Помощничек
Главная | Обратная связь


Археология
Архитектура
Астрономия
Аудит
Биология
Ботаника
Бухгалтерский учёт
Войное дело
Генетика
География
Геология
Дизайн
Искусство
История
Кино
Кулинария
Культура
Литература
Математика
Медицина
Металлургия
Мифология
Музыка
Психология
Религия
Спорт
Строительство
Техника
Транспорт
Туризм
Усадьба
Физика
Фотография
Химия
Экология
Электричество
Электроника
Энергетика

Yslam Anadola Ahlatdan baryp girdi 1 страница



Ahlat – Türk yslam taryhynyň başlangyç nokady. Bu ýeri gündogardan içki Anadola hem-de günbatara geçmek üçin, göýä, köpri bolup dur. Umumy geçelgäniň üstünde ýerleşmegi hem-de mawy gözi ýadyňa salýan Wan kölüniň üstünde gara gaş ýaly bolup durmagy Ahlata aýratyn bir gözellik berýär. Şol sebäpden hem ululy-kiçili nijeme döwletler şeýle dilbere eýe bolmak üçin söweşipdirler. Ahlat dürli döwletleriň golastynda bolupdyr. Haçan-da musulmanlaryň eýeçiligine geçeninde, Ahlat gülläp ösüpdir. Häzirki günde Ahlatyň gujagynda musulman türk taryhy hem şol taryhyň simwoly hökmünde – taryhy ýadygärlikleri, edil şatlyk uçguny ýaly bolup ýaldyrap durandyr. Wan kölüniň özüne çekiji owadanlygy Ahlat bilen hasam rowaýatlaşýar. Ahlata birinji gezek aýak basan her kişi özüni janly bir rowaýata aralaşandyryn öýdýär.

Ahlatda wagtyň diňe bir bölegi hökmürowandyr. Olam – geçmiş. Ol ýerdäki bolan durmuşda ýaşap bolmaýar, diňe ony ýatlap bolýar. Ahlat özüniň geçmişdäki döreýşini edil namysy ýaly gorap saklapdyr. Hiç hili täzeçillik onuň uçursyz nowjuwanlygyna el gatyp bilmändir.

Ol özüniň şeýle bolşy hem-de derejesi bilen hemişe gözeldir, özüne imrindirijidir. Şuny çekinmän aýtsa bolar, Ystambuly topy-tüpeňi bilen, güýç-gaýraty bilen basyp alan – esgerdir. Ol esgere ýolbaşçylyk eden hem Fatyhdyr. Emma, Ystambula dem salan we ony osmanly şäherleriniň birine öwren, has dogrusy, Ystambuly Wizantiýa medeniýetiniň elinden halas edip yslamlaşdyran, türkleşdiren – Ahlatdyr. Sebäbi, yslam bütin Anadola bolşy ýaly, Ystambula hem şol gapydan giripdir. Şol ýerden geçen ähli türk boýlarynyň tutuş süňňüne çenli yslam medeniýeti ornapdyr.

Ahlat geografiki ýerleşiş taýdan hem beýleki gündogar sebitlerinden tapawutlanýar. Ol – kölüň adam ýüregine dirilik eçilýän iň bir üýtgeşik ýerinde ýerleşýär. Şeýle tebigy şert Ahlat halkyna çensiz täsir edipdir. Ahlatlylar ol ýer bilen şeýle ysnyşypdyrlar welin, gagal hem-de dyzmaç gündogar adamsy bilen deňeşdireniňde, olar Kuranyň Inşirah süresini ýadyňa salýar. Maksada okgunlylyk Ahlatly adamyň tapawutly häsiýetidir.

Ahlatda ýeňşiň öçmejek yzlary bardyr. Ine, her döwrüň nurana adamlaryny özüne çeken hem-de olary dünýä jennetinde birsalym myhman alyp, ebedi jennete sary gönükdiren – şol yzlardyr. Saltyklary, oguzlary Ahlata elten şol güýçdür. Ýöne, Ahlaty biz üçin ölmez-ýitmez bir diýara öwrüp, oňa mähir eçilmäge bizi mejbur eden aýratynlyk bolsa, onuň ýerine ýetirýän, maddylygyň daşynda bolan wezipesidir. Şonuň üçin hem „Ruhy äleme degişli şäher“ diýip Bursadan öň Ahlat aýdylmalydyr.

Esasan, Bitlis sebitleri büs-bütin şeýledir. Emewi we Abbasy zulmundan gaçyp, Arap ýarym adasyny taşlap gaýdan ähli beýt (Muhammet pygamberiň nesli) hem-de olaryň ýaranlary, esasan, Bitlis sebitlerine gelip düşläpdirler.

Adamzat taryhynda bolan iň elhenç pajygalaryň biri – Allah Resulynyň jigerbentlerine edilen aýylganç zulum hem ezýetlerdir. Emewi hem-de Abbasy zulmy, „Beşeriýetiň ýüzüniň tuwagy“ diýip boljak Patma nesliniň şeýle saýlama ogullarynyň üstüne edil gara bulut ýaly bolup çöküpdir. Ol päk nesliň bir agzasy bolmaklyk aňyrda dursun, olary daşyndan eý görmeklik hem, şol döwrüň gazabyna duçar bolmaklyga ýeterlik sebäp bolupdyr. Hatda hutbelerde ähli beýte ýaman söz aýtmaklyk ybadat saýylypdyr. Adamlara sütem etmek, başgaça aýdanyňda – terrorizm döwletiň baýdagyna öwrülen bir zamanasynda hem diýarynda göz öňüne getirip bolmajak wagşylyklar, şol döwrüň päk, artykmaç adamlaryny şeýle horlapdyr welin, olar pygly ýaman adamlaryň ýanynda ýaşanyndan, dag gaýalarynda we beýik depelerde ýaşanyny ýeg görüpdirler. Şäherden daşlaşdygyça, olaryň ýaşamaga mümkinçiligi artypdyr. Şol sebäpden, olar mümkin boldugyça has uzaga gitmäge çalşypdyrlar. Ýöne, Anadolynyň beýleki ýerlerine gitmän, gel-gel Bitlisi hem onuň töweregini saýlap almaklary diýseň oýlandyryjydyr.

- Eşdişimize görä, ata-babaňyz Erzuruma Ahlatdan gelipdirler. Ahlat taryhy ýerdir. Ol ençeme asyrlap, Anadola girýän türkleriň düşelge ýeri bolupdyr. Şol tarapdan seredeniňde, seljuk hem-de osman döwletlerine hem ilkibaşda ol ýer gujak açypdyr. Şeýle taryhy wezipesi babatynda Ahlat barada näme aýdyp bolar?

Bitlis sebtiniň saýlanyp alynmagy ykbalyň täsin şöhlelenmesidir. Geýlanylar hem-de beýleki tarykat şahalary, seljuklar Anadola gelip ýerleşeninden soň döräpdir. Aý-ýyl aýlanyp, köne Wizantiýa döwleti ýykylypdyr. Bir ýandan bolsa Emewi hem-de Abbasy döwletleri olara howp salmandyr. Şeýlelikde, seýýidler nesli, ady belli tarykatlaryň içinde hem gursagynda güller mysaly açylyp başlapdyrlar.

Ine, Bitlise şu jähtden seretmelidir. Ol ýerlere häzirki döwürde-de kynlyk bilen baryp bolýar. Ussat Bediuzzamanyň şolar ýaly çet ýerde dünýä gelmegine, başgaça aýdanyňda seýýid nesliniň gözbaşdan aýrylyp ol jelegaýlary ýurt tutunmagyna asla parhsyz garap bolmaz. Hizan hem Nurs diýlip atlandyrylýan obalara tomus aýlarynda-da barmak hyllalla. Seýýid nesli mümkingadar uzaga gaçyp, görer gözden gizlenipdirler we şol ýerde özleriniň ruhy gorlaryny kemala getiripdirler.

Başga tarapdan seretmeli bolsa, hijri 5-nji hem 6-njy asyrlarda halklar köpçülik bolup yslam dinini kabul edipdirler. Olar edep-ekram, ahlak hem medeniýet babatda yslam ýol-ýörelgesine heniz doly eýerip bilmändirler. Şol sebäpden, seljuklara, saltyklara, karamanlara hem-de Anadola ýerleşen ähli oguz boýlaryna bu meselede goldaw gerek bolupdyr. Yslam ýolunda amala aşyryljak ýörişleriň hemişe öz güýjüni saklamagy üçin, yslam ýol-ýörelgesiniň halklaryň aňyna guýulmagy örän wajyp mesele bolup durupdyr.

Seýýidler hem-de olaryň ýaranlary hemişe-de dine ýakyn adamlar bolupdyrlar. Olaryň baryp düşen ýeri, göýä diýersiň, duşuşyklar diýaryna öwrülipdir. Başgaça aýdanyňda, döwletiň esasy güýjüni düzýän türk boýlary bilen yslam dinini bolmalysy ýaly ile ýetirýän seýýidler bileleşip, bir umman emele getiripdirler. Häzirki wagtda, ol bileleşigiň tebigy nyşany – Wan kölüdir.

Ýokarda agzalýan iki ummanyň birleşmegi türk taryhçylary üçin örän ähmiýetli wakadyr. Mysal üçin, taryhçy Fuad Köprüli Ýakyn gündogarda hem Uzakgündogarda türkleriň döreýşi hakda gürrüň bereninde, haýsydyr bir ruhy şahsyýetleriň hemişe olaryň öňüne düşendigini nygtap geçýär.

Anadoluda türk boýlarynyň berjaý etmeli nijeme wezipeleri bolupdyr. Şeýle diýsek, lap etdigimiz bolmaz: türk boýlarynyň taryhdaky döreýişlerine syn edeniňde, olaryň yslam bilen täzeden dünýä gelmesi, yslamyň iň ýakyn hossary hasaplanýan ähli beýt bilen amala aşandyr. Bu prosese „şinelemek“ diýip at bersegem bolar. Bitlis, esasan, Ahlat özüniň belent dagyny hem-de jülgelerini ähli beýtiň duşmanlaryna garşy ýarag hökmünde ulanypdyr. Ol ýer zulumdan gaçana ýa-da yslam dini bilen bir jan-bir ten bolan ruhy şahsyýetlere öz gujagyny giňden açypdyr we olary gorag astyna alypdyr. Bitlis hem onuň sebitleri şeýle bir çuň mana eýe topraklardyr welin, Anadolyny nurly ýola tarap gönükdiren ähli beýik şahsyýetler ol ýerde önüp-ösüpdirler, kemala gelip, örňäp-köpelipdirler.

Saltyklar Ahlatda köp wagtlap bolup, soň Hasangala gelip düşleýärler. Bu-da täsin. Şu tarapdan seretseň, Bitlis bilen Ahlata „ikinji gaçybatalga ýeri “ diýip bolýar. Ol yslamyň hyzmatkärleriniň gorag galasyna öwrülip, öz wezipesini birkemsiz berjaý edipdir.

Bitlisi çuňňur öwrenen ýagdaýymyzda, onuň gadymy ýadygärliklere nähili baýdygyna göz ýetirýäris. Daglaryň arasynda busup oturan ol çaklaňja şäher, özünde saklaýan taryhy gymmatlyklary babatynda, Günbataryň paýtagty bolan nijeme uly şäherler bilen des-deňdir.

Dürli döwürlerde yslam medeniýetiniň hem siwilizasiýasynyň ösmeginde goşandy bolany üçin, bu ýeriň özüne görä aýratyn gymmaty bardyr. Galyberse-de, Ahlat yslamlaşansoň, öz ähmiýetine eýe bolupdyr we Allatagalanyň onuň gursagyna salan tohumlaryny ösdürip-ýetişdirmäge imrinipdir.

Ahlat hakda aýdyp boljak ýene bir ähmiýetli zat şudur: Gündogarda Malazgirt başlangyç, ilkinji ädim hasaplanýar. Seljuklar Malazgirdi basyp alanlaryndan soň, türkleriň ýurdy bolan Anadolynyň üstüne ençeme ýyllap çapawulçylyk eden wizantiýalylaryň almytyny berýärler. Günorta-gündogardan gaýdan türk boýlary üçin hem Ahlat, edil şonuň ýalydyr. Ahlat – gündogardan Anadola açylan gapydyr hem-de Gündogardan has köp Anadolyňky hasaplanmaly. Aýdýanlarymyzyň bary diňe geografiki ýerleşiş taýdan şeýle. Elbetde, Gündogaram, Günbataram – bar ýerem biziň Watanymyzdyr, ol biziň üçin bitewidir.

 

- Ata-babalaryňyzyň şeýle ýeri taşlap, Erzuruma gaýtmagynyň sebäbi näme?

- Biziň aňrymyz, ar-namysyna çirk ýetiren adama ýarag bilen gaýtawul beripdir. Halil atamyň (atamyň atasynyň kakasy) aýal doganyny alyp gaçýarlar. Atyşykda olardan bir adam wepat bolýar. Şeýlelikde, dawany döwlet çözmeli bolýar. Halil atama onçakly günä ýöňkelmese-de, sürgün edilmeli bolýar. Ilki başda Hasangala, soň bolsa Korujyk obasyna baryp ýerleşýärler.

Halil atam hemişe Ahlada gaýdyp bararyn diýen umyt bilen ýaşapdyr. Şonuň üçinem, Ahlatdaky esasy baýlygyna el degirmändir, diňe ýany bilen alyp bolaýjak zatlaryny alyp, sürgün edilen ýerine – Hasangala, ol ýerdenem Korujyga gidipdir. Ýöne, olaryň hijisine-de gaýdyp Ahlada dolanyp barmaklyk nesip etmändir.

Halil atamyň çagalary aňyrda getirilmän galan emläkleri segsen müň altyna satýarlar hem-de öz aralarynda paýlaşýarlar.

Korujyk häzirem 70-80 öýli obadyr. Olaryň, bolmanda, ellisi biziň ilen-çalanymyzdyr. Häzirki gün obamyz idegsiz. Birwagtky gül-pürçek hem-de ýap-ýaşyl obamyzdan nam-nyşan galmandyr. Topragynda jaýlanan merhumlaryň mazarlaryny hasap etmeseň, birmahal obamyzyň süňňünde bar bolan ruhy päklik hem iman baýlygy galmadymyka diýýärin.

 

- Ataňyz barada näme aýdyp bilersiňiz? Olaryň ömri barada gürrüň beräýiň!

- Halil atamyň ogly Hurşid Aganyň iki ogly bolupdyr. Olaryň biri Süleýman, beýlekisi bolsa Molla Ahmet. Molla Ahmet bolsa meniň atamyň kakasydyr. Ylmy hem takwalygy bilen beýlekilerden saýlanan, dygysyz gowy adam bolupdyr. Ömrüniň soňky 30 ýylynda aýagyny uzadyp ýatmandyr. Has dogrusy, arkasy düşege degmändir. Aýtmaklaryna görä, kämahal uky basanynda, ol elini maňlaýyna diräp birsalym ymyzganar eken. Ine, onuň bar ukysy. Galan wagtyny bolsa diňe zähmet çekip we ybadat edip geçiripdir. Pälwansypat, uzyn boýly, epeý bir adam bolupdyr. Daýaw göwresiniň ýany bilen onuň edil şonuň ýaly gujurly ruhy dünýäsem bolanmyş. Riýazaty ömrüniň ahyryna çenli goýmandyr. Ony gören adamlar „Günde birki zeýtun bilen oňňut ederdi“ diýip aýdýarlar.

Onuň zühd-takwasyny bilmeýän ýok eken. Sebäbi, ol özüniň tutuş ömrüni din ýoluna bagş edipdir. Ýene-de bir aýtmaly zat bar, olar kakalaryndan galan mirasy iki dogan bolup bölüşenlerinde, altynlary jamlap paýlaşypdyrlar. Ýekeme-ýeke sanap durmak kän wagt alýar diýip, şeýdipdirler. Şol döwürlerde olaryň bu zeýilli miras bölüşigini eşitmedik galmandyr.

Süleýman hemişe dünýä bilen aýakdaş gidipdir. Günsaýyn baýlygyny köpeldip, söwda edipdir. Işi ugruna-da bolupdyr. Onuň agtyk-çowluklaram şol ýana ýykgyn edipdirler. Molla Ahmet bolsa lükgeligi bilen dünýewilikden örküni üzen adam. Daýhançylyk edipdir, köp okapdyr we köp ybadat etmekligi durmuşynyň maksadyna öwrüpdir.

Kakam atasynyň bu bolşuny ötegeçme saýyp, nägilelik bildirýärdi. Sebäbi, onuň pikiriçe, atasy çagalarynyň dini terbiýe almagyna edil özüniň din ýörelgelerini berk berjaý edişi ýaly ähmiýet bermändir. Kakam öz atasyny görendir diýip oýlamok. Ýalňyşmaýan bolsam, olam atasyny daş gulakdan tanaýan bolmaly.

Şamil babamyň kakasyna çalym edýän häsiýetleri bardy. Olam dindardy. Iň ýowuz günlerde-de sellesiz gezenini görmedim. Sellesini Osman Gazy hezretleriňki ýaly daňynardy. Özem diýseň agras adamdy. Ýylgyranyny gördümmikäm diýýän, doly ýatlap bilemok. Emma, gülenini welin göremok. Onuň şeýle agraslygy hem-de edenliligi oba halkynyň sussuny basardy. Tutuş oba ondan eýmenerdi, şol bir wagtyň özünde ony hormatlaýardylaram.

Babam hakyky ulama adamlara çaksyz hormat goýardy. Ýöne bir döwür boldy, şyhlar halkyň ynamyndan gaçdylar. Babam beýleki adamlar bilen deňine iýip-içýän şyhlary halamazdy. Ýöne olaryň aglabasyna pitiwa-da etmezdi. Ol hakyky öwlüýä diýip öz kakasy Molla Ahmedi saýýardy. Molla Ahmet diýilýän adam, juda az iýip-içer eken, hiç kimden sowgat almaýar eken, ertir daň atýança namaz okaýar eken, ýekeje zeýtun bilen oňňut edip, köplenç agzy bekli bolýar eken. Ine, babamyň hyýalyndaky öwlüýä adamsynyň keşbi şular ýalyrak bolmalydy.

Ol şu keşpden daşdakylary şyh hasap etmän, gaýtam, olara „Bular şyh däl-de, ýalmawuzlaryň topary“ diýer eken.

Onuň öz tanyş-bilişleriniň arasynda-da syny oturýany bar eken. Mysal üçin, Korujyk obasynda otuz-kyrk ýyllap ymam bolan, seýid neslinden bolmagam ahmal, Mehmed diýilýän bir adam şolaryň biri. Babam ol adam barada şeýle wakany hem gürrüň beripdi: „Jahan urşundan öň, erbet ýer yranypdyr. Obada ýykylmadyk jaý galmandyr. Bar kişi meýdanda ýatyp, öýlerine-de giribilmändirler. Gyşam gelip ýetipdir, garam aýak aldygyna ýagypdyr. Bir gün menem alaňçylyga gidip barýardym. Ýolda Mehmet aga bilen pete-pet geldim. Maňa: „Şamil aga! Nirä barýaň?“ diýip sorady. „Ýatmaga“ diýip jogap berdim. „Bar-da, öýüňde ýat! Ýeke daş gaçaýsa, al-da getirip, meniň depäme ber“ diýdi. „Mollam, ol näme üçin?“ diýip soradym. Maňa şeýle diýdi: „Bu gije şu oba älemleriň serweri (s.a.w) geldi. Yzynda bolsa dört çaryýarlar bardy. Hezreti Alynyň elinde bolsa bir gazyk bardy. Men şobada ylgap olaryň ýanyna bardym. Muhammet pygamber (s.a.w) maňa tarap öwrülip: „Molla Muhammet! Bu oba seniň obaňmy?“ diýip sorady. Menem: „Hawa, ýa Resulallah! Meniňkidir.“ diýdim. Şondan soň Muhammet pygamber hezreti Ala bakan ýüzüni öwürdi-de: „Ýa Aly! Bu oba-da bir gazyk kak! Goý, şu oba gaýdyp yranmasyn!“ diýdi. Ol hem elindäki gazyklarynyň birini ýere kakdy.”

Babam şu wakany köp gezekler gürrüň beripdi. Her gezegem: „Ine, aň-düşünjeli, halatly ýeke-täk adam bardy. Olam Mehmet agadyr“ diýerdi.

Başgaça aýdanyňda, babam Mehmet agadan özge adamlara halatly däldir diýenokdy. Ol öz kakasynda gören, hakyky halatly adamda bolmaly küý-häsiýeti özge adamlarda görmänsoň ýa-da kakasynyň ýeten derejesine barana duşmansoň, şyh-molla adamlara bolan ynamy birneme gowzapdyr.

Babam, kakamyň derejesinde goýmasa-da, Wehbi aga hem alkyş aýdardy. Bolmanda, beýlekilere aýdýan ýokardaky sözleri bilen Wehbi agany ýepbeklemezdi.

Şamil babam ermenileri hem ruslary çakdanaşa duşman okunýardy. Barça orslary hem-de ermenileri dograsaňam, onuň gazaby köşeşjekden däldi. Göräýmäge, doňýürek ýalydy. Gülenini gören bolmandyr, aglanynam görmändirler. Men bir gezek aglanyny gördüm:

kakam Alwar obasyna ymam bellenensoň, maşgala bolup bizem ýany bilen gitdik. Men sekiz-dokuz ýaşymdadym. Aradan bir hepde ýaly wagt geçip-geçmänkä, kakam meni oba iberdi. „Bar, biziň salmamymyzdaky kädilerden alyp gaýt. Öýümiziň öňüne ekeli“ diýdi. Guş bolup uçaýjak boldum. Begenmek begendim. Salmada babamy gördüm. Olam meni gördi. Ýanyma geldi. Meni bagryna basdy. Soň bolsa horkuldap aglap başlady. Maňa onuň aglaýşy dagyň lerzana gelşi ýaly bolup göründi. Geň galdym. Diýmek, Şamil babam hem aglaýan eken. Aýňalamsoň, menem aglap ugradym. Şol pursat babamyň dahanyndan dökülýän şeýle setirler hemişelik ýadymda galdy. Hem-ä aglaýardy, hemem:

- Gitdi gül, gitdi bilbil,

Isle agla, isle gül- diýýärdi.

Babam, ha maňa bolsun, ha beýleki agtyklaryna, bizi söýýändigini bildirmejek bolardy. Diýmek, özüni elden bermejek bolup şunça urunsa-da, halys eňkamy gaçansoň, meni gujaklap aglan bolmaga çemeli. Ol agras adamdy. Şonuň üçinem, onuň güler ýüzüni görmeklik biziň üçin ullakan bagtdy. Käwagtlar bizi urýardam. Kakama-da el galdyran ýeri bolupdy. Muňa garamazdan, meni beýleki agtyklaryndan has artygrak söýýänini bilýärdim. Sebäbi, meni iki-üç gezek dagyn sähelçe söýgüläpdi. Şeýlelik bilen, onuň maňa bolan aýratyn mähri, meni onuň bilen şeýle bir bitewileşdiripdi welin, babamsyz dünýäni göz öňüne-de getirip bilemokdym. Ol meniň üçin, sylanmaly beýik ynsandy.

Şamil babam bilen baglanşykly bir ýatlamam şeýleräk:

1968-nji ýylda Kestane Bazary diýilýän ýerdedim. Haja gidibilmezlik, Rawzaýy Tahiräge (Pygamberimiziň (s.a.w) guburynyň ýeri) ýüzüňi degrip bilmezlik meniň üçin hasratlaryň iň elhenjidi. Şol güne deňeç, haja gidýänleri görüp, olaryň yzyndan delmuryp galardym, käbir gezeginde bolsa, tanaýanlarymyň eline bir kagyz gysdyryp „Muny Pygamberimiziň (s.a.w) guburynyň ýerleşýän kümmetiniň içine oklaň“ diýerdim. Sebäbi, halys göresim gelip, ýüregim suw bolupdy. Harajatym ýetik bolmany üçin, gidibilemokdym. Gursagymdaky hasrat, ot mysaly, hasam tutaşýardy. Käwagtlar ýüregim durarmyka-da diýýärdim. Gussamy birki setire sygdyryp, göýä, Allah Resuly diri gezip ýören ýaly, oňa hat iberýärdim. Oňa hat ýazsam, belkem, ol bir sebäp bilen meni huzuryna elter diýip umyt edýärdim.

Şol ýyl, edil häzir adyny doly ýatlap bilemok, okuwçylarymyň biri (çakym çak bolsa, Ybraýym Çalyşkan bolmaly) maňa: „Mugallym! Haja gitmäge hyýallanaňzokmy?“ diýdi. Ýarama şeýle bir duz basdy welin, asyl çydar ýaly däl. „Men kim, ol ýerleri nire?“ diýdim-de, aglap, otagdan çykyp gitdim. Müdiriň otagynda kellämi stoluň erňegine diräp oturdym. Duýgularym gözýaşa öwrülip, stoluň üstündäki aýna akdy durdy. Onsoňam, aýnanyň aşagynda Rawzaýy Tahirä degişli dürli suratlar bardy. Menem gönüden-göni içimi oňa dökýärdim.

Aradan näçe sagat geçenini bilemok. Bar bilýän zadym, gözýaşymyň hiç diňerli ýerde diňmeýşidi. Men şeýle melul halda otyrkam, gapydan işgärleriň biri girdi-de: „Mugallym! Size jaň edýärler!“ diýdi. „Kim?“ diýip soradym. „Ýalňyşmaýan bolsam, Lütfi Dogan öýdýän“ diýip jogap berdi. Lütfi Dogan diýilýän adam ol wagtlar döwletiň Din işleri guramasynyň başlygynyň orunbasarydy. Wagtlaýyn başlygyň wezipesini ýerine ýetirýärdi. Zöwwe ýerimden turup, eňdim. Dogrudanam, Lütfi Dogan eken. Ol süýji hem ýumşak sözi bilen maňa ýüzlenip, şeýle diýdi: „Işdeşler bilen maslahatlaşdyk. Şu ýyl hajylaryň ýagdaýyna gözegçilik etmek maksady bilen Din guramasynyň adyndan üç adamy haja iberýäris. Biri Deňizliniň müftüsi Ybraýym Degirmenji, ikinjisi Eskişehir müftüsi Ahmet Baltajy, üçünjisem siz.“

Şol ýyl Din işler guramasynyň ýolbaşçylygynda birinji gezek haja gidişik bolupdy. Özümi düýşdemikäm öýtdüm. Birsalym öňýany gussa batyp otyrdym. Indem nämeler bolýar...

Derrew Ankara gidip, resminamalarymy düzetdim. Asyl, meni Ýaşar hoja (Tunagür) saýlan eken. Oňa-da köp dileg etdim.

Birinji hajym meniň üçin diýseň bereketli boldy. Elbetde, Allatagalanyň dergähinde nähili kabul bolanyny bilmedim. Ýöne içki dünýäm babatda aýdanymda, ol hajdan gaty täsirlendim.

Birki gezek bolaýmasa, Beýtullahdan asla çykmadym. Gije-gündiz ol ýerde bolup, diňe täretimi täzelemeli bolanda, çykýardym. Juda bir açlyk heläk etjek bolaýsa-da, hurma ýa-da köke ýaly zatlar iýişdirip, ýene-de ybadatymy dowam edýärdim. Her gün üç gezek umra berjaý edýärdim. Elbetde, men ol uçurlar ýaşdym. Muňa güýjüm ýetýärdi.

Pygamberimizden (s.a.w) başlap, nobaty bilen, dört çaryýarlar üçin umra berjaý edýärdim. Meniň olaryň adyndan berjaý edýän umramy Allatagala kabul edermi-etmezmi diýip oýuma-da getirmedim. Çünki, men barym-ýogum bilen olara bergidar, şonuň üçinem özümi olaryň adyna umra berjaý etmäge borçly saýdym. Şeýle borçulylyk düşünjesi meniň güýjüme güýç goşýardy. Berjaý eden umralarymyň sogabyny olara bagş edýärdim. Şol arada öz ýakyn garyndaşlarym üçin hem umra berjaý etdim. Owaly bilen halypam üçin, soň ejem, kakam, enem hem-de atalarym üçin umra berjaý etdim.

 




Поиск по сайту:

©2015-2020 studopedya.ru Все права принадлежат авторам размещенных материалов.