Помощничек
Главная | Обратная связь


Археология
Архитектура
Астрономия
Аудит
Биология
Ботаника
Бухгалтерский учёт
Войное дело
Генетика
География
Геология
Дизайн
Искусство
История
Кино
Кулинария
Культура
Литература
Математика
Медицина
Металлургия
Мифология
Музыка
Психология
Религия
Спорт
Строительство
Техника
Транспорт
Туризм
Усадьба
Физика
Фотография
Химия
Экология
Электричество
Электроника
Энергетика

Yslam Anadola Ahlatdan baryp girdi 6 страница



Bir gezek bolsa meni sorap, jigim Sybgatullah gelipdi. Bir gije ýanymda bolup-bolmany ýadyma düşenok. Sebäbi, ony ýatyrmaga ýerim ýokdy.

Ertesi gün kynlyk bilen bir ýerden ýetmiş lira pul tapyp, ony otly bilen öýe ugratdym. Jigim maňa bir gapjyk sowgat beripdi. Şol gapjygy otuz ýyllap göterenimden soň, onuň ogly Mazhara berdim. „Kakaňdan ýadygärlikdir, pugta saklagyn!“ diýdim.

Edirnedekäm meni sorap gelenleriň ýene biri hem Osman Garady. Osman Gara Ussat Bediuzzaman hezretleri bilen duşuşypdyr we onuň öwgüli sözlerine mynasyp bolupdyr. Ol ätiýaçdaky serkerdeleriň toparyndady. Ony meniň ýanyma Salyh Özjan getiripdi.

Salyh Özjana hormat goýýaryn. Seýýidlerden bolany üçinmi-nämemi ony aýratyn gowy görýärin. Ol birnäçe gezek myhmançylyga-da gelipdi. Bir gije ony penjirämde myhman almaly boldum. Men gidip daşarda bir ýerde ýatdym. Awtobusa münjek bolup durka, meni gujaklady. „Sen gahryman ýigit“ diýeni henizem ýadymda. Onuň şu sözleri maňa teselli beripdi, ruhumy galkyndyrypdy.

 

Bäş lira tapyşym

Ençeme günläp aç galdym. Ýekeje çörek almaga-da pulum ýokdy. Täret alaýyn diýip barýardym. Ýagşam çisňäp durrdy. Birdenkä, aýagymyň ujuna gözüm düşdi. Seretsem, bäş liralyk teňňe pul ýatyr. Şobada ony aldym-da, namazdan soň gidip, garnymy doýurdym. Aýlygymy alýançam, şol puldan iýip-içmeli boldum. Aýlygymy alamsoň, üstüne bäş lira goýup, jemi on lira edip, bir garyba sadaka berdim. Tapan şol bäş lira pulum meniň üçin ullakan peşgeşdi.

Baýram wagzyna barmalydym. Birnäçe günden bäri aç gezip ýördüm. Iýer ýaly bir döwüm çöregimem ýokdy. Belkem, açlygymy basar diýen pikir bilen golçanyň düýbünde galan azajyk baly barmagym bilen alyp agzyma saldym. Asyl, ajöze bal iýseň, ýüregiňi bulaýar eken. Kürsüde otyrkam içimde zenzele gopýardy.

 

Başgaça seredýärdim

Riýazat tutýan döwürlerim, ilkibaşda düýşümde nebsimi pişige meňzedip, onuň yzyndan kowaladym. Riýazaty erjellik bilen dowam etdim. Soň bir düýşümde, nebsimi aýa meňzetdim. Ikimiz tutluşdyk. Men onumy ýa ol menimi, haýsymyzyň ýeňenimiz belli bolmanka, ukymdan oýandym. Riýazatymy ýene birsalym dowam etdim. Şondan soň düýşümde nebsimi gorilla meňzetdim. Ondan gaçyp, galanyň depesine ýarmaşdym. Şeýle riýazatlaryň netijesinde bir zada düşündim. Nebsim meni sag tarapdan urýar eken. Şol wagtlar beýleki adamlary, esasan horanlyk bilen nahar iýýänleri, hemişe başga tüýsde görýärdim. Şonuň üçin, olara kän gahar edýärdim. Asyl, nebis bilen göreşeniňde, özüňi beýlekilerden aýrybaşga, üýtgeşik bir adam saýmaly däl eken. Büdremän ýaşamak üçin, ylahy keşigi çekişjek bolup dyrjaşmaly. Göreşýän ruh hemişe bagta ýetýändir.

Ilki gidenimde Edirnede üç ýyl dagyn boldum. Üç ýylyň iki ýarym ýyly penjirede geçdi. Soň bolsa harby gulluga çagyrdylar.

 

- Bagyşlaň! Gelşiksizrägem bolsa, sizden ýene bir zady sorasym gelýär. Şol wagtyň içinde ýa-da has soň, öýlenmek barada pikir etdiňizmi?

Edirnede bolan ilki ýyllarymda Hüseýin Top ugumy kän ýekelejek boldy Edirnäniň atly-abraýly maşgalalaryndan biriniň mende göwni bar eken. Baýram günleriniň birinde ikimiz myhmançylykda gabat gelişdik. Gara suw boldum. Gözümi galdyryp, daşyma seredibem bilmedim. Soňam bir söý-sebäp bilen ylalaşylmady. Şeýle wakadan soň, gaýdyp beýle zada hyýallanmazlygy ýüregime düwdüm. Emma, bir gezek Ýaşar hoja-da öýlenmek barada maslahat berdi. Ýüregimiň çuňluklaryndaky hakyky niýeti bir Allah bilýändir welin, ýalňyşmaýan bolsam, dine hyzmat etmekden başga maksadymyň bolmagyny islemändim.

Başga wagtlaram şu mesele gozgalanda, şol bir pikiriň ýany bilen, özüm juda bir inçe adam bolamsoň, hiç kimiň ömrüni zähere öwürmeli däl diýen pikiriň has hem uly täsir edendigini aýdyp bilerin.

Galyberse-de, ymam bolan mesjidimiň arka tarapynda otyrkam, edil hezreti Ýusuba (as) edilşi ýaly, maňa şyltak atjak boldular. Özümi penjireden içerik oklanym, şyltakçynyň ýaman niýeti başa barmany üçin, penjiräniň daşyndan: „Bu ýerde şeýle gözgyny bolup ölüp galaýsadyň“ diýeni düýş ýaly sähel ýadyma düşýär.

Meni öýermek maksady bilen görkezilen maşgalalaryň bary salyhatly, gowy adamlardy. Emma, men birinji gezekde belli-külli netijä gelipdim: Özümi yslamy hyzmatlara bagş etjek we öýlenjek däl.

Harby gullukdan gelipdim. Kakam, ejem, gyz doganym hem-de Enwer kakam dagy maňa „Öýlenmeseň bolmaz“ diýdiler. Ejem: „Oglum! Dirikäm seniň aýagyňy bir duşaklaýyn“ diýdi. Men: „Eje! Meniň aýaklarym „nurlar“ bilen duşaklanan. Eger sizem duşak salsaňyz, men gymyldap bilmerin-ä“ diýdim. Sähel gaty gürlänem bolsam, olara ýüregime düwen niýetimi aýtdym.

Men aýak diräp duramsoň, Enwer kakam maňa: „Gör-de, ýigit! Şu wagt biz ýalbar-ýakar etdik. Ýaşyň otuza ýetende, ýene bir gezek şeýdip soralar. Soň gaýdyp ýalbar-ýakar eden bolmaz.“ diýdi.

Kestanebazaryndadym. Bir gün Ýaşar hoja Izmire geleninde, bir gyzy görkezjek boldy. Kän ýalbardy. Şonda-da, başdaky niýetimden dänmejegimi aýtdym. Gujaklady: „ Sen hem meni diňlemeseň, kim meni diňlär?“ diýip, aglady. Ýaşar hoja meniň üçin azara galyp ýörkä, men ylaýyk otuz ýaşymdadym. Şonuň üçinem, Enwer kakamyň diýen sözleri gulagyma çawuş bolup eşidilipdi. Ýeri geleninde, ýene bir ýatlamamy aýdyp geçeýin.

1978-nji ýyl. Ýuwulmaly eginbaşlarym münder bolup durdy. Agşam kir ýuwup durkam halys degnama degi. Birdenkä öz ýanymdan: „Ýa öýlenäýsemmikäm?“ diýip pikir öwürdim. Edil anyk ýüregime düwmedim, ýöne ýyldyrym çaltlygynda aňymdan gelip geçen hyýal boldy.

Ertesi ir bilen tanyşlarymyň biri geldi-de, maňa şulary diýdi: „Gije düýşümde Pygamberimizi (s.a.w) görüpdirin. Size salam aýtdy we „Öýlenen güni amanadyny tabşyrar, menem jynazasyna barmaryn“ diýdi“. Elbetde, bu bir düýşdi. Düýşe seredip hereket etmeli däldiginem bilýärdim. Emma, özümçe şol buýruga hormat goýmaga çalyşdym.

Şu ýerde Nuriýe Akmanyň ýazga geçiren gürrüňdeşliginden, bu meselä degýän ýerini size hödürläsim gelýär. Şeýle diýlipdir (L.E):

- Kurany hatm eden günüňiz maşgalaňyz obada hudaýýoly beripdir. Size-de: „Bu seniň toýuň“ diýlipdir. Erbet utanypsyňyz. Öýlenmeýşiňiziň sebäbi şondan gözbaş alyp gaýdýarmy?

Baglanşyk bardyr öýdemok. Meniň şeýle netijä gelmegime mundan başga yşaratlar sebäp boldy.

- Yşarat diýýäniňiz düýşmüdi? Sebäbi, öýlenmek pikiri aňyňyzda sähel görnüp giden günüň ertesi dostuňyzyň biri gelip, öz gören düýşüni gürrüň berýär. Ol düýşünde Pygamberimiziň (s.a.w) size salam aýdýanyny hem-de öýlenäýseňiz, siziň jynazaňyza barmajagyny aýdandygyny görüpdir. Şol düýş size gaty täsir edipdir. Hezreti Muhammet (s.a.w) musulmanlara öýlenmekligi buýurýar, özem şol buýruga boýun bolupdyr. Onda siz beýle düýşüň hakykatlygyna nädip göz ýetirdiňiz?

- Özümiň käbir ýörelgelerim bar. Ana, şolaram maňa ýol görkezýär. Şol ýörelgelerimiň täsirinden çykmadym. Düýş bilen amal edilmese-de, ony diňe, haýsam bolsa birini saýlamaga iteriji faktor diýip hasap etdim. Fykyha düşünşim boýunça, bir adamyň özi şühbeli zatlary iýip-içýän bolsa-da, başga birine – ikinji bir adama iýdirmäge haky ýokdur. Sebäbi, meniň aýlygym juda azdy, aýlygym diňe maňa ýetýärdi. Başga biriniň eklenji maňa kyn düşjekdi. Öz-özüm: „Ýa men ters ýollara baş goşaýarmykam? Esasy borjumy ýatdan çykaryp, dünýä imrinerinmi?“ diýip pikir etdim.

 

 

Inçeligim

- Pygamberimiziň (s.a.w) şeýle ýagdaýda kimdir birine „Öýlenme“ diýen ýeri bolupdyrmy?

-Ýok, gaýtam „Öýleniň“ diýipdir. Başga bir mesele bar, o-da meniň inçeligim. „Ýa men kimdir birine ýük bolaýarmykam?“ diýip oýlandym. „Meniň öz maşgalama ezýet bermäge hakym barmy?“ diýen pikirler ruhumy gabsap aldy. Maňa düşünmeýän adam bu zatlara aň edip bilmez. Esli wagtyň ýekeligi meni gaty duýgur adama öwrüpdir. Meniň entek öz ýakyn dostlarymyň göwnüne degen ýerim bolýar. Elbetde, bu ýalňyşlyk maňa erbet hunaba ýuwutdyrýar. Kämahallar, ýanymda çaý daşap gezip, edil hemram ýaly bolşup ýören şu egindeşlerimiň elini ogşaýasym gelýär, olardan uzur ötünýärin. „Razy boluň menden, janymy size bereýin“ diýýärin. Käwagtlar çendenaşa duýgurlygym apy-tupana öwrülýär. Şonda-da, daşymdaky adamlaryň göwnüni ynjydaýýaryn. Soňam ynjan göwünleri bejermek, seýiklemek maňa gaty kyn düşýär. Ine, şeýle aňyýet bilen hereket edýärin.

 

- Ejeňiz siziň aýagyňyzy duşaklamak isläninde: „Meniň aýaklarym „nur“ bilen duşaklanan, sizem duşak salsaňyz men gymyldap bilmerin“ diýipsiňiz. Elbetde, siziň „Özümi halka bagş etjek“ diýen maksadyňyz bolandyr, ýöne siziň şu sözleriňiziň hakyky pespällige çirk ýetirýän tarapy ýokmy?

-Näme diýsemkäm? Iman hem Kuran hyzmatynda Ussada akyl ýetirmeklik, onuň garaýyşlaryna düşünmeklik meniň üçin durmuşda iň wajyp meseledir. Türkiýe döwleti esaslandyrylanda we garaşsyzlyk üçin alnyp barlan göreşlerde ol adama ullakan jogapkärçilik ýüklenipdir. Men onuň nähili beýik adam bolandygyny düşündirip bildimmikäm? Şeýle bir adamlar bolupdyr. Olar bar durky bilen jemgyýete berilmeseler, maddy hem ruhy isleglerden ýüz öwrüp, halkyň hyzmatynda durmasalar, ýalňyşmaýan bolsam, olara käbir işleri amala aşyrmak juda kyn düşse gerek. Meniň şu garaýşym hut öz ruhy dünýäme zeper ýetirmegem mümkin. Ýöne men halkyň ruhuny gaýtadan dikeltmeklik, maşgalaň berip biljek bagtyndan has uly bagtdyr diýip ynanýaryn. Şonuň üçin, men ýokarda aýdan garaýşymdan el üzüp bilemok.

Ýürekdeş dostlarym bardy

- Siziň göreşiňiz maşgalaň ýerini dolduryp bildimi?

- Dostlarymyň, şägirtlerimiň ýanynda men özümi maşgalamyň içinde ýaly duýdum. (Şu ýerde Hojaefendiniň gözleri çygjarýar, dodaklary müňküldeýär). Allah ýalkasyn! Diýseň maňa ýakyn durýan, ýürekdeş dostlarym boldy. (Aglaýar) Allah olardan razy bolsun. Ýüregim gysan wagty, olar öýlerini, çagalaryny taşlap, meniň ýanymda boldular. Galyberse-de, adam hemişe maşgalasynyň ýanynda bolup bilmeýär-ä. Emma, meniň maksadyma gezek geleninde, beýik döwletiň küýseginde hem-de öten günleriň hijran ody bilen ýanýan – men, hemişe şu ýolda hyzmat etmek arzuwy bilen ýaşadym. Maňa „Gaty hyýalbent“ diýýänlerem bolmagy mümkin. Aziýanyň kartasynyň soňky çyzgysyna seredip görüň. On bäş ýyl öň ýanyma gelen bir dostum şol karta seredip: „Halypam dileg edýär öýdýän“ diýipdi. Iki ýyl öň şol dostum ýene bir ýola geleninde, „Halypamyň dilegleri kabul bolupdyr“ diýdi. Ine, men şeýle hyýallar bilen ýaşaýan adam. Şonuň üçinem, ol zatlar barada pikir etmäge wagtym bolmady.

Ine, meniň „Öýlenjek däl“ diýip netijä gelşimiň wakalar bilen gysgajyk beýany şulardan ybarat.

 

-Käbir şahsyýetlerde was-wasalyk döwri bolup geçýär. Özüm-ä muňa „Päklenme döwri“ diýip at berdim. Siziň durmuşyňyzda-da şeýle döwürler bolup geçdimi?

- Hawa, ömrümde iki gezek juda erbet was-wasa sezewar boldum. Birinjisi: Edirnede ýaňy ýaşap başlan döwürlerimde. Içinde köp ýerde darwinizmden gürrüň açýan bir türk ýazyjysynyň romanyny okapdym. Dogrusyny aýtmaly bolsa, darwinizm maňa nätanyş däldi. Emma, romandaky pikirler juda ussatlyk bilen beýan edilýärdi. Şonuň üçinem, darwinizm bilen baglanyşykly käbir was-wasalar ruhumy alazenzele edipdi. Darwinizmiň hem dogry ýeri bar bolaýmasyn diýip oýurgandym. Hamdi Ýazar ýaly tefsirçileriň bu nazaryýete ýumşak daramagy we Hüseýini Jisri ýaly alymlaryň: „ Bu bir nazaryýetdir. Eger ylmy taýdan subut edilse, aýatlar bilen düşündiriş bereris“ diýen hörpdäki sözleri jegebämi darykdyrýardy. Soň beýle nazaryýetler bilen hasam içgin gyzyklanyp başladym. Olar meniň ynanjyma asla çirk ýetirip bilmediler. Namazymy okaýardym, dini inçeligimi iň ýönekeý meselelerde hem saklaýardym. Şonda-da, içimi bir gurt irginsiz gemrip durdy. Erbet birahat boldum. Ahyry, Allatagalanyň daldasy arkaly soňy gowulyk bilen gutardy.

Howsala

Ikinjisi, anyk nämädigini aýdyp biljek däl, örän mukaddes dogmatlara nädogry garaýyş bilen seretmeklik ýaly görnüşdäki was-wasadyr. Beýle was-wasa harby gullukdakam sezewar boldum. Bu was-wasa ynanjyň esaslary barada däldi. Ýöne şol waswasa meni diýseň aljyratdy. Dini kitaplardaky waswasa bilen baglanyşykly aýdylýan zatlary bileniňde-de, peýdasy ýokdy. Aňymda şeýle bir şübheler döreýärdi. Mysal üçin, namaz okajak bolanymda, derrew şol mukaddes dogmatlara bolan ýalňyş pikir ruhumy büreýärdi. Edil namazdan gaçaýasyň gelýär. Bolmanda, aňyma hem-de wyždanyma ýolugan şol pisint düşünjelerden bir gutulaýyn diýýärdim. Näme bolsa-da, dilegimi goýmadym. Gije-gündiz şeýle ýagdaýdan gutarmagy üçin beýik Allaha ýalbardym, dileg etdim. Bir döwür boldy, özümi şoka urduraýsammykam diýdim. Geçmişden üzülip, ähli garaýyşdyr-pikirleri başdan öwrenip başlasym gelýärdi. Ol derdiň azaryny diňe özüm çekmeli boldum. Ýüregimdäkini hiç kimiň ýanynda dökübem bilmedim. Şeýle ahwalat alty aýlap diýen ýaly dowam etdi. Iskenderundadym.

Beýik Biribaryň rehmeti meni şol ikinji was-wasadan gutardy. Şeýtan birki ýola synanyşdy, şol garaýyşlary aňyma suňşurjak boldy. Güldüm-de: „ Biderek arrygyňy gynama, gapy içinden temmelenendir“ diýdim.

Şol wagtlar wagzam edýärdim. Sebäbi, waswasalarymyň iman esaslaryna dahylly ýeri ýokdy. Şu mesele maňa güzap baryny berdi. Gapyrgam döwlüp awunan döwürlerimde-de beýle ejir çeken däldirin. Ine, muňa howsala diýilýär.

 

- Şol was-wasalaryň size gowy tarapdan täsirleri boldumy?

- Gowy tarapdan täsiri şeýle: Iman üçin her hili kynçylyga döz gelmeli boldy. Yhlas edildi, azap çekildi. Muny arkaýyn aýtsa bolar. Ikinji was-wasa wagty, Allatagala çyn ýürekden ynanmaýan bolsadym, namazy hem okamagy bes edip bilerdim.

Ýene bir mesele bolsa, ol wagt gaýratym çatan bolsady, galamy elime alyp, darwinizmiň barça delilsiz taraplaryny görkezip eser ýazardym. Şonda-da, has soňraklar bu barada wagyz hem etdim. Konferensiýalarda şu meseläni köpçülige düşündirmäge çalyşdym.

Belkem, ol wagtlar birinji bolup biz şeýtjek bolandyrys. Soň-soňlar ol mesele barada sanardan köp eser ýazyldy. Men häzirki günde-de ol mesele bilen baglanşykly maglumatlary köpçülige ýetirmekligiň tarapdary. Ýaradylyşyň gönüden-göni Allaha eltýän delilleri bilen üstüni ýetirip düşündirmeli. Ters garaýyşlaryň ara girmegine ýol bermeli däl.

Oýlanyp görüň. Şeýle was-wasa sezewar bolup, ömrürboýy namazyny goýmadyk adama ýeke wagt namazy gsypdyrmaklyk dünýäniň iň uly jebrine barabardyr. Ine, şular ýaly adam was-wasa sebäpli namazy goýsa, nähili bolar?! Men dünýäde mundan beter aýylganç bir belany ýa-da pajygaly wakany göz öňüne getirip bilemok.

Owalbaşdan sarsmaz ynanç bilen taba gelinmese, mundan has erbet ýagdaýa-da uçralyp bilner. Ylaýta-da, ol adam ýaş ýigit bolaýsa, onuň ruhy dünýäsini „bolsadylar“ doldurar. Jelal Nuri, Tewfik Fikret ýaly adamlar şeýdip dünýeden ötdüler. Fikret uly ýaşda was-wasa, şübhelere sezewar bolýar. Käbirleri oňa kemakylrak diýýärler. Ýöne Beşir Fuad hem däliräpdir. Sebäbi, dine ynanýan adam zalalata baş goşansoň, aňsat-aňsat asuda ýaşap bilmese gerek. Şeýle haldaky adamlar juda köp. Taranjy, Orhan Weli dagy köp içip, şol manysyzlyklary ýatdan çykarjak bolupdyrlar. Olary imansyzlyk, ynançsyzlyk heläkläpdir. Ussat hem bu bolýanlary görüpdir, duýupdyr, şeýdibem eser ýazypdyr. Sebäbi özgeden eşitmek hiç haçan gözüň bilen gören ýaly bolmaýar.

Was-wasa iterjek meseleleriň döremezligi üçin, beýniň mazaly arçalmalydyr diýip pikir edýärin. Has oňady, başdan was-wasa döremese gowy. Ýa bolmasa, dörän badyna onuň ýoguna ýanmaly. Adamlara şeýtmelidigini düşündirmeli. Iman – köre-kör ynanmak diýmek däl. Ýöne iman edeniňden soň, was-wasa bilen göreşmäge taýýar bolmalydygyny bilmeli. Adamlar ynanja ters gelýän düşünjelere „Bolup bilmegi mümkin“ diýip asla ýanaşmaly däldir. Her bir adam muny anyk bilmeli. Şu örän wajyp meseledir.

Mendäki was-wasalaryň bary öçüp gitdi. Kynçylygy – gören biler diýenleri-dä. Sebäbi, ol was-wasalaryň garşysyna näme diýseňem, kär edenok. Ýedi kelleli aždarha ýaly bir zat. Bir kellesini çapyp aýranyň bilen bolanok, beýlekiler üstüňe topulýar. Men gutulmak üçin haýsy doga-dilegleri okanym edil şu wagt ýadyma düşenok. Beýik Ýaradan dadyma ýetişdi. Şol wagtky halymy, edil häzir söz bilen beýan edip bilmerin. Özümi golum-ganatym gyrlan ýaly duýýardym.

Ymam Gazalam, Ussat hezretlerem şeýle ruhy ahwalatlary başdan geçiripdirler. Ýöne olar ýaşyrypdyrlar. Nejip Fazylyň „Howsala“ diýýänem şol ýagdaýdyr. Dyzmaç adamlarda azda-kände şeýle ahwalatlar bolmagy mümkin. Öňküler beýle adama: „Her ýana öwsüp duran“ diýer ekenler. Ol adamlar daş-töweregiň, döwrüň ýa-da jemgyýetde eýeleýän ornunyň täsiri bilen, beýle ruhy ahwalatlara sezewar bolýarlar. Her döwrüň özüne mahsus şübhesi, was-wasasy bolýar. Adamyň ruhy-ahlak ýagdaýy hem-de ruhy derejesine görä başyna gelýän kynçylyklaram dürli-dürli bolýar.

Une, was-wasa sataşyp, bolmanda şu zatlara-ha göz ýetirdim. Eger-de şu zatlara „Täsir“ diýip bolsa, şu zeýilli täsirler bolandyr.

 

- Harby gullugy haçan hem nirede berjaý etdiňiz? Ýatlamalaryňyz hökman bardyr. Duýgy hem pikirleriňiz bilen utgaşyklykda gürrüň beräýseňiz?

- Garajagaçdan otla mündüm. Ugratmaga gelenleriň arasynda Ýaşar hoja, Salim Aryjy, Hüseýin Top, Ysmaýyl Gönülalan we beýleki dostlarym bardy. Salim Aryjy Üç Şerepeli mesjidiniň baş ymamydy. Maňa bir gülebent uzatdy. Içinde çörek, aňry-bäri bardy. Şol ýaglygy köp ýyllap ýygnap sakladym.

Sebäbi, ol adamdan beýle zada garaşamokdym. Ol maňa: „Gullukdan soňam Edirnä gel, bile işlärisem“ diýipdi. Geň galyp, näme diýjegimem bilmedim. Şol güne çenli ol maňa her wagt gaşyny çytyp serederdi. Iki ýarym ýylyň dowamynda maňa ýekeje gezegem ak ýürekden isläp hutba berdirmedi. Ine, gidip barýan wagtym ony şeýle mähirli görmek meni, hakykatdanam, begendirdi. Şol gün Ýaşar molla hem gynanyp, hapa boldy. Ol gaty duýgur hem inçe adamdy.

Ol wagtlar Ystambula otly bilen gidilýärdi. Edirne bilen çensiz höwrügipdirin. Erzurumdan gaýdanymda nähili örtenen bolsam, Edirneden gaýdanymda-da, şolar ýaly örtendim.

 

Ankara Mamak

Ankara baranymda, Salyh Özjany gözläp tapdym. 5-6 günläp gulluga barman gezdim. Onuň ýanynda bolup gaýdýardym. Aýralyk meniň ýüregimi elendirýän wagty, Salyh Özjan bilen duşuşmagym maňa ullakan teselli berdi.

Harby gulluga baranymda noýabryň 10-ymyka diýýärin. Mehmet Mutly şol wagtlar uly leýtenantdy. Ol podpolkownik harby derejesi bilenem pensiýa çykypdy. Mehmet Mutly biziň rota serkerdämiz Ýylmaz beý bilen harby mekdepde bile okapdyr. Ol meni rota serkerdäme tabşyrdy. Men dolandyryş bölümiň başlygy Reşad Taýlana Edirnedäki ýakyn garyndaşlarynyň birinden salam getiripdim. Garyndaşlary oňa menden badam majumyny hem iberipdiler. Şeýlelikde, beýik Biribaryň kömegi bilen, goldaw tapyndym.

Mamak diýilýän ýer juda geň ýer. 1-nji batalýonyň 1-nji söweşjeň rotasynda boldum. Menden iki ýaş uly doganoglanym hem şu ýerde gulluk edipdir.

Bir gün harby tälim geçip ýörüs. Rota serkerdäm meni ýanyna çagyryp: „Molla sen bolýaňmy?“ diýdi. „Hawa“ diýdim. Gülüm-ýalym edip: „Öýdäki ýoňlapdyr welin, getireýin, oňa bir zatlar okap goýber“ diýdi. Menem: „Meniň olar ýaly zatlardan başyp çykanok. Eger siz okalanda gowy bolaryna ynanýan bolsaňyz, özüňiz okasaňyz has täsirli bolaýmasa“ diýdim. Asyl ol meni synap görjek bolýan eken. Menem ynanjymyň muzduny aldym. Rota serkerdämden azda-kände goldaw gördüm. Ol ýeňil bolsun diýip, meni aragatnaşykçy edip belledi. Elbetde, tälim görmeli bolany üçin, dört aýlap ol ýerde bolmaly bolduk. Ankarada bolan ýyllarym meniň üçin iň bir agyr günleriň biri boldy.

 




Поиск по сайту:

©2015-2020 studopedya.ru Все права принадлежат авторам размещенных материалов.