyp gelenimde, ejem özüniň gören düýşüni gürrüň berdi. Şamil babam perişdeler ýaly, bulutlaryň üstünde gaýyp ýörmüş. Düýşüň görlen senesi, edil meniň umra berjaý edip ýörkäm aýagymyň ýerden göterilen ýaly bolan pursatyna gabat gelýär.

Jaýy jennetde bolsun, Ömer Kirazoglynyň hem maňa ýazan hatynda: „Siziň üçin umra berjaý edip ýörkäm, Beýtullahyň golaýynda birdenkä tüýsüm üýtgän ýaly boldy“ diýipdi. Diýmek, wakalardan şeýle netije çykarsa bolýar: özgäniň ýerine berjaý edilen tawaf we umralar örän ähmiýetli dilegleriň ýerini dolduransoň, Allatagala şular ýaly täsinlikleri yhsan edýär.

Ine, Şamil babam bilen bagly ýadymdan çykmaýan şeýle ýatlama bar.

 

- Umrada näme üçin Şamil babamyňyza degişli beýle ahwalat bolup geçdi?

- Bir tarapdan, şeýle ahwalata uçralmagy edilen umranyň kabul bolanyny görkezýär. Men şeýle peşgeşe mynasyp dälem bolsam, Rebbimiň lutfy hem keremi çäksizdir.

Ikinjiden, bu zatlar frekans meselesidir. Ikimizem, şol bir ruhy ýagdaýda duran ekenik.

Üçünjiden bolsa, daşky dünýäden üzňe ýaşaýan babam, agtyklarynyň birini özüni has ýakyn saýýan eken. Şeýdip, ikimizem biri-birimiz bilen tapyşdyk...

 

- Siz, esasan kimden has köp täsirlendiňiz? Ejeňizdenmi ýa-da kakaňyzdan? Başga-da size täsiri ýeten kimler bolupdy?

- Ikisiniň hem özüne göräräk täsiri bolandyr. Eger haýsydyr bir täsirden gürrüň açmaly bolsa, mende esasan, enemiň (Münise hanym) täsiri has güýçlüdir.

Enem diýseň az gürlegen we yslamy büs-bütin öz ahlagyna siňdiren aýaldy. Aglardy, küýli gezerdi, ululara hem-de ulamalara, şyhlara hormat goýýan artykmaç aýaldy. Maňa bolan mähir-söýgüsini bolsa söz bilen aýdyp bolmaz. Onuň bilen bir öýde ýaşan döwrümizde, maňa bir gezejik hem gaşyny çytyp sereden ýeri ýadyma düşenok. Häsiýeti ýumşakdy.

Kakam ejeme bir gezek gahar edipdi. Gaşlaryny gerjeşdirip, ejemiň üstüne azgyryljak boldy. Şobada enem ara goşuldy-da, „Ramiz, süýdümi-azabymy saňa haram ederin“ diýdi. Şeýle, perişde ýaly aýaldy.

Öwran-öwran aýdýaryn, eger-de mende täsir galdyranlar barada söz açylmaly bolsa, ejemden, kakamdan öňürti, meni enem haýran galdyrdy. Onuň asuda tolkun atýan deňiz ýaly çuňlugy, mende ullakan täsir galdyrdy. Men ynanmagy hem-de Allaha ýürekden bagly bolmagy ondan öwrendim. Belki, öňler gülen bolmagam ahmal, ýöne men onuň çasly gülen ýerini görmedim. Diýseň, namysjaňdy.

Ikinjiden, kakamyň täsirem az däldir. Kakam takwa adamdy. Namazlaryna örän ähmiýet berýärdi. Onuňam haçan görseň gözi nemlidi. Wagtyny birem yrýa etmezdi. Mellekden öýe geleninde, aýagyndan dolagyny aýyrmanka, nahar häzir bolýança, şol arada kitap okardy. Kitap okamagy söýýärdi. Ýolda bir ýere gidip barýarka-da, agzy bikär durmazdy, ýa Kuran okardy ýa-da täzelikde ýatlan arapça, parsça beýtlerini gaýtalardy.

Men „Kasideýi Bürdäni“ öňüme alyp ýat beklänimi bilemok. Kakam okanynda eşidip, ýat tutdum. Başga bilýän parsça beýtlerimi hem kakam wagyzda aýdanda ýatlapdym. Kakam her bir minudyny hökman haýyrly hem manyly bir iş bilen doldurýan hem-de aň-düşünjä ähmiýet berýän adamdy. Ol manysyz ýaşamakdan gaça durardy.

Onuň degişýän ýerem bardy. Ýöne, şol degişmeler onuň ýiti zehininden döreýärdi. Ol agraslygy asla elden bermeýärdi.

Kakam doly göz öňüme gelýän wagtlary, ol otuz bäş ýaşlaryndady. Başyndaky sellesi hiç göz öňümden gidenok. Sellesini aýran wagtyny görmedim.

Kakam Kuran okamagy otuz ýaşlarynda öwrenipdir. Kakam 1905-nji ýylda doglupdyr. Diýmek, ol tümlük ýyllary görüpdir. Olaryň ýaşlygy şol döwre gabat gelipdir. Soň göçüşlik-zat diýip, gel-git bilen, okamaga wagtam bolmandyr. Yzýany bilen elipbiý üýtgedildi, latyn harplaryna geçişlik boldy.

Kakam yhlaslydy. Öz yhlasy bilen okap-ýazmagy öwrenipdir. Harby gullukda-da esgerlere okap-ýazmagy öwredýän uly gözegçi edip bellenilipdir. Ol wagtlar, esasan, türk halkynda sowatsyzlyk höküm sürýärdi. Kämil derejede ýetişen adamam juda az eken. Kakamyň bir gowy tarapy bardy, ol ulamalara hem şyhlara diýseň hormat goýardy. Göwni hemişe öýüň myhmanly bolmagyny isleýärdi. Onsuzam, öýümiz her gün myhmanlydy.

Her öýde, Gündogara mahsus aýratynlyk bolup, teblehana we myhman otaglary bardyr. Otaglaryň birinde at saklanýardy. Beýleki otag dynç alyş otagy hökmünde ulanylýar. Gerek wagty peç ýakylýardy. Ýöne köplenç kamin ulanylýardy. Biz oňa peç diýýärdik. Kofe gaýnadylýan gap, kofe içer ýaly gapjagazlar hemişe kaminiň ýanynda durýardy. Gelen myhmanlar gyssagly bolsalar, iň bolmanda, kofe hödür edilerdi. Erzurumda dokuz aýlap gyş bolýar. Ylaýta-da, gyş gijeleri, ol otag iň bir gelim-gidimli ýere öwrülýärdi.

Biziň öýümizde ulamalara hem-de şyhlara aýratyn hezzet edilýärdi. Öýümize ýygy-ýygydan gelýänleriň arasynda: Alwarly Mehmet Lütfi hezretleri, onuň dogany Wehbi aga, Tagi şyhlaryndan Syrry aga, Şehabeddin aga ýaly, ol jelegaýlaryň iň alym, dana hem hormatlanýan adamlary bolardy.

Mollalaram gelýärdi. Maşgalamyz olar bilen içgin gatnaşyk saklaýardy. Bize degişli bolan ýurt ýerden ymamlar üçin jaýam salyndy. Biziň atýatagymyzda agzy hoňkaryp duran deşik bardy. Ol ýerden ymamyň öýlerine geçip bolýardy. Kuran okamagy öwrenmek hem öwretmek gadagan edilen döwürlerde, biziň şol atýatagymyz diýseň uly hyzmatlary bitirdi.

Men dört ýa-da bäş ýaşymdadym. Öýümize molla Halil aga gelipdi. Bar kişi oňa „Ylymly molla“ diýip hormat goýýardy. Kakam onuň daşynda kökenekdi. Ýalňyşmaýan bolsam, kakam Kuran okamagy ondan öwrenipdir. Kakamyň kyragaty, has soňlar, Süleýman molla diýilýän bir adamdan öwrenenini bilýärin.

Halil molla Korujykdan Maslahat obasyna göçüp gideninde, kakam hem onuň ýany bilen gitdi. Biz iki ýyllap, gyş aýlarynda kakasyz ýetim galan ýaly bolduk. Kakam iki ýylyň dowamynda arapça hem parsça öwrenip, ylym-bilimini ösdürdi. Ol ylym öwrenmäge höweslidi. Kakamyň şu häsiýeti maňa-da diýseň täsir etdi. Onuň şol ýaşdaka ylym öwrenmek üçin gören jepalary, göýä, meni hem kämillige atarypdy. Men çagakamam, ýaşlyk döwürlerimde-de hiç haçan öz ýaşytdaşlarym bilen oturyp, hemaýyn gürrüň bilen wagtymy bihuda ötüren däldirin. Hemişe ulularyň ýanynda bolup, olaryň gürrüň berýän zatlaryny ünsli diňlemeklik meniň üçin endige öwrülipdi. Bu ýerde-de, gürrüňsiz, kakamyň uly täsiri bardyr. Ol özüniň söhbetlerinde paýhasyňy durlajak zatlary aýdyp bererdi. Esasan, Alwarly ymamyň söhbetlerinden doýup bilmezdim. Belki, şol wagtlar men gürrüň berilýän zada doly düşünýän hem däldirin. Emma, olaryň bary meniň ýadymda galandyr diýip anyk aýdyp biljek. Sebäbi, söhbetden soň öýe baryp diňlän zatlarymy setirme-setir, ejeme, eneme we agalarymyň gelinlerine aýdyp berýärdim. Bu maňa üýtgeşik lezzet berýärdi.

Öýümizde ýatymlyk myhman bolup giden mollalaryň ýene biri bolsa Harun molladyr. Ol Garadeňiz taraplaryndan, alym hem takwa adamdy. Onuň biziň maşgalamyza şeýle syny oturypdyr welin, öýüne dolanyp baransoňam, bizi dilinden düşürmändir. Esli ýyldan soň erzurumly Salih molla geldi, ýany bilen bir adamam bardy, Salih molla ýanyndaky adama meni görkezip: „Şu, seniň kakaňy myhman alan Ramiz aganyň ogludyr“ diýipdi. Şeýdip, meni onuň bilen tanyşdyrypdy. Ol kakasynyň bizi nähili öwgülänini gürrüň beripdi. Şol köne döwre degişli ýekeje ýatlama ýene-de täze dostlukly ýoluň dikeldilmegine sebäp bolupdy...

Kakam diýseň terbiýeli adamdy. Bir gün Mehmet Kyrkynjy hojanyň kakamy göz öňünde tutup, maňa şeýle diýeni ýadyma düşýär: „Ol adama geň galýaryn! Bir obada önüp-ösenem bolsa, enderun (patyşahyň hyzmatkärlerini taýýarlaýan mekdep) okuwyny okan köşk adamsy ýaly, özüni juda edepli alyp barýar. Ol nirede, nähili gürlemelidigini bilýärdi. Muny bilmek üçin, hakykatdanam jöwahyr ahlaga hem terbiýä eýe bolmaly.“

Kakamyň ýiti zehini bardy. Ýatkeşligem güýçlüdi. Otuz bäş ýaşyndan soň alym adamyň derejesindäki ylma eýe bolmagy, munuň şaýadydyr.

Kurany ýat tutýan döwürlerim, ol meni höweslendirmek üçin, meniň bilen bile oturyp, şol günki sapagy ýat tutardy. Onuň şeýtmegi meniň gujur-gaýratymy joşdurardy we ýatlamaly ýumşumy kakamdan öňürti ýat tutmaga dyrjaşardym.

Söhbetlerini hökmany suratda, ýa birinden eşiden ýa-da özüniň bilýän tymsallary bilen bezärdi. Bu hem onuň ýiti zehine eýedigini subut edýär.

Onuň mende galdyran täsirleriniň ýene birem biz bilen arasyndaky nikaby asla ýyrtmazdy. Isle söýende, isle gaharlananda, hemişe şol nikap saklanýardy. Mysal üçin, meni has gowy görerdi. Emma, başgalaryň ýanynda özüniň maňa bolan mährini gizlärdi. Otagda hiç kim ýok wagty, men gelip oturjak bolsam, aşagyma düşekçe oklardy. Eger adam bar bolsa, bildirmänjik oklardy.

14-15 ýaşymdadym. Bir aýlap çilim çekdim. Müştükli çilim çekibem başlapdym. Kakam aňypdyr. Meni öňünde durzup hiç zat diýmedi. Ol ýassygymyň aşagyndan çilimi alypdyr. Jübüsinden çykardy. Aýagyny aýagynyň üstüne atyp oturdy. Soň bolsa meniň otlyçöpüm bilen çilim otlady. Utanjymdan ýere giräýjek boldum. Tutuş bedenimi der basdy. Şol waka meniň çilimimi uzaga goýman taşlamagyma sebäp boldy.

„Kakam, hiç bolmanda, Erzurumda doglan bolsa, dünýägaraýşy hasam giň bolardy“ diýip kän içimi geplederdim. Eger-de okamaga mümkinçiligi bolan bolsady, beýik alym bolup ýetişerdi. Ol tankydy nazarly, erkin jedelleşýän adamdy.

 

Sahabalara bolan söýgi

Ol sünnüdi. Onuň sünni tarapy diýseň güýçlüdi. Ähli ymamlara çäksiz hormat goýýardy. Sahabalary çyn ýürekden söýýärdi. Onuň sahabalar hakdaky kitaplary, köp okalany zerarly, kileň ýyrtykdyr ýa-da sahypalary pytrap durandyr. Kim bilýär, ol şol kitaplaryň her birini näçe gezek gaýtalap okandyr? Şuny arkaýyn aýdyp biljek, men hem jigilerim „sahabany söýmegi“ kakamdan öwrendik. Biz kiçiligimizden bäri sahabalary maşgala agzalarymyzyň biri ýaly saýardyk, şol derejede söýýärdik. Kakam sahabalar barada gürrüň edeninde, gözüni bir nokada dikerdi, göýä, hyýalynda gürrüň berilýän sahabanyň ýanyna gidýän ýalydy.

Ony köp miwe bermäge ukyply tohuma meňzedýärin. Emma, ösüp boý alar ýaly mes toprak bolmansoň, ol hem nirä oklanan bolsa, şol ýerde şineläp, hasyl bermäge jan edipdi...

 

Ejem

Meniň ilkinji Kuran mugallymym – ejemdir. Özüniň gürrüň bermegine görä, ol maňa dört ýaşymdakam Kuran okamagy öwredipdir. Bir aýyň dowamynda-da hatym edendigimi (Kurany Kerimi başyndan soňuna çenli okap çykmak) aýdýar. Men welin hatym edenim ýadyma düşenok. Ýöne, ejem dagy tutuş oba nahar beripdiler. Kimdir birem maňa: „Saňa toý edýärler“ diýdi. Utanypdym, aglapdym. Şol döwürden diňe şu waka ýadymda galypdyr.

Ol döwürde Kuran okatmaklyk gadagan bolansoň, ejem gijäniň birwagty oýaryp, maňa Kuran öwreder eken. Onsoňam, obanyň ähli aýal-gyzlaryna Kuran okamagy ejem öwredipdir. Kakasyndan gören terbiýesi hem-de Kuran okamaga bolan höwesi, hupbatly hem kyn döwürlerde ejemi Kuran öwretmekden saklap bilmändir. Maşgalamyzda birbada 15-20 adam saçagyň başyna çökýärdi. Meniň geň galýan ýerim, ol, ine, şeýle uly maşgalanyň ähli işlerini bir özi dynanyndan soň, Kuran öwretmäge-de wagt tapýardy. Birem ol wagtlar aýal maşgalaň işi diňe öý işleri bilen çäklenenokdy. Dowarlar sagylmalydy, gerek ýerinde mellekde, bakjada ýerem işlärdiler. Ine, bir tarapdan zabun häkimýetiň sütemi, beýleki tarapdan bolsa maşgalada gündelik edilmeli agyr işler bardy. Muňa garamazdan, ejem gündiz wagt tapylsa, obanyň gyz-gelinlerine, gijelerem maňa Kuran öwredýärdi. Bu zatlar ejeme „Dogrudanam, nädip ýetişýärkä?“ diýdirýän zähmetiň hem azabyň mysallarydyr.

Ejemiň beýle nusgalyk häsiýetini, Kuran öwretmäge bolan höwesini, kemçiliksiz ybadat edişini hem-de ömrüniň her pursatyny jebir bilen geçirmegini şol döwürler çaga akylym bilen paýhas edip bilenem däldirin. Emma, şularyň barynyň mende öçmez-ýitmez täsir galdyrandygyny häzir magat düşünýärin.

Men özümi bilenim bäri ejemiň durmuşy güzaply geçipdi. Bir gezejik, onuň biliniň ýa-da aýagynyň agyrmadyk wagty ýadyma düşenok. Başga-da birnäçe agyr keselleri bardy. Ýene-de ýalňyşmaýan bolsam, bir döwürde onuň tutuş bedenine, hezreti Eýýub aleýhisselamyňky ýaly ýara örüpdi. Şeýle görgüleriň ýany bilen ol sekiz çagany ekläp-saklap, kemala getirmeli bolupdy. Elbetde, bu jepalaryň ählisi ony halys egbarladan bolmaly.

Ylaýta-da, Alwar obasyna baranymyzda ejem ýeke galypdy. Enem gyz doganymy ýanynda alyp galany üçin, öý işlerinde oňa men kömekleşmeli bolýardym. Sebäbi, öýüň ulusy mendim. Dokuz ýa on ýaşymdadyryn. Bir tarapdan hyfzymy (Kurany Kerimi ýat beklemek) dowam etdirýän, beýleki tarapdanam ejeme kömekleşýärin. Hamyr ýugurmaga, nahar bişirmäge, gap-gaç we eşik ýuwmaga kömek edýärdim. Şonda-da, ejemiň etmeli işi köp bolýardy. Goýunlary we sygyrlary sagýanam şoldy. Gepiň gysgasy, ejemiň durmuşy düýp-teýkary bilen görgülikdi. Ine, bu zatlaryň barysyna garamazdan, biziň kemala gelmegimiz üçin irginsiz göreşýärdi. Ejemiň gören güni mende diýseň täsir galdyrdy we maňa durmuşymyň käbir öwrümlerinde näme iş etmelidigimi görkezdi. Ol täsirleriň güýji hiç haçan gaçanok.

 

Alwar ymamy

Ýene-de, maşgalamdan başga maňa Alwar ymamy has köp täsir edipdi. Men oňa nädip janym-tenim bilen berilmän bileýin?! Daýym onuň adyny bismillasyz tutanok. Daýzam bolsa onuň pähim-parasatly dünýäsiniň aşygy. Ejemem, kakamam, ony çensiz gowy görýärler. Onsoň men nädip ol adam bilen bir göwrä öwrülmäýin?

Sözüň täsirli bolmagy üçin şu zatlar hökman gerek. Şonuň üçin Alwar ymamynyň agzyndan çykýan her bir söz maňa, göýäki başga bir älemden akyp gaýdýan ylham çeşmesi ýaly bolup görünýärdi. Başgaça aýdanyňda, ol gürleýän wagty, biz häzire deňiç gökden inmedik ylahy hökümleri diňleýän ýaly, gaty ünsli, özümizden geçip diňlärdik. Belki, şu aýdýanlarym şol wagtlar üçin, täsir babatynda bu zeýilli anyk däl bolmagam ahmal. Men çagakam ony diňlänimde, edil beýle düşünjä eýe däldirinem. Ýöne her wagt wyždanyma nähilidir bir ylahy öwüşginiň siňýänini welin duýýardym.

Alwar ymamy hezretleri bilen haçan tanşanymy anyk aýdyp biljek däl. Sebäbi, gözüm açylandan, onuň dahanyndan dökülýän şirin-şerbet sözlere aşyk juda köp adamlaryň bolşy ýaly, enem-atam hem şol durnagöz çeşmäniň boýunda durdular. Ony doly tanadym diýip biljek däl, sebäbi, ol bakyga göç edeninde, men heniz ömrümiň on altynjy ýylynyň çarbagynda ýaýnap ýördüm. Muňa garamazdan, men ony tanap ýetişerden gögele-de bolsam, aňyma hem duýgularyma ilki seslenen ynsan bolany üçin, onuň beýikligine göz ýetirendigimi arkaýyn aýdyp biljek. Çagakam onuň ýanynda näme görüp-eşiden bolsam, ana, meniň häzirki duýgy, aň-düşünje dünýämiň esasyny şolar düzýär.

Ýüz keşbinden onuň aslynyň päkligini, nurludygyny görse bolýardy. Çaga ýüregim bilen onuň yşnakly ýüzünden ata-babasynyň ýagty dünýäsine degişli yşaratlary gözleýärdim. Öz ýanymdan şeýle diýýärdim: „Bu ýagşyzadanyň, esasan, haýsy ýany älemleriň buýsanjy bolan Pygamberimize (s.a.w) meňzeýärkä? Gaşymyka? Gözümikä? Ýa ýüzümikä?“ Şeýle galagoply duýgular bilen oňa haýran galyp serederdim. Men onuň ruhy dünýäsine ser salmaga çalşardym. Bular meniň çagalyk duýgularymdy... Onuň dünýäsiniň dartyş güýji bilen meniň aňasty hazynalarym garşy-garşy galtaşardy. Şonda men ýatdan çykmajak röwşen pursatlary başdan geçirerdim.

„Şägirdim!“ diýip ýüzlenýän sözi – çaga dünýäme onuň eçilen iň uly peşgeşidir. „Şägirdim“ diýip her gezek başymy sypanynda, şol wagtky duýgularym maňa, özümi ynamdar bir arkadag tapynan ýaly duýmaga itergi berýärdi. Şonda ruhumy diriliş howasy gurşap alan ýaly bolýardy. Aradan esli wagt geçenem bolsa, henizem onuň ýüpekden ýumşak elleri gulagyma galtaşan ýaly bolup gidýär. „Zehiniň açylar ýaly, gulagyňy sähel ýumşadaýyn, hany“ diýýänini eşidýän ýaly bolýaryn.

Onuň mähir-muhabbet dünýäsinden daşlaşyp, „Arapça öwredýän başga bir mollanyň ýanyna gitmeli“ diýen netijä gelipdim. Onuň huzuryna baranymda, özüne mahsus bolan, adamyň ýüregini lerzana getirýän jadyly demi bilen „Giden bolsaň, wallahy, bölek-bölek bolardyň“ diýenini henizem ruhumuň çuňluklaryndan eşidýän ýaly bolýaryn we utanýaryn. Näme üçin meni goýbermedikä? Näme üçin beýle diýdikä? Näme sebäpden, başga ýere gitjek diýenim üçin, beýle agyr duýduryş berdikä? Bu sowallaryň jogabyny henizem tapyp bilmän ýörün.

Ol, meniň düşünşim boýunça, beýiklerçe ýaşady. Ýöne asla men-menlik etmedi. Haka ýakyn durjak bolup jan etdi. Ýöne hiç haçan kimdir birine görünjek bolmady. Görer gözden gaça durdy. Edil humaý (ertekilerde gabat gelýän, depesine gonana bagt getirýär diýip ynanylýan) guşy ýaly, kölegesi bar bolsa-da, özi ýokdy.

Ol akylyny dürs düşünje bilen çatmagy başardy. Ýürek bilen zehini nikalamaklyk ýaly juda seýrek adama nesip edýän beýik mertebä çykyp bildi.

Bu ýerde bir adamyň adyny agzap geçmesem bolmaz. Ol Wehbi molla. Alwar ymamyndan ýaşy uly bolup, ol onuň agasydyr. Wehbi molla ýuwaş adamdy. Deňiz ýaly giň adamdy. Olam saçyňy sypanynda ýa-da üýtgeşik tymsal aýdyp bereninde, adamyň ruhuny heýjana salyp bilýärdi.

 

- Bilşimize görä, maşgalaňyzda ýene-de birki gezek göçüşlik bolupdyr. Bu barada maglumat beräýseňiz?

93 söweşinde atam Molla Ahmet özüniň maşgalasy bilen Korujykdan göçüp, Siwas sebitlerine baryp düşleýärler. Soň gaýdyp gelenlerinde, oba ýer bilen ýegsan edilipdir. Onsoňam, şol wagtyň içinde olar lüt düşüp, öz ýanlary bilen alyp giden zatlaryny tükedipdirler.

Şamil babam şol wagtlar çaga eken, ýaňy ýetginjeklige gadam basypdyr. Bu göçüşlik maşgala agyr ýitgi salypdyr.

Korujyga gaýdyp gelnenden 8-9 ýyl çemesi soň, takmynan, 1890-njy ýyllarda Molla Ahmet dünýeden gaýdýar.

Olar garyplykdan çykýarlar. Täzeden mal-mülke eýe bolýarlar. Arman, Birinji Jahan urşy turýar. Erzurumda ýene-de göçüşlik başlaýar. Korujygyň ähli ilaty diýen ýaly göçüp gidýär. Şamil aga bar goş-golamyny bäş-alty araba ýükläp, Ýozgat welaýatynyň Ýerköýi obasyna göçüp barýar. Birnäçe ýyl ol ýerde ýaşaýarlar. Jahan urşunyň zarby gowşanyndan soň, ýene-de Korujyga gaýdyp barmagy niýet edinýärler. Emma, şol arada, ýanlary bilen getiren ähli zatlary tükenýär. Olar yzlaryna gaýdyp gelenlerinde, bary-ýogy iki sany eşekleri bar eken. Çagalaryň ýöräp bilmeýän iň kiçisini enem gujagyna alyp, eşege münýär eken. Maşgalanyň beýleki agzalary bolsa, Şamil aganyň baştutanlygynda, şonça ýoly pyýada geçmeli bolupdyrlar.

 




Поиск по сайту:

©2015-2020 studopedya.ru Все права принадлежат авторам размещенных материалов.