Помощничек
Главная | Обратная связь


Археология
Архитектура
Астрономия
Аудит
Биология
Ботаника
Бухгалтерский учёт
Войное дело
Генетика
География
Геология
Дизайн
Искусство
История
Кино
Кулинария
Культура
Литература
Математика
Медицина
Металлургия
Мифология
Музыка
Психология
Религия
Спорт
Строительство
Техника
Транспорт
Туризм
Усадьба
Физика
Фотография
Химия
Экология
Электричество
Электроника
Энергетика

Kakam tussag edilipdir



Baýram namazyny okadyk. Töweregime seretdim, biziňkilerden hiç kim ýok. Soň kimdir biri ýanyma gelip: „Kakaňyzy we dost-ýarlaryňyzy agşam tussag edipdirler“ diýdi. Derrew prokuratura eňdim.

Olar Wahdeddin beýiň öýünde agşam söhbet edip oturan ekenler. Kakamam, daýymyň gyzlary däp-dessura laýyk geýinmeýäni üçin, daýymlarda birahat bolupdyr-da, agşam olara barypdyr. Polisiýa, esasan, ol ýerde men bardyryn öýdüp barypdyr. Emma, men ertir wagyz etmeli bolanym üçin, barmandym. Käbir egindeşlerimiň kömegi bilen, ýygnalan kitaplaryň köpüsini alyp, daşary çykardyk. Şol wagt gapynyň yşynda kakamy soraga çekişlerini diňledim. Kazy soraýar: „Nur diýen zat nireden peýda boldy? Nur diýip bir zat barmy özi?“ Kakam: „Kuranda bar“ diýýär. Ol ýene-de soraýar: „Kuranyň niresinde bar?“. Kakam jogap berýär: „Allahu nurussemawati wel arz“ (Allah gökleriň hem ýeriň nurudyr)

Seretsem, kakam pert-pert jogap berip otyr. Elbetde, kakamdan arkaýyn boldum. Olary goýberdiler. Kakam, adaty bolşy ýaly, ýiti zehininden syzdyryp, tymsal aýtdy: „ Ýagyşdan gaçyp çabga uçradyk“ Daýymyň öýünden gaýdyşyny, ýagyşdan gaçmaga meňzedýärdi... Kakam ýene birki gün bolup, soň Erzuruma gaýtdy.

11-nji aýda gulluga gitdim. 1-nji batalýonyň 1-nji rotasynyň 11-nji hatarçysydym. Diňe birlikler sepleşýärdi. Dabaraly ýörişe-de gatnaşýardym. Titi geýinýärdim. Birnäçe gezek meni rotanyň öňüne çykaryp, nusgalyk esger diýip görkezdiler. Jalbarym ýamaly bolsa-da, hemişe ütüklenendir hem arassadyr.

Öňem belläp geçişim ýaly, harby gullukdakam, harby bölümiň naharyndan iýmedim. Sebäbi, özümi hakyky gulluk edýän esger hasaplamokdym. Şonuň üçinem, harby gullugyň nahary maňa halal bolmaz diýip oýladym we iýmedim. Geýýän eginbaşlarymy hem bir harby talypdan satyn alypdym... Kagyzlar öňümde petde-petde bolup durýardy. Ýöne öz bähbidim üçin sähelçe-de ol kagyzlardan peýdalanmadym. Harby gullugyň ruçkasyny öz bähbidim üçin ýekeje nokat goýmaga-da ulanmadym. Muňa ant içýärin. Örän ünsli boljak bolýardym.

Ömrümiň iň bir hupbatly günleri gutarypdy. Ynkylaby hem ynkylaba synanşyklary gözüm bilen gören hem-de „Gorkunç düýş görýärin. Oýansam, dynaryn diýip, özüme göwünlik bermek bilen sabyr eden iki ýyl gulluk döwrüm ahyry tamamlandy.

Birki gün Iskenderunda boldum. Iskenderunda ýük daşamak hyzmatlaryny ýerine ýetirýän uly bir kärhananyň ýolbaşçysy meniň jan ýaly dostumdy, ol maňa iş hödür etdi. Kärhana ýolbaşçylyk etmelidim. Ol wagtlar şeýle girejili iş aňsat-aňsat tapdyrmazdy. Şonda-da, hiç hili ikirjiňlenmän, işden boýun gaçyrdym. Soň Erzuruma gaýtdym.

 

- Bilşimize görä, Edirnä ikinji gezek ýene-de dolanyp barypsyňyz. Näme üçin? Näme üçin Erzurumda ýaşamadyňyz? Ýatlamalaryňyz bilen şol döwri gürrüň beräýiň!

- Erzuruma baramda-da, saglyk ýagdaýym öwerlik däldi. Açlygyň üstesine, soňky hadysalar meni halys egbarlatdy. Eger göwräm daýaw bolmadyk bolsady, üsti-üstüne gelen urgular meni ýykardam. Onsoňam, birbada dört ýyllyk aýralyk ejeme-de agyr degipdir. Şonuň üçin, ol delmuryp ýalbarýardy we meniň Erzurumdan gitmezligim üçin elinde baryny edýärdi. Belkem, meni Erzurumdan öýlendirjek bolup azara galanam şonuň üçindir.

Erzurumy gowy görýärdim. Emma, ýüregime daş baglap, onuň bilen hoşlaşmaly boldum. Sebäbi, şol wagtam „Mukaddes göç“ barada aýdanlarymyň täsirindedim. Esasan, Edirnä ýaňy baran döwürlerim şeýle düşünje meniň aňyma çuň ornaşypdy. Ejem şunça ýalbarsa-da, kakam başdaky pikirinden dänse-de Edirnä ýa-da başga bir ýere hökman gitmelidim...

Edirnä gitmegimiň sebäpleriniň ýene biri bolsa Üç Şerepelä bolan aýratyn söýgimdi. Ol ýeri küýseýärdim we ýene-de ol ýerde wezipä durmagy arzuw edýärdim. Haýraddin diýen ady belli arhitektoryň salan şol mesjidi meniň gözüme Selimiýeden has yssy görünýärdi. Belkem, öň ol ýerde işlänim üçin hem-de ol mesjidiň meni üç ýyllap bagryna basyp saklany üçin, ol maňa has ýyly, has ýakyn bolup görünýändir. Belkem, başga bir düşnüksiz täsirler sebäpli ol mesjit meni özüne bendi edendir. Üç Şerepeli arhitektura taýdan, taryhy gymmatlyklarymyzyň gözguwanjy bolan Selimiýe mesjidiniň dünýä inmegine sebäp bolupdyr. Ol mesjit ajaýyp arhitektura işlerini özünde jemleýär. Onuň ykbalam, yslamda ýatdan çykmajak ajaýyp ýeňşe ýol açan, asyryň beýik danasynyňka çalym edýär. Şu jähetden seredeniňde, Osmanly patyşasy Myrat Ikinji bilen bitewilik göze ilýär. Üç Şerepelini aýratyn gowy görmegime şu aýdylanlar sebäp bolandyr.

Emma, ykbalyň çägi ynsanyň arzuw hem isleglerine görä kesgitlenmeýär. Hawa, meniň Üç Şerepelide ymam bolasym gelýärdi. Ýöne iň esasy zat – Allahyň göwnänidir. Şol wagtlar Üç Şerepelide ymam bolup ýören kişi, näme-de bolsa okumyş adamdy. Ol sypaýçylyk edip dillenmänsoň, menem öz niýetimi aýtmadym. Öňden bäri wagyz etmäge şahadatnamam bar bolany sebäpli, Kuran kursuna mugallym edip bellediler. Birýandanam wagyzlar dowam edýärdi.

Harby gullukdakam başymdan geçen wakalar metbugatda çap edilipdi. Şonuň üçinem, adym tanalýardy. Işe başlan döwürlerim gazetleriň birinde men barada ýene bir habar peýda boldy. Edirnä barmagym gazet işgärleri üçin ullakan bir täzelikdi. Gazetde: „Beýle adam nädip döwletiň edarasynda işläp bilýär?“ diýilýärdi. Metbugatyň şeýle ters hereketi tiz wagtdan öz täsirini görkezdi. Şeýlelikde, indi men nirä gitsem, garama-gara yzymda bäş-on kölege bilen bile gidýärdim. Meni ädimme-ädim yzarlaýardylar.

Birýandan şeýle berk gözegçilik astyna aldylar. Beýleki tarapdanam, Kuran kursunyň käbir işgärleriniň eli bilen, meniň sussumy basmak üçin, käbir duzaklar gurnaýardylar. Olar meniň hereketde bolmagymy islänokdylar. Kuran kursuny ýokardan dolandyrýanlar, meniň olaryň jemagatlaryna goşulmagymy islänokdy. Şol sebäpden, hem içerden, hem daşardan, iki daşyň arasynda galdym.

Darul Hadis mesjidiniň ymamy keselläpdi. Şonuň üçin, men ol ýerde wagtlaýynça ymamlyk edip başladym. Mesjidiň içinde ullakan bir otag saldyrdym. Ol taýy hem-ä ymamyň otagy bolmalydy, hemem okuwçy okatmaga otag. Şol wagtlar iň bir gyzgalaňly geçýän günlerimdi. Edirnede henize deňiç görlüp-eşidilmedik şeýle okuw merkezi, ine, şol çaklaňja otagdan başlapdy. Okuwçylary höwes bilen okadýardym.

Kuran kursuny adybelli bir jemagatyň adamlary açypdy. Ol okuwy edara edýänlerem olaryň adamsydy. Men kursa baryp gaýdýardym, okuwçylara sapak okadýardym. Edara edýänler muny halamadylar. Başda, süýji söz bilen „Özbaşyňa okuwçy okatman, diňe gelip-gidersiň“ diýdiler. Näme üçin maňa şeýle diýýänlerine düşünip bilmedim. Olaryň bu edýänleri ýüregi ak, päk niýetli adamlaryň etjek işi däldi. Pikirimi olaryň ýüzüni gönümel aýtdym. „Siziň bu edýänleriňiz, niýeti gowy adamlaryň etjek işi däl“ diýdim.

 

Kireýine öýler

Şol wagt Suat beý hem Edirnä müfti bolup gelipdi. Ters pikir etmesinler diýip, oňa aýratyn bir öý tutduk. Menem başga bir öýde ýaşaýardym. Emma, ikimiziňem öýümiz gözgyny ýagdaýdady.

Bir gün ir bilen Suat beýi soramaga bardym. Maňa: „Öýde büre kän. Agşam ibaly ýatyp bilmedim“ diýdi. Menem: „Iki otagly başga bir öý gözläli. Otaglaryň birinde-hä siz, birinde-de men bolaryn“ diýdim. Öý tapdyk. Garry bir aýalyň öýi eken. Iki gatly, iki otagly öýdi. Öýüň bir burçunda-da aşhanany ýatladýan otagjyk bardy. Şol jaý edil gül pürkülen ýalydy. Biz iki bolup bardyk welin ol aýal şelaýynlyk etdi. „Maňa bir adam diýip aýtdylar. Siz iki adam-a. Asla bolmaz, gerek däl, ýok, asla gerek däl...“ Ol bizi tasdanam urupdy.

Başga bir öý tapdyk. Giren agzyňda eýwan ýaly bir otag bar. Gabat-gabada iki otag ýerleşýär. Basgançagyň aşagam aşhana. Howlynyň burçunda ýerleşýän hajathanany bolsa, ýokarda ýaşaýan öý öýesi bilen bile ulanmaly bolýardyk. Hajathana gitjek bolsaň, bar kişiň gözüniň öňünden geçmeli bolýardy. Maşgalada ýewropa medeniýeti hökmürowandy. Otagyň birinde Suat beý, beýlekisinde-de men ýaşadym. Şeýdip, men-ä haraba öýden, Suat beýem büreli öýden dyndy.

Ol wagtlar risalalary okamagy hasam ýygjamlaşdyrdyk. Okajak ýerimizi öňünden bir kagyza göçürýärdik we şeýdip okaýardyk. Biz berk gözegçilik astyndadyk. Gapynyň agzynda polisiýa sakçylyk edýärdi. Olaryň jegebesini darykdyrýan sözleri hem-de aňlatmalary, gysgaldybrak ýazýardyk we okamyzda doly, asyl bolşy ýaly okaýardyk. Meniň elimde Tejridi Sarih bardy. Ýazan kagyzymy şonuň içine salyp, sapaga girýärdim. Elbetde, hadys we ylmyhalam okalýardy. Dünýäniň hiç ýerinde, biziň döwletimizde bolşy ýaly, dini kitap okaýanlar şeýle içgin yzarlanýan däldir. Dört-bäş adam bolup gurnan söhbetlerimiz bir salym dowam etdi.

 

Gowy düýş

Bir gün dostlarymyň biri düýş görýär. Hatyja enemiz gapynyň daşynda, Pygamberimiz (s.a.w) hem içerde otyrmyş. Öz aramyzda sapak okaşýan dört-bäş ýoldaşymyza tarap ümläp, Hatyja enemiz Pygamberimize (s.a.w): „Ýa Resulallah! Bular: „Bizden razymyň Ýa Resulallah?“ diýip soraýarlar.“ diýýär. Şonda Pygamberimiz (s.a.w) şeýle jogap beripdir: „Hawa, razydyryn. Esasan, birinden, esasan birinden...“

Görşüňiz ýaly, düýşde-de Allah Resulynyň anyk at aýtmazlygy, ýoldaşlarymyň barysynda „ Esasan, birinden“ diýip aňladylýanyň özi bolmak üçin ullakan höwes, egsilmez hyjuw döretdi. Şonuň üçin, şol düýş birnäçe günläp gürrüň berildi we ýoldaşlarym her gezek gürrüň berenlerinde, gaýta-gaýta aglaşdylar. Yzýanyndanam: „Haçana çenli beýdip dört-bäş bolup ýörmeli“ diýip başladylar. Gysga wagtyň içinde gelip-gidýänleriň hem-de söhbede goşulýanlaryň sany otuza ýetdi. Mesjidiň içinde üýşüp kitap okaýardyk.

Bir gezek mesjide polisiýa girjek boldy. Garşy çykdym. „Eger şeýdäýseňiz, „Bular mesjide kürsäp girýär“ diýip halka duýduraryn, şu meseläni kürsä çykyp aýdaryn“ diýdim. Menden ätiýaç edip, mesjide girip bilmediler.

Baýramçylyk üçin gutlag kart taýýarlatdym. Kartyň arkasyna-da Habbab bin Eretiň rowaýat edýän hadysyny ýazdym. Hadys şeýle:

Habbab bin Eret (r.a) gürrüň berýär: Allah Resuly (s.a.w) Käbäniň diwarynyň düýbünde oturyp oýurganýardy. Başynam örtüpdir. Ýanyna bardym. „Ýa Resulallah! Allah bize kömek eder ýaly, bize dileg etsen-e!“ diýdim. Şonda Allahyň Resuly (s.a.w) gaşlaryny çytdy-da, şeýle diýdi: „Siz näme, görgi görýäňizmi? Allahdan ant içýärin! Sizden öňki adamlar diňe öz ynançlary zerarly tussag edilip, hendeklere oklanýardy, demir byçgylar bilen dogralýardy we şonda-da dinden dänen bolmaýardy. Başga-da, sizden öňki adamlaryň demir şanalar bilen etleri süňklerinden sypyrylýardy, şonda-da olar dinden dänmezdi. Allahdan ant içýärin! Allah bu dini tamamlar, ýöne siz gyssanýarsyňyz... “

 

Howsala

Çaphanaçy, kanunda görkezilişi ýaly, şu gutlag hatlarynyň bir nusgasyny prokuratura iberipdir. Muňa mähetdel ýaly, polisiýada hem kazyýetde kyýamat gopupdyr.

Gijäň birwagty, selçeň garam ýagýardy. Daşardan goh gelýär. Penjireden seretdim. Resul beý we ýaranlary... Öýi döküp-dörjek bolýanlaryna düşündim. Olaryň gadagan diýýän kitaplaryny kitaphananyň arkasyna okladym. Gapy kakyldy, açdym. Bar ýeri akan-dükän etdiler. Tapan zatlary bolmady. „Beýleki otagam göreli!“ diýdiler. Men: „Ol taýy müftiniň otagy, maňa dahylly ýeri ýok“ diýdim. Düşünjeli adamlar eken, hötjetlik etmediler. Soň meni polisiýa alyp gitdiler. Men size Resul beý barada öňem aýdyp beripdim. Polisiýanyň müdiri anyk buýruk berensoň, meni getirmäge ol gaýdypdyr...

Polisiýanyň müdiri ýaş ýigitdi. Sözüne bat beren bolup, mönlügini ýaşyrjak bolýardy... Meni baýramçylyk gutlagy üçin çagyrandyrlar öýtdüm. Emma, asyl sebäbine ol ýerde düşündim. Kuran kursunyň ýolbaşçylary oňa gep içiripdirler. Asyl, öýümizi olar idetdiripdirler. Müdir maňa: „Seret, Fethullah! Saňa soňky gezek duýduryş berýärin! Seniň okuwçy bilen işiň bolmaly däl. Ýogsam, seni ýene-de şu ýere dykaryn we saňa näme etjegimi bir-ä men bilýärin, birem Allah! “ diýdi. Menem: „Bu ýerde eliňde baryny edersiň! Emma, ýeriň aşagam bardyr, ýatdan çykarma. Seniň bilen ol ýerde hasaplaşarys“ diýdim. Polisiýanyň ýolbaşçylarynyň biri gije-gündiz içgilidi. Olam meni soraga çekdi. „Gutlag haty çap etdirdiň“ diýip, meni Watan dönügi edip goýdy. „Gadyr gijesini ýakyn dostlaryňyz bilen agzybirlikde geçiripsiňiz, biri-biriňiz bilen çyndan gujaklaşyp, gözýaş döküpsiňiz“ diýip, meni soraga çekdiler.

„Näme üçin siz beýle ýürekdeş? Näme üçin horkuldap aglaşdyňyz?“ Hawa, şeýdip sorag edýärdiler. Ol wagtlar, hakykatdanam, kyndy.

Hälki polisiýa müdirine Suat beýem kinaýaly jogap beripdi. Şolam ýadymdan çykmandyr. Polisiýa müdiri telefonda: „Müfti! Meniň ýanyma gelip git“ diýipdir. Suat beýem bermeli jogabyny gaýtarypdyr: „Men wezipe gullugymda otyryn. Eger beýle göresiňiz gelýän bolsa, özüňiz geläýiň“. Men çensiz hoşal boldum. Gujaklap, onuň maňlaýyndan ogşaýasym geldi. Sebäbi, ol adamlar biedeplige öwrenşipdirler. Müftini öz gaşyna getirtjek bolýarlar. Müdir Suat beýden eşitmeli jogabyny eşitdi. Menem muňa gaty begendim.

Darul Hadis mesjidine hukuk edarasyndan birnäçe adam gelip-gidip başlady. Olaryň arasynda erzinjanly, Seljuk atly bir prokuroram bardy. Juma namazyndan soň: „Seljuk beý size garaşýar“ diýdiler. Bolar-bolgusyz söz aýdar öýdüp, daşaryk çykmadym. Aýtjak zatlaryny öňünden duýan ýalydym. Nobatçylaryň birini iberip, meni kazyýet edarasyna çagyrdy. Ol prokuror bilen uzak wagtlap gürleşip oturdyk. Maňa: „Sen howply duşmanlaryň biri. Sen käbir atlary doly aýdaňok. Emma, men gürrüňleriňden arkaýyn näme diýjek bolýanyňa düşünýärin. Sen hemişe geçmişi magtaýaň, häzirki güni bolsa kötekleýärsiň. Sen gürlemegem oňarýaň. Käbirleri kagyza seredip okaýan bolsa, sen ýatdan gürläp otyrsyň. Sen şeýle başarnygyňy dogry ýolda peýdalansaň bolmaýarmy? Sen bolsa...“ diýdi. Maňa, kürsüde wagyz edýän wagtym, käbir adamlary öwmegi ýatdan çykarmazlygy sargady.

Ýokarda agzap geçipdim. Gutlag hat hadysasy ýüze çykandan soň, meni sülçi ýaňadan soraga çekdi.

 

Aşak bakyp oturyň!

Hüseýin mollanyň haýyşy bilen, käwagt sişenbe günleri onuň ýerine, aýallara men wagyz edýärdim. Wagza çykmazymdan bir hepde öň sakgalymy goýberip, wagza sakgally çykýardym. Birki gezegem aýallara bakan: „Men gürlänimde, aşak bakyp oturyň! Meniň ýüzüme seretmäň“ diýipdim. Kazyýet sülçüsi munam bahanalap: “Görsene muny! Aýallara, maňa seretmäň, aşak serediň diýýärmiş“ diýdi. Şol aýdan sözlerime ters many berip, meniň garşyma ulanjak boldy. Aýallardan hem jansyz bolup biler diýip, henize deňiç oýuma gelmezdi. Şonda bilip galdym. Olaryň arasynda hem jansyzlar bar eken we sişenbe wagyzlaryna olaram gatnaşýar eken.

Gutlaglary ýygnadylar. Halky gozgalaňa çagyrýan bildiriş diýip hasap etdiler. Soraga çekip bolansoňlar, meni göýberdiler.

Suat beýiň haýyşy boýunça baýramda Eski mesjitde wagyz etdim. Hutbänem mesjidiň ymamy Ekrem hoja okatdy. Artykmaç hiç hili gürrüň etmedim. Arak barada birki agyz söz aýtdymmykam diýýärin. Ýöne şulary aýdanym anyk ýadymda: „Beýle-de wejeralyk bolar oguşýar! Indi mesjidiň diňe ýaş ýigitleriň, gyzlaryň duşuşyk ýerine öwrüläýmesi galdy. Aragam mesjidiň howlusynda içiläýmese biridir... Eger-de bu ýaşlara „Bes ediň“ diýen bolmasa, olara yslam ýörelgeleriniň çäginde terbiýe berilmese, tiz wagtdan ene-atalarynyň kelleçanaklarynda arak süzerler. Eý, hukuk goraýjy edarasynyň işgäri! Eger sen adalatly bolsaň, ömrüň ýekeje ýylynda nijeme ýyllyk ybadat eden ýaly sogaba eýe bolup bilersiň. Gadyrdan mugallymlar! Şu halkyň gelejegini baýdak mysaly belentde pasyrdatjak nesilleri siz kemala getirmeli! Olary kämil ýetişdiriň...“ Ine, şu aýdylan sözleriň niresi ýalňyş? Ýagdaýy düşündirýärsiň. Kimdir birini nazarda tutup aýdylan sözlerem däl bular. Muňa garamazdan, şu aýdylan sözlerim bilen sudda meni garaladylar. „Kim ol, ene-atasynyň kelleçanagynda şerap içen?!“ diýen manysyz soraglar berdiler. Jemgyýetiň her gatlagyndaky adamlara aýry-aýrylykda seslenmegime „synpy bölünşik“ diýdiler. „Ol näme üçin aýry-aýry hukukçy, mugallym, söwdagär, tüçjar diýýäň“ diýip bez etdiler. Eý, Allahym! Häzir, hemme kişem şeýle diýýär-ä.

Ekrem mollanyň aýdanlaram meniň üstüme atyldy. Olam pert-pert gürläpdi.

Şol gün mesjide wagyz diňlemäge gelenler meniň sözlerimi erbet göwünlerine alypdyrlar. Meniň diýýän sözlerimden diňe baýram namazy üçin gelýänler başgaça, hemişe mesjide namaza gelýänlerem düýbünden başgaça many çykarýan ekenler. Şol wakadan soň men muňa has oňat düşündim. Garaşmaýan adamlarymdan, köne tanyşlarymdanam şol günki aýdylanlary ýüregine sygdyryp bilmedikler bolupdyr. Olaryň biri maňa: „Öýe ýaraty halda dolanyp barýas“ diýen kinaýaly sözem aýdypdy...

On bäşe golaý şaýat gelip, sudda biziň garşymyza şaýatlyk etdi. Bizi goldaýan şaýatlaram bardy. Şol şaýatlaryňam biri jansyz eken. Soň bilip galdym. Daşyndan göräýmäge, sudda bizi goldap çykyş edýärdi. Aslynda welin, ol bizi garalamak üçin biz hakda maglumatnama düzýän adamlaryň biri eken.

Bizi goldap çykyş edenleriň arasynda Ryfat beý diýip biri bardy. Başdaky durmuşy erbet, garaňky bolsa-da, soň yslamy ýaşaýşa dolanyp baran ol adamy Edirnäniň at-abraýly adamlary sylap hormatlaýardylar. Sudda ol adamyň bizi goldap çykyş etmegi, kazyýetiň işgärlerinde ullakan täsir galdyrdy.

 

Dogry ýoly tapdym

Şol gün ol adamyň aýdan sözleriniň käbiri ýadymda galypdyr: „Hormatly sud ýolbaşçylary! Meniň öten durmuşymyň nähilidigini siz gowy bilýärsiňiz. Arak içip, nagra dartýan mahalym, bar kişiň ýüregi ýarylardy. Menem döwlet edarasynda işleýärin. Şol wagt şeýledim. Häzirem, görşüňiz ýaly beýle. Meniň durmuşymda şeýle öwrülişigiň bolmagyna, ine, şu gadyrdanlar sebäp boldy. Olaryň ýanyna kän barýardym we şeýdip dogry ýola düşdüm, hakykata göz ýetirdim. Ähli erbetliklerden halas boldum...“

Öň kazyýet işgärleri bilen duz-emek bolup ýören Ryfat beý biziň Darul Hadis mesjidinde alyp barýan söhbetlerimize gelip-gidýän eken. Şeýdip, Allatagala oňa dogry ýoly görkezipdir. Onuň duýdansyz üýtgemesi edirnelileriň baryny aňk-taňk etdi. Uzyn boýly, peşeneli adamdy. Elbetde, onuň diýen sözleri şol gün üçin diýseň möhümdi. Biz has soňam şol sözleriň täsirini görüp bildik.

 

Ýoluny bilmezlik

Ýöne sud, esasan, bizi garalap aýdylanlara ähmiýet berýärdi. Bizem ýoluny bilmämizsoň, özümizi aklajak bolup, göz-görtele gödek ýalňyşlar goýberýäris. Ekrem hojanyň gödek gürlän ýerlerem boldy. Mysal üçin, ol bir gezek suduň adamlaryna: „Öz aýalynyň wejara geýimleri geýmegine ýol berýän adam, doňuz bolman-näme bolsun?!“ diýipdi. Ikimiziň işimiz bir resminama çatylany üçin, aýdylýanlaryň bary ikimize degişli bolýardy. Sud agzalary bize gödek daradylar.

Çeperçilik mekdebiniň müdiri biziň garşymyza çykyp gürlänleriňi biridi. Onuň aýtmagyna görä, men: „Şu ýerleri basyp ýatyrmaly, olary şeýtmeli“ diýenmişim. Sud agzalaryndan rugsat aldym-da: „Ol adamdan soraň bakaly, men şeýle-şeýle sözlerem aýdypdyrynmy?“ diýdim. Şeýle-şeýle diýýän zatlarym, ýurduň agzybirligi üçin aýdylan sözlerdi. Soradylar welin, ol: „Ses çykaryjy enjam käwagt jyzyrdaýardy, men-ä eşitmändirin“ diýdi. Men ýerimden turup: „Näme, men öz garşyma ulanylyp bolaýjak sözleri aýdamda-ha ses çykarýan enjam işleýär-de, öwüt-ündew edenimde, işlemeýärmi? Sözi iki çykyp duran adamyň aýdýanlaryny diňläp bolmaz we ol adama ynamam bolmaz“ diýdim. Onuň ýüzi boz-ýaz boldy, hiç zat diýip bilmedi.

Köplenç tarawa namazyny meniň yzymda durup okan bir aklawçy bardy. Birki gezek menem agzaçara alyp gidipdi. Biri-birimizi oňat tanaýardyk. Olam garşyma şaýat bolmaga gelipdir. Sud oňa, men tarapa ümläp: „Ony tanaýarmyň?“ diýende, ýüzüme seretdi-de: „Tanamok“ diýdi. Soňam bolsa: „Mesjide bardym. Ynkylap geçirjek bolýarlar. Sellesiniň ujuny birýana serpipdir-de, diýjegini diýip otyr“ diýdi.

„Diýjek sözüm bar“ diýip kän ýalbardym. Ahyry „Bol, aýt“ diýdiler. Ýerimdem turdum-da şeýle diýdim: „Hormatly aklawçynyň sözleri barada bir zat diýjekdim. Onsoň siz şoňa görä netije çykaraýyň. Ol adam ençeme ýyllap meniň yzymda tarawa namazyna durdy. Onuň ýüzlerçe şaýady bardyr. Salim Aryjy bilen meni birki gezek agzaçara-da alyp gitdi. Soň, sanardan kän gezek biz onuň bilen oturyp, çaýam içdik. Ine, eger-de bir adam tarawa namazynda yzynda duran, bile bir saçagyň başynda duz-emek bolşan birine „Men tanamok“ diýýän bolsa, onuň beýleki diýjek sözlerine-de şonçarak ynanmalymyka diýýärin“

Men şeýle diýenimden soň, ol tolgundymy-nämemi, „Tanaýaryn“ diýdi. Soňam, boýnuny burup, suduň jaýyndan çykyp gitdi. Bu wakalaryň bary biziň utugymyzdy. Sud uzak wagtlap dowam etdi. Meni on ýyla golaý azatlykdan mahrum etjek bolýardylar. Wagyz etmäge hukugymyň bardygyny görkezýän şahadatnamamy hem elimden aldylar. Indi wagyz edip bilemokdym. Bar belanyň körügi bolsa Ferit Kubatda...

Ferit Kubat şol wagtlar Edirnäniň welaýat häkimidi. Soňam 12-nji mart ynkylabynda içeri işler ministri boldy. Meni erbet ýekirýärdi. Awusyny pürkmäge pursat gözleýärdi. Bir gezek din adamlarynyň barysyny ýygnapdyr. Menem bardym. Şol ýerde gözümiň içine siňe seredip, bar kişi düşüner ýaly edip: „Araňyzda käbir bozgak dönükler bar. Olaryň ýoguna ýanmaly...“ diýdi.

Onuň ömrüniň soňky pursatlary agyr ýagdaýda geçdi. Özi bilen bir düşünjedäki adamlaryň yzyna düşdi ýördi. Dünýeden gaýdyşam, ömrüniň ahyry ýaly, diýseň oýlandyryjydy. Ol wagtlaýyn rugsada çykanyndan soň, muny pursat bilip, menem gaýtdym.

Edirneden başgarak bir ýerde işläsim gelýärdi. Sebäbi, Edirne indi meniň üçin dowzaha öwrülipdi. Polisiýa müdiri „Kursda okuwçy okatmarsyň“ diýip duýduryş berýärdi, häkim elimden şahadatnamamy alyp, wagyz etmegime böwet bolýardy... Ine, men bir özüm bularyň bary bilen göreşmeli bolýardym...

Ankara gitdim. Ýaşar hoja bilen gabatlaşdym. Şol wagtlar olam Izmirde işleýärdi. Olam bir iş bilen Ankara gelen eken. Ýagdaýy düşündirdim. Din işler guramasynda tanaýan adamsynyň ýokdugyny aýtdy. Bölüm müdiri bolup işleýän Ýaşar Göktene baryp ýagdaýymy düşündirdim. Maňa: „Edirnede gal“ diýip kän ýalbardy. Menem „Kyrklareline gidesim gelýär“ diýdim we pikirimi asla üýtgetmedim.

Iki sany arza ýazdym. Bir-ä işden çykýanym barada, ýene biri täze işe geçmeklik barada. Olary elime alyp, Edirnä dolanyp bardym.

 

Kyrklareli

Ferik Kubat Edirneden gidipdi. Naýil Memik atly, jumga namazlary okaýan, häkimiň batnykly bir kömekçisi bardy. Edirnäniň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji diýip ony bellediler. Başyndan belany sowmak üçin bolaýmasa, Naýil Memik arzama gol çekdi. Şahadatnamamyň elimden alynmagy onuň azaryna-da däldi. Meni Edirneden ugradyp bilse, soň bar zada kaýyl ýalydy... Emma, ykbal işidir-dä, birsalym soň olam Kyrklareliniň häkimi boldy.

Edirnede talyp ýoldaşlarym iki öýde ýaşapdylar. Kyrklarelide bir öýi kireýine tutdum. Öý iki otaglydy. Bergä batyp, iki sany palas satyn aldym-da, öýe düşedim. Bar goşum şoldy. Hem-ä Edirnedäki hem-de Kyrklarelidäki öýe kireý hakyny töleýärdim. Her gün bir bahana bilen Edirnä baryp gaýdýardym.

Müfti Mustafa molla ynkylapdan soň sakgal-murtuny aýrypdy, başyna-da şlýapa geýipdi. Altmyş ýaşanam bolsa, murty tabamandy. Başardygyndan, özüni ynkylapçylaryň tarapdary edip görkezjek bolýardy. Men oňa hormat goýýardym. Olam meniň Edirnä baryp-gaýtmagyma garşy bolmady. Bir ýyllap dagyn şeýdip mydar etdik. Soňam, rugsada çykdym.

Kyrklarelide her anna güni wagyz edýärdim. Remazanda her gün wagyz etdim. Özlerinden bilip adamlar üýşýärdi. Birinji baramda, birki adamdan başga tanaýanym ýokdy. Emma, soň-soňlar ol ýerde dostlarym köpeldi.

 

Ýene bir derňew

Anna günleriniň birinde wagyz edip otyrkam, daşardan çagalaryň gohy eşidilýärdi. Şol wagt näme diýenem bolsam, çagalar goh edýäni üçin şu sözleri aýtdy diýip meniň üstümden arz edipdirler. Onsoňam, heniz üstümden sud işi aýrylmandy. Şeýdip, ýene-de derňew işi gozgaldy. Kanuna laýyklykda, welaýatyň çäginde derňew geçirjek iş topary döredildi. Polisiýanyň müdiri bolsa şol toparyň başlygydy. Wagyzlarda aýdylan zatlaryň arasynda jenaýat hasaplap boljak sözleriň bolup-bolmany derňelýärdi. Häkim hem-de polisiýa müdiri dygysyz gowy adamlardy. Şol sebäpli, bu derňew ýeňil geçdi. Soraga çekdiler we yzarlamaga hiç hili sebäp ýok diýen karara geldiler.

„Ataýoly” gazeti welaýat gazetleriniň biridi. Pursat döredigi, meniň garşyma makala ýazýardylar. Şol wagtlar gara palto geýýärdim. Gara paltomy özleriniň aňlatmalaryna kinaýa hökmünde ulandylar we makalada şeýle diýilýärdi: „Gorkymyza gijeler daşaryk çykyp bilemzok. Gara bir it bar, yzynda bolsa bir topar itler, bizi nirede göräýse, hyňranýarlar“

Nejip Fazyl Kysakürek bilen

Şol döwürler Nejip Fazyl Kysaküregi konferensiýa çagyrypdyk. Konferensiýanyň geçirilmegine özüm gözegçilik edýärdim. Şol gije Nejip Fazyly (imany hemra bolsun) ýoldaşlarymyň biriniň öýüne eltdik. Bir zat ýadymdan çykanok, pahyr şonda birneme sust görünýärdi. Öňküleri ýaly, ruhybelent däldi. Onuň egindeşleriniň biri: „Halypa, bu gijeki çykyşyň-a gowşagrak bolaýdymy?!“ diýdi. Ol bolsa saçagyň başynda oturanlara tarap ümläp: „Ýok. Asyl, gowşakler, ine, şular“ diýdi. Şeýle diýmek bilen, diňleýjileriň perwaýsyzlygyny nygtaýardy.

Öz aramyzda geçirilen söhbetdeşlikde Nejip Fazylyň maňa syny oturdy. Has soňlar ol „Beýik Gündogarda“ (žurnal) Risaleleri magtap, yzly-yzyna birki makala-da çap etdirdi. Men oňa bir top külliýat bermek üçin, Istambula-da bardym. Ýöne Zübeýr aga göwnemänsoň, bermän, yzyma gaýtdym.

„Ataýoly” gazeti Nejip Fazylyň garşysyna bir makala çap etdi. Bizem şol makalany Nejip Fazyla iberipdik. „Beýik Gündogaryň” şol sanynda gülküli bir surat çykdy. Ullakan, daýaw köpegiň ýanynda bir girdenek gürji dur. Suratyň aşagynda-da şeýle ýazgy bar. „Biz uly köpekler bilen iş salyşýarys. Bu kinniwanja gürjiňki näme diýsene?!“ Şeýle jogaba barymyz hoşal bolduk. Kyrklarelide şeýle, şuňa meňzeş arkalaşykly işleri ýola goýduk. Bilbil höwürtegesini ýada salýan, kireýine tutan şol jaýymyzda her gün agşam söhbet edýärdik. Dürli-dürli adamlar öýümize gelip-gidýärdi. Biri-birimiz bilen ham-çam boluşdyk. Hamid hojanyň dostlugyny bolsa asla unudyp bilmerin...

 

Izmir

Rugsada çykyp, Türkiýäni aýlanmak üçin gysga wagtlaýyn ýola rowana boldum. Dürli ýerlerdäki tanyş-bilişlerimiň ýanyna bardym. Ýolagçylyk kyrk güne golaý dowam etdi. Rugsat wagtym bolsa ýigrimi gündi. Ankara bardym. Ýaşar hoja Ankarada Din işleri guramasynyň başlygynyň orunbasary bolup işleýärdi. Oňa ýagdaýy düşündirdim. Geçen günler barada hasabat soralmaýar diýip aýtdy. Asyl, ol başga bir zadyň küýünde eken. Izmirden gaýdanynda, ol taýdakylara öz ýerine meni ibärin diýipdir we meni olara öwüp gürrüň beripdir. Maňa: „Arza ýaz-da, Izmirde wagyz etjek diýip haýyş et“ diýdi. Men şeýle duýdansyz habary eşidip, allaniçigsi boldum. „Izmir ullakan şäher, ol meni ýuwdar. Mümkinçilik bar bolsa, meni gündogar taraplarda kiçiräk welaýatlara iberäýiň“ diýdim. Pikirinden dänmedi. Başga bir adama arza ýazdyryp, maňa-da zoraýakdan gol çekdirdi. Soň bolsa buýruga Din işleri guramasynyň başlygy Elmala gol çekdirdi. Buýruga onuň özi gol çekmedi. Beýtmeklik, Ýaşar hojanyň her wagt bolşy ýaly, ätiýajy elden bermeýänligini görkezýärdi.

 

Tekbirler bilen

Kyrklarelä gelip, ilkinji nobatda müftä özümiň täze bellenen ýerimi aýtdym. Sebäbi, günäkär hasaplanýardym. Täze ýere geçirlenimi eşidip, müfti meniň etmişimi ýatdan çykardy we gynanç bildirdi. Kyrklareliden uly dabara bilen ugratdylar. Ulag tutdular, ýolda tekbir, salawat dogalaryny aýdyp, meni Edirnä getirip gitdiler. Edirnedäki dostlarymy hem görüp, olar bilen hoşlaşdym.

 

- Bagyşlaň! Ýalňyşmaýan bolsam, mundan soň Izmir döwri başlanýan bolmaly. Izmirde sizi nähili garşyladylar? Kestanebazarynda geçen günleriňiz, ol ýerden gidişiňiz... Şol wagt aralygynda siziň bilen baglanşykly bolup geçen wakalary, ýatlamalary gürrüň beräýseňiz!

-Barýan diýip hiç kime habar bermändim. Elimde iki sany goş torbasy, şeýdip, Kestanebazaryna bardym. Paýtundan düşen badyma, meni birinji bolup Ysmaýyl Türe garşylady. Elimden goş torbamy aldy. Mesjidiň daşky gapysyna ýetenimizde, adamlar meni şatlyk bilen, gyzgyn garşylady. Goşlarymy müdiriň otagynda goýdum. Kiçeňräk aýnaly şkaf durdy. Getiren zatlarymy şoňa salyşdyrdym. Açylyp-ýygnalýan, gije-gündiz ulanylýan bir kreslo bardy. Gündizleri-hä ony oturgyç hökmünde ulanýardym, gijelerine bolsa şol meniň krowatym bolýardy.

 

Birki sagatlyk uky

Başdaky synçylygyma salgylanyp, okuwçylary üznüksiz gözegçilikde saklamaly diýen netijä geldim. Gije-gündiz sagat ýatmaly däldim. Sebäbi, okuwçylaryň umumy ýagdaýy şeýtmekligi talap edýärdi. Yzygiderli ryýazatdan soň, göwräm hasam ejizledi. Şonda-da, birki sagatlyk uky bilen oňýardym. Käwagtlar uklaman, ertir daň atýança garaşýan wagtlarym bolýardy. Gijelerine birnäçe gezek hammamlary, hajathanalary, ýatakjaýlary aýlanyp, okuwçylary barlap durýardym. Bir tarapdan okuwçylar bilen içgin gyzyklanýardym, beýleki tarapdan bolsa, göze ilýän, tertip-düzgüne ters gelýän zatlary düzetjek bolýardym.

Şol wagt okuw ýylynyň tamamlanmagyna birki aý ýaly wagt galypdy. Şeýdip, okuwam gutardy.

Soňky synplardan birnäçe garagol oglan bardy. Ýaşlaram uludy. Olara asla söz diňletjek gümanyň ýok. Menden öňki mugallymlar olary diýseň gowşak tutupdyr. Başga çykalgam bolmansoň, olaryň käbirine mazaly temmi berdim. Olaryň käbiri okuwy tamamlap gitdi, beýlekileri bolsa burny deşilen ýaly bolaýdylar.

Ýigrimi alty ýa-da ýigrimi ýedi ýaşymyň içindedim. Şol sebäpden, okuwçylaram, mugallymlaram meni okuw müdiriniň ýerine goýup bilenokdy. Bir mugallym maňa eşitdiribem: „Ýaşar mugallym! Gel-gel şu oglanjygy tapyp iberäýmelimi diýsene?!“ diýdi. Galyberse-de, ol ýerde öňden bäri okuw müdiri bolup işlän biriniň meni şol wagtam, soňam jyny almady.

Birinji gün okuwçylary ýygnap, meni olar bilen tanyşdyranda: „Mundan beýläk size gözegçilik eder. Başgaça aýdanyňda, müdir ýaly biri bolýar-da“ diýipdi. Elbetde, şeýle tanyşdyrylyş meni gaty ynjydypdy. Şeýle äheň okuwçylara-da ters tarapdan täsir edipdi. Ýolbaşçylygy doly ele alýançam, görgi baryny gördüm.

Aly Ryza Güwen guramaň başlygydy. Guramada, esasan, onuň sözi ýöreýärdi. Yzymdan meni öwüp gürrüňimi edýän eken. Bir gezek jogapkär mugallymlary ýygnap: „Şu mugallym bu ýeriň naharynam iýenok. Eger ony ynjydaýsaňyz, baryňyzy şu ýerden kowaryn“ diýeninem soň bilip galdym. Gysga wagtyň içinde okuwçylar bilen, ýolbaşçylaryň köpüsi we mugallymlar bilen ysnyşdyk. Menden öň Aly Ryza Güwen beý her gün irden gelip, okuwçylary barlaýar eken. Başky günlerde-de gelýärdi. Ýöne haçan gelse, men aýak üstündedim we okuwçylar bilen biledim. Bir gün: „Mugallym! Indi bu ýeri düýp-teýkary bilen size tabşyrýaryn. Men gelip, barlap oturmaýyn“ diýdi. Şondan soň asla barlag üçin ýatakjaýyna gelmedi.

 

Külbe

Alty aýdan soň, maňa ýaşar ýaly ýer tapdylar. Agaçdan ýasalan külbejikdi. Ini-boýy iki metre barabar, darajyk ýerdi. Men birinji alty-ýedi aýymy müdiriň otagynda geçirdim. Iş ymykly ýola düşýänçä arkaýyn bir ýerde oturyp bilmedim diýsemem bolýar.

Külbäm maňa ýarady. Darajyk ýerdi. Uzanyp ýatsam, aýagym diwara degýärdi. Hajathanasy, ýuwnulýan ýeri ýokdy. Elimi daşarda durýan bir bidondan ýuwýardym. Muňa garamazdan, şu darajyk otagym meni kanagatlandyrarça hyzmat berendir. Diýseň horaşaja ýerdi. Emma, mundan soň amala aşyryljak nijeme hyzmatlara, ine, şu otag sebäpkär bolupdy. Ol ýeri edil köşk ýaly gelim-gidimli ýerdi. Mahal-mahal Aly Ryza Güwen Sajyd beý bilen bile, käwagt Saffet Solak, käwagt ýene biri bilen oturylýardy. Meniň özüm aýratyn çaý demläp, mürähet edýärdim. Aly Ryza jaň edip, süýji dili bilen: „Mollam! Çaý taýýarmy?“ diýerdi. Ýa-da men jaň edýärdim. „Agam! Çaý taýýar“ diýerdim. Gelýärdi. Öwlüýä ýaly hümmetli adamdy.

Ol wagtlar maňa resmiräk taýdan, Egeý deňziniň ýaka welaýatlarynyň islendik ýerinde wagyz etmäge rugsat berdiler. Birki gezek Antalýa-da bardym. Kän ady belli biri bolmamsoň hem-de ol jelegaýlaryň adamsynyň wagyz-nesihata kän ähmiýet bermeýänindenmi-nämemi, söhbetlerimiň halka onçakly peýdasy degendir öýdemok. Has dogrusyny Allah biler...

Şol döwürler Izmir hem Aýdyn taraplarynda Tahir hojaň ady eşidilýärdi we ony sylaýardylar. Izmire ýaňy gelen döwürlerim, birinji ýyl men Aýdyna-da baryp gördüm. Ol ýerde üç-dört gün bolup, wagzam berdim. Ýöne ol ýeriň adamlary meniň gürleýiş äheňimden hem-de aýdýan pikirlerimden ýadyrgadylar.

Ödemiş bilen Tire birneme tapawutlanýardy. Tirä birnäçe gezek wagza gitdim. Ol ýerdäki gatnaşýan adamlarymyzam wagzyma gelip-gidýärdi. Ýöne olaryňam arasynda özüni köpbilmiş hasaplaýanlar bardy. Mysal üçin, wagyzdan soň, gürrüň edip otyrdyk. Men iman hem Kuran hakykatlaryna degişli gürrüň aýdyp otyrkam, olaryň biri: „Sen olary goýsana! Ol zatlary bizem bilýäris. Bize sahabalar hakda gürrüň et“ diýen terzde gep aýtdy. Şol wagtam, soňam olara hiç hili garşylyk görkezmedim.

Salyhla-da gidýärdim. Golaý bolany üçin, Turgutla hem kän gidýärdim. Deňizlä-de baryp gördüm. Edil şol mahallar bolmasa-da, soň Ysparta-da bardym. Şol ýyl, ondan soňky ýyl, gyş paslynda-da Simaw, Gediz we has uzak ýerlere gidip, wagyz edýärdim.

 

Işleriň ýygjamlygy

Bir tarapdanam, Izmiriň içinde iküç ýerde wagyz edýärdim. Şol bir wagtyň özünde başga ýerlere gitmäge-de jan edýärdim. Onsoňam, her anna güni Kestanebazary mesjidinde wagyz edýärdim. Mundan galan wagyzlary, mümkinçilik bar bolsa, altynjy-bazar günlerine sygdyrjak bolýardym. Diýmek, çydamly ekenim, çydapdyryn. Mysal üçin, altynjy güni bir ýerde wagyz edýärin. Gijäni ýolda geçirýärin we ertesi günem başga bir ýerde wagyz edýärin.

Dynç alman, agşam ýolda bolýaryn. Ondan soňky günem, ir bilen sapaga barýaryn. Ine, edýän işlerimde şular ýaly ýygjamlyk bardy.

Ilki başda, gitmeli ýer bar bolsa, awtobus ýaly hökümet ulaglary bilen gidilerdi. Soň-soňlar, Ýusup Pekmezji we Köse Mahmyt dagy bilen tanyşdym. Olaryňam ulagy ýokdy. Ýöne olar kireýine ulag tutýardylar we gidilmeli ýere şeýdip gidýärdik.

Kösäni „Aksekli“ diýip Aly Ryza Güwen tanyşdyrypdy. Kestanebazaryna kömegi deger diýen maksat bilen. Iküç ýyl geçeninden soň, üç-dört maşynlyk adam bolduk. Nirä gitsek, tirkeşip, bile gidip başladyk...

 

Nur şägirtleri

Maňa birinji eýe çykan adam Mustafa Birlik boldy. Ýusup Pekmezji bolsa mesjidiň jemagatynyň biri hökmünde ýanyma gelip-gidýärdi. Ýüregi päk adamdy. Her söhbetden soň, saňňyldap aglardy we maňlaýymdan öperdi. Mehmet Metin, Hüseýin Çagdyr, Samy beý dagam biziň bilen ýakyn gatnaşyp başladylar. Samy beý gysga wagtlyk Güzelýalydaky okuwçylaryň umumyýaşaýyş jaýynda müdir bolubam işledi. Bu adamlar – başdaky nur şägirtleridi hem-de iman hyzmatynda ak ýürekden zähmet çeken gerçeklerdi.

Izmire ýaňy gelen wagtlarym, Sungur aga-da gelipdi. Maňa: „Fethullah, gardaş! Bu ýerde öýümiz ýok. Bir öýi kireýine tutaly. Izmir gaty uly ýerdir“ diýipdi.

 

Başdakylar

Mustapa Birligiň öýünde ikinji hem altynjy günleri söhbet edilýärdi. Şol döwürlerde, Izmirde mekdep okuwçylary babatda alnyp barylýan hyzmat örän pesdi.

Birinji gezek Mehmet Metiniň bolýan jaýyna, soňky ýyl ýa-da has soňky ýyllarda, bäş-on sany şägirt ugradyp bildim. Ol ýeri darajyk ýerdi. Ynkylapdan soňam ol jaýy görmäge barypdym. Şägirtleri ugradanymdan soň, ätiýajy elden bermäýin diýip, olaryň yzyndan gitdim. Bolýanlary görüp, örän hoşal boldum. „Elhamdulillah“ diýip Rebbime şükür etdim.

Şol şägirtler bilen sapak başlady. Şägirtleriň barysy Kestanebazarynyň okuwçylarydy. Ol wagtlar tesbihaty bilýän adam ýokdy. „Olara nädip öwretsemkäm“ diýip kän oýlandym. Hemişe şonuň pikirini edýärdim. Göýä diýersiň, içime ot düşen ýalydy.

Ýene bir mesele bolsa, olara ulyny sylamagy, aýdylýanlara boýun bolmagy öwretmelidim. Şägirtler tertip-düzgüni berk berjaý etsinler diýip, mesjidiň çyralaryny söndürip, Kuran okadýardym. Olaryň ruhy howa ýugrulmagyny isleýärdim.

Aralaryndan saýlanýanlaryň käbirini mesjidiň aýratyn ýerine alyp gidip, kitap okadýardym. Ýöne ýaman niýetli adamlaryň dogry düşünip bilmeýäni üçin, onam goýdum. Ýaş nesiller kemala gelýän üçin, alnyp barylýan işe asla zelel ýetmegini islämokdym.

1968-nji ýylyň tomsunda lager gurnadyk. Barymyz – ýetmişe golaý adam. Lagerden öň dört sany şägirdi Edirnä ugradypdym.

 

Ukym tutmasyn diýip

Ahlak sapaklaryny okadýardym. Okuwçylar gözýaş döküp aglaşýardylar. Bir gün ýatakjaýynda aýlanyp ýörkäm, Halil Mezigi gördüm. Ol boýnundan ýüp geçirip, ýokarky krowada daňyp goýupdyr. „Näme edýäň?“ diýip soradym. „Düýn gürrüň beren zatlaryňyz barada oýlanýaryn. Ukym tutmasyn diýip, özümi daňyp goýdum“ diýdi. Oňa gaty synym oturýardy. Olar ýaly şägirtleriň biri hem Ybraýym Kojabyýykdy. Ikisem taýýarlyk synpynda okaýardylar.

Olar bilen bile Abdullah Aýmaz we Mehmet Binijini – dördüsini Edirnä iberdim. Edaradan rugsat alypdym. Olaryň ýol çykdaýjylarynam berdiler. Şeýle diýdim: „Şu oglanlar Edirnäni, Ystambuly aýlanyp görsünler. Gözleri, ýürekleri açylşar. Dünýä-garaýyşlary giňär.“ Olaryň gidenine ýaňy bäş gün bolanynda, ýüregime wehim aralaşdy. „Ýa birdenkä, olary myhman almaly adamlar meniň bu okuwçylary nä sebäpden ibernime doly düşünmän, olara sowuk-sala garaýsalar?! “ diýip alada edip başladym. „Gaýtam, olary şeýtmek bilen özümizden sowadaýmaly“ diýdim we menem rugsat alyp, olaryň yzyndan Edirnä gitdim. Gidenim gowy bolupdyr. Bilen ýaly ekenim. Ak ýürekden gujak açan bolmandyr. Birsalym ol ýerde, birsalymam Ystambulda boldular.

Ystambulda Zübeýr Aga bardy. Olary öz ýanynda myhman aldy. Ýalňyşmasam, üç-bäş gün onuň ýanynda boldular. Şol ýere baranlary gowy boldy, köp zada göz ýetirdiler. Halil Mezigiň we Mehmet Binijiniň ähli taraplaýyn ýetişigi oňatdy. Abdullah Aýmaz şol ýyllarda hasam tertip-düzgüne berk eýerýän, gelejegi aýdyň ýigitleriň biridi. Mehmet Biniji futbol bilenem azrak gyzyklanýardy. Ybraýym bilen Halyl dagy beýlekilerden kiçidi. Şol syýahat olara biziň maksadymyza düşünmäge itergi berdi. Olarda maňyz bardy.

Birinji lager

Lagere gitmeli diýen netijä gelnenine iki ýyl bolupdy. Ysmaýyl Büýükçelebi bilen şol wagtlar tanşypdym. Diýseň edenli, jepakeş adamdy. Onuň şu sözlerini ýadymdan çykaramok. „Abdullah aga bu zatlardan habarly eken. Maňa hiç zat aýtmandyr. Muňa näme diýip näme aýtjak?!“

Lager meselesi meni kän oýlandyrýardy. Pul kömegini etjek adam gerekdi. Gerek-ýarak zatlary nädip satyn almaly? Çadyram satyn almaly. Edil häzir alyp görseň, ol zatlar ujypsyzja çykdajy ýaly bolup görünýär. Ýöne şol wagtlar şojagaz mümkinçiligem döretmek hyllallady. Meniň ýaşan çadyrymy müň lira gurdurdyk. Uly çadyrlary bolsa 2500 lira saldyrypdyk.

Ankara gitdim. Ol taýda tanyş-bilişlerim bardy. Kelläme bir pikir geldi. 27-nji maý ynkylabyndan soň, Harby Güýçler halkdan pul ýygnap, deregine çek beripdi. Gerek wagty şol çekleri pula öwrüp bolýardy. Bardym we 3000 lira barabar çek ýygnadym. Şol pullary Kestanebazaryna berdim. Olaram çekleri pula öwürdiler.

Şeýdip, tizden çadyrlaryň gurluşygyna başladyk. Birinji ýyl lagere gidenimizde, ýetmişe ýakyn adamdyk. Ikinji hem üçünji lagerlerde adam hasam köpdi. Üçünji ýyl bolsa, lagerde hemişelik bolýanlaryň sany üç ýüze ýetipdi. Gidýänleriň ýerine täzeleri gelýärdi. Ol ýerde, birnäçe günlük hem bolsa, bolan adamlaryň sany müňe golaýlandyr...

Kestanebazarynda bäş ýyla golaý işledim. Sapak edinsinler diýip aýdýaryn. Şol bäş ýylyň içinde „Bäş şaýlyk peýda göreýin“ diýen niýetim bolmady. Hammamda hem hajathanada ulanan suwuma çenli puluny töledim. Häzirem, şol bir pikirde. Hiç kim okuwçy üçin döredilen ylym ojagyny, nähili görnüşde bolsa bolubersin, şahsy bähbidi üçin peýdalanyp bilmez.

 

Borjumyz – şükür

„Men şeýle hyzmata mynasypdyryn“ diýip asla oýuma-da getiren däldirin. Ömrüm boýunça: „Diýmek, Allatagala kişileriň şahsy nogsanlyklaryna garaman, islänine islän haýyr işini etdirýär “ diýip pikir etdim. Meselä şu jähtden çemeleşseň, şol döwürde ullakan işler bitirildi diýip bolmaz. Eger Allatagala özgä däl-de, bize şeýle hyzmaty döretmäge mümkinçilik beren bolsa, onda bize diňe şükür edäýmek galýar. Allaha ýüzde-müň şükür edýärin.

Edirneden gaýdamda, şahsy jildime kän zat çyrşalypdy. Yzarlanýardym. Polisiýa hemişe yzyma düşýärdi. Emma, ýene-de Allatagalanyň lutfy-keremi bolsa gerek. Yzyma düşýän polisiýanyň işgäri, Ymam Hatybyň orta mekdebini tamamlapdyr, meniňem obadaşym bolup çykdy. Erzurumly eken. Ýanyma gelip, meniň bilen bir-iki gezek gepleşdi. Ýüregi päk adamdy. Maňa özüniň nähili işi alyp barýanyny, men barada nähili maglumatlary taýýarlaýanyny aýtmady. Ýöne men soň onuň taýýarlan maglumatnamasynyň göçürmesini Din işler guramasynda görüpdim. Meni hiç hili garalamandyr. Maglumatnamada, mundan öň şahsy jildimde agzalyp geçilen garalyklaryň hiç biriniň mende görülmändigi aýdylýar. Kestanebazarynyň degişli ýolbaşçylaryna-da şol maglumatlar baryp ýeten bolmaga çemeli. Sebäbi, olar meniň işime asla goşulmadylar.

 

Gol göçürmesi

Ýeri geleninde, şunam aýdyp geçesim gelýär: Men Izmire baranymda, Edirnedäki kazyýet işlerim dowam edýärdi. Bir gün meni prokurotura çagyrdylar. Irfan Akça we Hajy Kemal aga dagy bolup gitdik. Asyl, E




©2015 studopedya.ru Все права принадлежат авторам размещенных материалов.