Помощничек
Главная | Обратная связь


Археология
Архитектура
Астрономия
Аудит
Биология
Ботаника
Бухгалтерский учёт
Войное дело
Генетика
География
Геология
Дизайн
Искусство
История
Кино
Кулинария
Культура
Литература
Математика
Медицина
Металлургия
Мифология
Музыка
Психология
Религия
Спорт
Строительство
Техника
Транспорт
Туризм
Усадьба
Физика
Фотография
Химия
Экология
Электричество
Электроника
Энергетика

Ikinji Menemen hadysasy



Meniň öz aýagym bilen baryp boýun bolmagym hadysanyň öňüni alypdyr. Bolmasa, şeýle bahana bilen olar başga bir bulaşyklygy – ikinji Menemen hadysasyny gurnajak bolupdyrlar. Esgerleriň birki sanysy: „Atyň şol päli azany“ diýerine mähetdel, adamlar bagyryp, goh turzup başlapdyr. Ýagdaý hasam beterleşipdir. Bu wakalar gopýarka, men mesjitdedim. Çykyp, boýun bolanymdan soň, edere zat galmady. Belkem, şonda sähel çekinen bolsam, meni atardylaram. Sebäbi, ýaňky maýor serkerdäniň ýolbaşçylygynda käbir esgerlere mazaly gep içirlipdir we olar mesjide şol maksat bilen gelipdirler...

Esasy, Wahdeddin beýe hem-de Nihad Garaguma şarpyk degdi. Meniň bilen içgin gatnaşýandyklary üçin olary döwlet işinden aýyrdylar. Şol günki waka gazetde habar hökmünde çap edildi. Ertesi gün harby suda çagyrylmalydym. Gijesi bilen alada edip çykdym. Turup, namaz okadym. Dileg eden mahalym, iki gezek göýä ýyldyrym çakan ýaly, ulagyň içi ýagtylyp gitdi.

Maýor çinli kazyň diýýänlerini çekip-çydar ýaly däldi. Agzyna gelenini diýdi. Şol gün eginbaşlarymy ýuwupdym. Şonuň üçinem, pogonymy dakmandym. Munam bahana etdi. „Eý, näme olary saňa kakaň berdimi? Sen näme-how, esgermi ýa masgarabazmy? Bar, düşegiňi-zadyňam minara düşäý, bolmasa...“ Jabjynyp bolanyndan soň, meni tussag etdirdi.

Nihat Garagum we käbir ýoldaşlarym diwiziýa serkerdesiniň ýanyna barypdyrlar. Diwiziýaň serkerdesi milletçi adamdy. Oňa baryp: „Jenap! Şol ýigit olaryň diýýäni ýaly däl. Bize Watanymyzy, halkymyzy, baýdagymyzy hem-de taryhymyzy nähili söýmelidigini ol öwretdi“ diýipdirler. Galyberse-de, ýene bir tanşym şobada Ankara Goşunynyň umumy dolandyryş merkezine gidip, ol ýerdäki degişli adamlary görüpdir...

Nejdet beýiň ýagşylygyny hiç haçan ýatdan çykarmaryn. Ol şowagt maýor eken. Men oňa podpolkownikdir öýdüp ýördüm. Göz lukmanydy. Meniň ýanyma barmak gadaganam bolsa, ol çitenek sim aýlangy germewden geçip, resmi eginbaşly içerik giripdir. Meni gujaklady. Soňam jübüsinden çykaryp, 20 lira uzatdy. Nejdet beý deňizçidi. Nobatçy esgerler onuň çinini doly bilmänsoňlar, ony polkownik ýa generaldyr öýdüpdirler. Olar öz aralarynda: „Bu nähili beýle esger bolýar-a? Polkownikler, generallar ony sorap gelip dur“ diýip gürrüň edip, menden gorkýarmyşlar... Soň duşanymyzda, gürrüň berdi. Onam soraga çekipdirler. „Sen nädip haýsydyr bir esgeri gujaklap bildiň?“ diýipdirler. Olam: „Ol haýsydyr bir esger däl. Ony gujagyma gysmag-a aňyrda dursun, gerek bolsa, onuň aýagynam öperin“ diýip jogap beripdir... Onuň beýle edermenligini nädip ýatdan çykaraýyn?! Ençeme ýyldan soň ol adamy tapyp, soramaga barypdym.

Içerik girdim. Tussaghanada Aýdynly biri bar eken. Derrew gidip, maňa bir krowat tapyp getirdi. Ol dine hormat goýýan üçin meni sylaýardy. Emma, ol biri diýýänim, ýaraga degişli jenaýat işine baş goşany üçin, ýeldirgän ýaly bolupdyr. Özüni öldürjek bolýardy. Zol-zol: „Çyksam, özümi öldirin“ diýýärdi. Ol diýseň arassa adamdy. Göýä diýersiň, Allatagala meni bu ýere „Oňa kömek et“ diýip iberen ýalydy. Onuň bilen kän gürrüňler etdik. Bir gün maňa: „Mollam! Nesip bolsa, Aýdyna barsaňyz, duşarys“ diýdi. Ýüregim düşüşdi. Ol başdaky niýetinden dänen bolmaga çemelidi.

Tussaghanada Mustafa Göbek diýen biri bilen tanyşdym. Onam ýadymdan çykaryp bilemok. 19 ýyllan bäri esger bolup gulluk edýän eken... Bir gün gyzyndan hat geldi: „Kaka! Men durmuşa çykýaryn. Ýöne sen henizem harby gullugyňy dynyp bileňok“ diýýärdi..

 

Azatlyk

Meni aklaýan deliller kazyýet guramasynyň öňünde jemlenensoň, kazylaryň özüni alyp barşy üýtgäpdir. Diwiziýanyň serkerdesi gepini gögerdipdi. Ankaradan: „Eger beýle arassa ýigit bolýan bolsa, bir bulaşyklyk zerarly ony näme üçin köseýärsiňiz?“ diýen terzde telefon ýa-da telegramma gelipdir. Meniň üstüme muşakgat baryny ýagdyran şol maýor, duýdansyz, eli torbaly, tussaghana geldi. Hat ýazýan maşynkasyny hem ýany bilen alyp gelipdir. Meni müdiriň otagyna alyp gitdiler. Öň zoraýakdan ýazdyran düşündirişlerini setirme-setirme üýtgedip, ýerine täzesini ýazdy. Soňundan bolsa: „Indi ony tussag etmäge hiç hili sebäp ýok. Çykaryň, tertip-düzgüni bozandygy üçin on günlük temmi beriň“ diýdi. Meni tertip-düzgüni bozanlaryň hataryna goşdular. Ol ýerde Mehmet Akifiň „Safahat“ kitaby elime düşdi. Çykýançam, diňe şol kitaby okadym. Möhlet dolanda-da, meni çykardylar.

 

Fatyhyň agtygy

Maňa köp ýyl iş kesilmeli jenaýat ýöňkelipdi. Ynkylaba synanşyk hem-de halky döwletiň garşysyna öjükdirmek, diýen jenaýatlar ýöňkelýärdi. Muňa garamazdan, Allatagala maňa kömek etdi. Jenaýat işi ýapyldy. „Ýeni istiklal“ gazetinde bu habar ýalpyldap çykdy. Uly harplar bilen „Fatyhyň agtygy Fethullah“ diýip ýazypdyrlar. Beýleki gazetlerem öz pikir-garaýyşlary esasynda şu waka barada agzap geçdiler.

Ikinji rota serkerdesi Mahmud Mardin diýen bir kapitandy. Ol örän göhert adamdy. Asyl, olam hemişe gelip, meniň wagyzlarymy diňleýän eken. Meniň bu zatlardan habarym ýokdy. Tertip-düzgüni bozany üçin berk çäre gorüş tussagyndan çykanymdan soň, ol ýanyma geldi. „Men seni kän diňledim. Häzir seni öýüňe iberjek. Indi gullukdan dyndyň. Men harby biletiňi yzyňdan özüm ýollaryn“ diýdi. Men beýle täzelige garaşamokdym. Begenmek-begendim. Entek harby gullugymyň gutarmagyna 3-4 gün bardy. Ol wagtlar 24 aý gulluk edilýärdi. Saglyk rugsadyna gidişimi, tussag wagtyny hem-de ir goýberilşi hasap etseň, 17 aýa golaý gulluk etdigim bolýardy. Şeýdip, meni 34 gün öňünden gullukdan goýberdiler, harby biletimem soň iberdiler...

Harby gulluk geçse-de, ýüklüje geçýär. Emma, meniň gullugym näme bolsa-da, ýeňil geçdi. Esasan, Iskenderunda köp kitap okamaga pursat boldy. Gije-gündiz Kuran diňleýärdim.

 

Mesjit gurduk

Gullukdakak mesjidem saldyk. Mesjidimiz açyk meýdandady. Aşagyna gum ýazdyk, daşyna-da ot ekdik. Ömründe namaz okap görmedik adamlaram ol ýerde namaz öwrendiler. Jemi esgerleriň sanawy 200 adam bolsa, çak bilen 30 adam yzyny üzmän namaz okaýardy. Ol wagtlar döwrüň ýagdaýyny göz öňünde tutsaň, şeýle san örän uly mukdardyr. Onsoňam, namazy aç-açan, hemmäniň gözüniň öňünde okaýardyk. Klubda juma namazyny okatdym. Hutbe-de okadym. Şonda, juma namazyna bary-ýogy alty-ýedi adam gatnaşypdy. Gelenler azam bolsa, esasy zat – ol ýerde jumga namazynyň okalyp başlanmagydy. Soň welin, ýokarda duran serkerdeler klubuň mesjide öwrülenini aňyp, ol taýyny güýmenje ýerine öwürdiler.

Ýokarda-da belläp geçişim ýaly, kakam yzymdan gelip-gidýärdi. Ertesi gün baýramçylykdy. Men baýram wagzyna barmalydym. Kakam, on bäş günden bäri Iskenderundady. Mesjide bardym. Adamdan basara ýer ýok. Emma, olaryň arasynda kakamam, tanyş dostlarymam, hijisem ýokdy. Sähel gussa batdym. Olaryň näme üçin gelmeýşine düşünip bilmedim.

 

 




Поиск по сайту:

©2015-2020 studopedya.ru Все права принадлежат авторам размещенных материалов.