Помощничек
Главная | Обратная связь


Археология
Архитектура
Астрономия
Аудит
Биология
Ботаника
Бухгалтерский учёт
Войное дело
Генетика
География
Геология
Дизайн
Искусство
История
Кино
Кулинария
Культура
Литература
Математика
Медицина
Металлургия
Мифология
Музыка
Психология
Религия
Спорт
Строительство
Техника
Транспорт
Туризм
Усадьба
Физика
Фотография
Химия
Экология
Электричество
Электроника
Энергетика

Yslam Anadola Ahlatdan baryp girdi 3 страница



Oba harabalyga öwrülipdir. Öýler ýykylypdyr, agyllar ýer bilen ýegsan edilipdir. Ýolda-yzda ygyp ýören birdir-ikidir arryk goýun ýa-da geçi bolaýmasa, ýekeje-da mal-gara galmandyr. Obany täzeden dikeldip, gurmaly bolupdyrlar. Aç-suwsuz geçen günlerem az bolmandyr. Açlyk bilen göreşmeli bolupdyrlar. Emma, Şamil babam asla ruhdan düşmeýär. Birmahallar öz howlularynda işgär işledenem bolsalar, şu günki gün olaryň özleri işgär ornunda işläpdirler. Onsoňam, olaryň hiç haýsysy işden gaçýan adamlar däldi.

Şamil babamyň bir gyzy, alty ogly, jemi ýedi çagasy bolupdyr. Gyzynyň ady Dürdäne. Ogullarynyň ady bolsa: Ramiz, Rasim, Nureddin, Enwer, Sefer we Seýfullah.

Şu ýedi doganyň birek-birege bolan söýgüsi, hormaty hem-de agzybirligi, hakykatdanam, dillerde dessan bolmaga mynasypdyr.

Ahmet atam hem din adamsydy, mollady. Pygamberimiziň sünnetinde näme buýrulýan bolsa, şony nokatma-nokat berjaý edýärdi. Atam osmanly sellesini saranýardy. Jowur ak sellesini geýeninde, molla meňzärdi. Şäherde, obada, nirede bolaýanda-da, sellesini aýyrmazdy. Onuň şäherde ýakynlary bardy. Onuň ejesi Gurt Ysmaýyl paşanyň gyzydy. Şonda-da, ol şähere kän gitmejek bolardy. Sebäbi, günä işe ýanaşaryn diýip howatyr edýärdi. Onuň ir döwürler 3 günde ýa-da 7 günde bir Kurany Kerimi hatm edýändini ejemden eşidipdim. Tutuş ömri şu hörpdedi.

Ahmet atamy has ýakyndan tanap bildim. Çagakam uzak wagtlap daýymlarda ýaşadym. Hatyja mamam, ejemiň ejesi, inçekeselden bolaýmasa, ir dünýeden gaýdypdyr. Ol Edirnäniň goragyna gatnaşan serkerde Şükrü Paşanyň neslinden bolmaly. Olam sygyrlydandy. Ol barada ejemden diýseň geň waka eşidipdim. Waka şeýle:

Bir gün Hatyja mama essinden gidip ýykylypdyr. Bizde oňa „gan tutma“ diýýärler. Çaşyp, özüňi bilmän ýatýaň. Bir salymdan soň özüne gelýär. Demini dürsäninden soň, ejeme şeýle diýýär: „Men bimar bolup ýatyrkam, iki adam ýanyma geldi. Olar gelip, „Şu ýatanyň diliniň hamyny sypyrmaly“ diýdiler-de, öz diýenlerini ýerine ýetirmäge durdular. Dilimiň hamyny sypyrdylar.

Ejem şu wakany gürrüň bereninde, sözüni şeýle dowam etdirerdi: „Şol güne deňiç ejem bolar-bolgusyz sözleri diline alaýýardam. Mysal üçin: „Allah janyňy alsyn, Allah jezaňy bersin“ ýaly gürrüňleri aýdýardy. Şol wakadan soň, gaýdyp agzyndan şeýle sözler çykan däldir“

Hatyja mamam inçekeselden ýogalýar. Ol wagtlar dermany tapylmansoň, inçekesel ýapyşan adamsynyň ömür tanapyny kesýärdi.

 

- Iki maşgala nädip tanyşypdyr?

- Olaryň maşgalasynda Ziýa aga diýip biri bar eken. Kakamyň doganoglany bolýar. Ejemiň daýzasynyň gyzy Äşe daýzam, birinji bolup Korujyk obasyna Şükrüpaşazadalara gelin bolup gelipdir. Äşe daýzam bolsa ejemi olara aýdypdyr. Şondan soň oglan tarapy Sygyrla baryp, ejemiň hossarlary bilen guda bolupdyrlar.

 

-Çatynjalar biri-birini görmändirlermi?

- Görmän salgysyny alypdyrlar, idäp-sorapdyrlar. Ýaşulular hem gidip, guda bolupdyrlar. Beýtmek biziň däbimizde bar.

Ol daýzam ejemden uludy. Daýym hem öz doganlarynyň iň ulusydy. Daýzam Alwar ymamyny çensiz sylaýardy, özem diýseň dindardy. Ol diýseň hojalykçy aýaldy. Düşege baglanyp ýatýança, çagalaram ondan çekinerdi. Işine şeýle bir berlen aýaldy welin, ölmezinden üç gün öňinçä döwek döwmäge gidipdir.

Atamam, daýymam Kurana hormat goýýardylar. Haja gidip gelemsoň maňa „Hajy aga“ diýip ýüzlenýärdiler. Şeýle hormatlary uludy. Daýym kakamdan bir ýyl soň düwnük keselinden ýogaldy. Diýseň zehinli adamdy. Kurany owadan okardy welin, men onuň öňüne geçip okamaga utanardym. Öň birwagtlar şol ýere Hasan aga atly goşun ymamy gelipdir. Harby bölümde ymam bolsaň, maýor bolýaňmy, ýa podpolkownik, bilmedim. Ol adam harby bölümiň çäginde Kuran okamagy öwredipdir. Maňa has soňraklar Hasangalada kyragat sapagyny beren Hajy Sytky aga-da şol Hasan molladan Kuran okamagy öwrenipdir. Daýym düwnük kesel bolanynda, maňa: „Hajy aga! Bir zada gynanýaryn. Allatagala maňa şu Kurany berdi. Men bolsa dünýä işine gyzygyp şony hiç kime öwredip bilmedim“ diýdi. Öwredip biljek dereje sowadam bardy. Kurany dolulygyna bilýärdi. Suw içen ýaly okaýardy Kurany. Öwlüýä adamlarda bolýan inçelik ýogam bolsa, namazynda, ybadatynda diniň inçeligine üns berýän adamdy.

Ony keselhanadan getirdiler. Kesel zerarly, gyzylödegi dykylypdyr. Ýüzüne seredenimde, zehini diýseň ýiti adam bolansoň, gaýgy-endişämi ýüzümden gördi. (Hatda şol mahal ýanymda duran Zafer aga: „Mollam! Onuň hem seredişi edil kakaňyza çalym edip dur-da“ diýipdi). „Näme boldy, Hajy aga?“ diýdi. Menem: „Daýy! Gyzylödekde ýara döräpdir.“ diýdim. Loh-loh güldi. „Allah! Allah! Ahyrynda, ajyňdan ölýäň diýsene asyl!“ diýdi. Men bir ýerden-ä eşidipdim. Zeýtuny şänigi bilen ýuwutsaň, zeýtunyň bölüp çykarýan kislotasy şu pisint ýaralaryň dömüni ýaryp, yzyndanam bejerýärmiş. Daýyma 5-6 sany zeýtun ýuwutdyrdym. Emma, gyzylödekden aşak gitmän, dykylyp galdy. Şol wagt oňa birki çemçe çorba içiripdirler. Ýara gün-günden ulalýardy. Daýym özüniň keselini bilip, düşeginden turýar. Tanyş-bilişleriniň gapylaryny kakyp başlaýar. Gapyny açsalar, Abdurrazzak aga gapyda durmuş: „Men ýolagçy. Razy boluň“ diýýärmiş. Şeýdip bar goňşy-golamlara aýlanyp çykypdyr. Ahyry düşegine gelip ýatýar we ýerinden turup bilmeýär.

Daýym Alwar ymamynyň ogluny biçak söýýärdi. Agyr ýatyrka, onuň başujunda Seýfeddin aga durupdyr.

 

- Daş keşbiňiz babatda siz daýyňyza meňzeýärdiňizmi?

- Daýyma meňzeýärin. Esasan, gözlerim daýyma çekipdir. Babam hem daýyma sähel çalym edýärdi. Ýöne babamyň burny tüňňüräkdi. Daýzamyňkam şeýledi.

 

- Iki maşgala-da seýýidlerden diýýärler. Siziň pikiriňiz nähili?

- Bolmagy mümkin, şeýle diýýärler. Ýöne şu meseläni maşgalamyzda ne ejem, ne-de kakam, hiçisi ýatlamazdy. Ejemden iki gezek, neslimiziň şeýle baglanyşygy bar diýip eşidipdim. Iki gezegem, nesil daragtymyzyň ýitişi barada gürrüň açylanda, aýdypdy. Kakam muňa hasam ähmiýet berýärdi. Ahmet atam hem bu barada hiç zat aýtmazdy. Ol az gürlegendi. Men, esasan şeýle gürrüňleri, dogan-garyndaşlarymdan eşitmeli boldum. Emma, edil häzir nesil daragtymyzy bilýän barmy-ýokmy, onam bilemok. Şol sebäpden, anyk aýdyp biljek däl.

 

- Okuwçy ýyllaryňyz, şol ýyllara degişli ýatlamalaryňyz hakda gürrüň beräýseňiz?

- Meniň birinji mugallymym ejemdir. Kurany hatym edenimde, ýalňyşmaýan bolsam, dört ýaşymdadym.

Şol wagtlar obamyzda başlangyç mekdep ýokdy. Mekdep has soňrak açyldy. Häzirem bar, mesjide ýanaşyk duran medresäni mekdebe öwürdiler. Gündizleri çagalara, gijelerine bolsa uly erkek adamlara hem-de aýallara ol ýerde okap-ýazmagy öwredýärdiler. Ýaşy oral adamlaryň synpda sapak okaýşyny penjireden synlap, heziller edip gülerdim. Olaryň bolup oturşyna geň galardym. Ýaşym ýetmäni üçin, birinji ýyl meni mekdebe almadylar. Okuwa gidip başlanymda, ýaşym barybir kiçidi. Şonda-da okadym. Okuwa iki ýa-da üç ýyl gatnandyryn.

Mugallymymyzyň biri din duşmanydy. Arakesmelerde namaz okaýar diýip meni halamazdy. Ýöne men şonda-da, partanyň üstüne çykyp, namazymy doly okaýardym. Adymy „Molla!“ diýip tutýardy. Namaz okaýanym üçin şeýle diýýärdi.

Men namaza juda ir başladym. Uzagyndan, „Ýalňyş okan bolaýmaýyn“ diýip käbir bölegini kaza-da okadym. Çakym çak bolsa, namaza dört ýaşymda başladymmyka diýýärin. Şondan bärem hiç sypdyrman gelýärin. Mugallymyň ýuwutdyrýan hunabasyna hem-de kemsitmek maksady bilen diýýän binowa sözlerine garamazdan, ol döwürler namazymy okapdym.

Mekdepde Belma diýen mugallym bardy. Meni gowy görýärdi. Kä mahal synpdaka, maňa seredip: „Bir gün Galata köprüsinden ýaşajyk serkerde ýörär. Men şu günden onuň ýöreýşini görýärin“ diýerdi. Asly Ystambully. Ýadymdan çykaryp bilemok, bir gezek synpda goh edýänleriň arasyna menem goşulypdyryn. Beýlekilere temmi berdi. Maňa nobat geleninde, gulagymdan çekdi-de: „Senemmi?“ diýdi. Şu söz maňa ýetik bolupdy. Iki ýarym ýyl dagyn okap, mekdepden çykdym. Kakam ymam bellenip Alwara gideni sebäpli, bizem ýany bilen alyp gitdi. Gaýdybam mekdebe gitmedim. Bir gezek Korujyga gelenimde, hälki aýal mugallym meni görüp: „Men seni dördünji synpa geçirdim“ diýipdi. Okuwa gitmedim. Başlangyç mekdebi, has soňrak Erzurumda gaýybana synag bilen tamamladym.

Kakam maňa Kurany täzeden, has düýpli öwretdirdi. Sygyrlarymyzy, goýunlarymyzy örä men alyp gidýärdim. Sybgatullah menden üç ýaş kiçi. Diýmek, men dokuz ýaşymda bolsam, ol alty ýaşynda bolmaly. Şol sebäpden, öýüň ähli getir-düşür işleri maňa galýardy.

Boş wagtlarym kitap okaýardym. Nädip öwrenenimi bilemok. Ýöne, özümi bilenim bäri osmanlyjyna suwara okaýardym. Kakamyň näçe kitaby bar bolsa, barysyny okap çykdym. Kakamyň ýüreginde orun tapan sahaba söýgüsi maňa-da geçdi. Sahabalaryň durmuşyna degişli hekaýatlary, ine, şol ýaşymdan, ýatdan diýen ýaly bilýärdim.

Birinji arapça halypam – kakam boldy. Maňa Emsile hem-de Binadan bir bölek okatdy. Soň käbir adamlar kakama meni „hafyz et“ diýipdirler. Birbada kakam ikirjiňlendi. Ahyram, iki-üç oglan bilen bile menem hafyzlyga ugrukdyrdy.

Hojalygyň işlerinden hem-de mal ideginden daşary wagt tapyp bilsem, ýat tutup bilýärdim. Muňa garamazdan, gowy okan mahalym ýarym jüze çenli ýat tutup bilýärdim. Tomusyn-a boş wagt ýok diýen ýalydy. Şol gyş hyfzymy tamamladym. Birinji gezek, şol ýylyň tomsunda meni „Okasyn“ diýip öýüň hem mellegiň işlerinden boşatdylar. Sebäbi, kakam meni hasangalaly Hajy Sydky molla diýen bir adamyň ýanyna okuw üçin – tejwid öwrenmäge eltip tabşyryp gaýtdy. Ýöne Hasangalada ýaşara ýerim bolmansoň, her gün Alwardan gatnamaly bolýardym. Şol wagt on ýaşymdadym we her gün 7-8 kilometrlik ýoly pyýada sökmeli bolýardym.

Hajy Sydky molla mata-marlyk söwdasyny edýärdi. Işinden sypynan wagty, bize okuw okadýardy. Dükanynda birki okuwçy bolup okaýardyk. Günortan öýünden nahar getirip, biziň garnymyz doýrardy. Bizi diňe Allahyň razylygy üçin okadýardy. Başga hiç zada hantamaçylygy ýokdy.

Başda, kakam meni haýsy ugurdan goýberjegini bilenokdy. Näme üçin esli wagtlap oýlanyp gezenini bilemok. Men şol wagtyň dowamynda kitap okaýardym. Ara wagt düşensoň, Alwar ymamy kakama: „Muny hökman okadaly!“ diýipdir. Şeýdip meni, Alwar ymamynyň agtygy, menden 5-6 ýaş uly Sady aganyň ýanyna ugratdylar.

Sady molla päk hem terbiýeli adamdy. Ýöne ýaş bolansoň, onuň tejribesi azrakdy. Meni başdan başlatdy. Iki ýarym aýyň dowamynda Emsile, Bina we Merahy sözlemleri ýatlap okadym. Ondan soň Izhary tamamladyk. Kapyýany okamasagam bolar diýip, menden bir ýyl öň gelen şägirtler bilen bile Molla Jamyga başlatdy.

Okuwyň dowamynda Alwara-da gidip gelýärdim. Bir gezeginde Alwar ymamyny soramaga-da bardym. Onuň daşyny sekiz-on sany baý, atly-abraýly adamlar gallap otyrdy. Olara şeýle diýdi: „ Men häzir şägirdime birnäçe sowal berjek. Eger barysyny biläýse, her biriňiz on liradan berersiňiz!“. Molla Jamydan diňe bilýän ýerlerimi sorady. Bu-da Alwar ymamynyň keramatlarynyň biridi. Onsoň şol ýerdäki adamlaryň hersi maňa on lira pul berdi. Elbetde, şol wagtlar bu ummasyz puldy. Şol wagtlar bir reşad altyny ýigrimi lira durýardy. Alwar ymamy meniň näçe lira gazananymy sorady. Men mukdaryny aýdanymda, ol myssa ýylgyrdy-da: „Onça pul kän. Men ol puly Osman molla bereýin, gowusy. Goý, ol medrese üçin azyk-owkat alsyn“ diýdi. Meniň elimde puluň galanyny-galmanyny bilemok.

Ýeri geleninde, ýene bir geň wakany hem gürrüň bermän geçip biljek däl. Çakym bilen, Merah okaýan döwrümdi öýdýän. Medresedäki dost oglanlar menden bir zady ýaşyrjak bolýardylar. Ahyry öz aralarynda gürrüň edip otyrkalar, şol ünjüli habary eşitdim. Babam bilen mamam bakyga göç edipdirler.

Dünýäm başyma ýykylana döndi. Gaty gynandym. Dersi okap bolanymdan soň, ýola düşdüm. Elbetde, jynaza namazlaryna ýetişip bilmedim.

Ençeme günläp gözýaş dökdüm. Gije-gündiz: „Eý, Rebbim! Ýalbarýan, meniň hem janymy al! Babam bilen mamamyň ýanyna baraýyn“ diýip dileg etdim. Olaryň dünýeden gidenine asla ynanyp bilemokdym. Edil häzirem şol hasratdan aýňalyp bilmän ýörün. Babam bilen mamam ýadyma düşdügi, ýüregimdäki hasrat ody köreýär-de, gaňşyrawugym syzlap gidýär. Nätjek, eliňden gelýän zat ýok. Hakykaty boýun almaly.

Bu dereje gussa batmagymyň sebäbi, biziň maşgala agzalarymyz biri-birini çakdan-aşa söýýärler. Doganlaryň arasynda-da şeýle söýgi hökmürowandyr. Mysal üçin, men Edirnä giden günümden başlap, Mesih ýeke agyz sözem gürlemändir. Men gullukdan wagtlaýyn rugsada gelýänçäm, jigimiň şu ýagdaýy üýtgemändir. Bolmasa, Erzuruma dört ýyldan soň gaýdyp barypdym.

Çagakam jigim aýrylypdy. Men ençeme ýyllap onuň guburynyň başynda gözýaş dökdüm. Kinniwanja ellerimi galdyryp: „Allahym! Ýalbarýan, meniň hem janymy al! Jigimi göresim gelýär.“ diýip näçe gezekler delmuryp dileg edenim şu günki ýaly ýadymda.

Şamil babam durmuşymyň bir bölegidi. Munise mamamsyz durmuşy göz öňüne getiremok. Emma, olaryň ikisem aralarynda bir sagat tapawut bilen dünýeden gaýtdy. Men beýle güzaba nädip çydarkam? Beýle hasrata döz gelip bilerinmi?

Gussa doly günlerimiň näçe wagtlap dowam edenini bilemok? Ýöne ýoňsuz wagtyň geçenini bilýärin. Ahyry zoraýakdan, Erzuruma – öňki medresäme dolandym...

Sapaklaryma bökdençsiz taýýarlandym. Az ýatyp, gijelerine okuw okap geçirýärdim. Şol döwürler başga mümkinçilik bolmansoň, şemiň ýagtysyna kitap okamaly bolýardy. Halypam, bildirmän, gijeler assyrynlyk bilen gelip meni synlaýar eken. Ol meniň her gijäni sapak okap geçirýänimi görüp, begener eken.

Alwar ymamy we onuň ogly Seýfeddin molla bizi maşgalamyz bilen söýýärdi. Alwar ymamy kakama: „Oglum“, maňa-da „Şägirdim“ diýerdi. Ine, Alwar ymamyň bizi şeýle söýgülemegi, biziň oňa nä derejede ýakyndygymyzy ýüze çykarýar. Ýöne Sady molla bilen düşünşip bilmedim, şeýdibem, medreseden çykmaly boldum.

 

Alwarlynyň aýrylmagy

Ömrümiň iň hasratly pursatlarynyň biri-de, Alwar ymamynyň dünýeden gitmegidir. Şol gün menem Alwardadym. Ýadyma düşüşine görä, irdendi. Myhman jaýdaky diwanda uzanyp, dynç alyp ýatyrdym. Birdenkä, gulagyma ses eşidildi. Ol, ses diýip sesem däldi-de eňşeşikdi. Gulagymda uwwuldaýan ses: „Efe öldi“ diýip bagyrýardy.

Zöwwe ýerimden galdym. Penjegimi elime alyp, eňdim. Efe hezretleriniň öýüniň golaýyna baranymda bar zada düşündim. Efe, dogrudanam, dünýeden gaýdypdy. Töwerek-goňşularyň bary öýüň daşynda hyň berýärdi we adamlar çyny bilen aglaşýardylar. Ýer togalagy uly ýitgä sezewar bolýar, „Efe aýryldy“ diýip zaryn ses bilen aglaýar. Agy-eňşeşikler telim günläp, aýlap dowam etdi. Henizem aglaýarys, ýöne sessiz.

Kakamyň obadan göçmegi maňa agyr degdi. Sebäbi, şol oba Alwarly ymamyň ýatlamalaryny özünde jemleýärdi. Kakam ýene-de ymam boldy. Täzeden oba dolanyp baryp, daýhançylyk bilen meşgul bolmagy müwessa bilmedi. Kakam Artuzu diýen kiçiräk oba göçüp bardy. Şol obada ymam boldy. Soňam Erzuruma göçdi. Baran obamyzda kakam aňtalýardy. Ony oba sygdyryp bilmeýänlerem bardy. Bulary ýadymdan çykaryp bilemok. Alwarda wagty bolsa ony her kim gowy görýärdi.

Seýfeddin aganyň bajasy Hamid aga bogaz düwnük keseline uçrany üçin, bogazy deşikdi. Onuň özi obanyň baý adamlarynyň biridi. Bokurdagynda kümüşden ýasalan turbajyk durýardy. Elini şol ýere goýmasa, gürläp bilmezdi. Diýseň köpügören adamdy. Bir gün obanyň içinden bosgunçylar geçip barýarka, birdenkä aglap başlapdyr. Kakam: „Agam, näme üçin agladyň?“ diýip sorapdyr. Ol bolsa: „Ramiz gardaş, seniň hem bir gün edil şolaryňky ýaly güne düşjegiňi oraşan gördüm“ diýip jogap beripdir. Kakam ol ýagşyzada adamy hemişe gussa bilen ýatlardy.

Sady molla Erzurumda, Gurşunly mesjidiniň medresesinde okadýardy. Üçegi agaçdan bolup, kiçeňräk medresedi. Eliň aýtymy ýaljak ýerde baş-alty adam bolup bolýardyk. Kakam birinji gezek meni şol medresä ýazdyrdy. Elimde sandyjagym bardy we barça goşum şol sandykdan ybaratdy...

Görgi baryny görýärdik. Gyşyň aýazly günlerinde hajathanalarda köp ýuwnandyryn. Aýagym buza ýelmeşip gidýärdi. Bir aýagymy ýuwup, soň ony ýere goýýan, beýlekinem şeýdip ýuwýaryn. Depämden buz ýaly sowuk suw eňterýän günlerimi hiç ýadymdan çykaryp bilmerin. Hor-homsy gün görýärdik.

Kakam bütinleý diýen ýaly obadan örküni üzdi. Başga edere alajam galmadymyka diýýärin. Şonça çagany ekläp, saklamak aňsat däldi. Maňa çörek pulumy zordan tapyp berýärdi. Kakamyň berýän puly meniň sowalgam bolýardy. Kyn günleri başdan geçirdim...

Sady mollanyň ýanyndan gidenimden soň, Kemhan mesjidiniň ýanyndaky medresä bardym. Goş diýerlik ýekeje sandygym bardy. Şol medresededen atlary ýadymda galanlar: Halis bilen Muhýiddin. Alwarly Halis maňa köp ýagşylyk edipdi. Bäş-alty oglan bolup bolýardyk. Eger biriniň ýanyna myhman geläýse, ýatyrara ýerimiz bolmaýardy. Örän darajyk otagdy. Ol ýerde ýadymda galan bir waka şeýleräk.

Ýatmaga hyýallananymda seretdim welin, aýagymy dost oglanlaryň birine tarap uzatmaly boljak. Sylamaýan ýaly bolaýmasyn, diýip oňa tarap aýagymy uzadyp bilmedim. Beýleki tarapda-da kitaplarymyz durýardy. Kitaplara tarap asla aýagymy uzadyp ýatyp bilmerin. Beýleki tarap bolsa kybla bolýardy. Aýagymy uzadyp bolaýjak ýekeje ugur galýardy, olam Korujyk obasyna bakan bolýardy. Şonda men kakam Korujykda bolaýmasyn, ony sylamazlyk etmäýin diýip, şol ýana-da aýagymy uzadyp bilmedim. Birnäçe gijäni şeýdip çirim etmän geçiripdim.

 

Sylag-hormat

Ýadymdam çykmanka, şuny hem belläp geçesim gelýär: Men ömrümde bir gezegem kakama bakan, başgaça aýdanyňda, onuň doglan hem jaýlanan obasy bolan Korujyga tarap aýagymy uzadyp ýatmadym. Men enem-atama şeýle hormat goýýaryn.

Şeýle dar otagda alty aýlap bolduk. Muhýiddin diýen oglan aramyzda iň ulymyzdy. Ol mesjidiň azançysy bilen dilleşipdir. Ol-a okuwy taşlap gitmeli, azançy bolsa şol otagy öz öýüne birleşdirmeli eken. Elbetde, bizem ol ýerden gitmeli bolduk.

Daş mesjidine bardym. Ol ýeriň ymamy Jemal mollady. Ol adam Seýfedin mollanyň ikinji bajasy hem bolýar. Meniň medresä girip çykanymy görüpdir-de, ol ýerdäkilere: „Şol, Ramiziň ogly bu ýerlerde näme işläp ýör? Ony asla okuwa kabul edäýmäň!“ diýipdir.

Ol ýerden gitmeli boldum. Näme etjegimi bilmän, alakjap ýördüm. Erzurumda sallah adama kireýne öý bermeýärler. Muny namys bilýärdiler. Köwüş ussasy bardy. Onuň harby gulluga çagyrlanyny eşitdim. Onuň kiçiräk külbesi bardy. Içinde diňe oturmaly, dikaýak üstünde durup bolmaýardy. Näme bolsa bolsun diýip, ol jaýy kireýne almakçy boldum. Aýda bäş lira ylalaşdyk.

Begenip, medresä bardym. Sandygymy alyp, yzyma gaýtdym. Gelemsoň, ol adam hem pikirinden dändi duruberdi. Elim goşly, ýoluň ortarasynda doňup durdum. Barara ýerim ýokdy.

 

Mesjitdäki otag

Myrat paşa mesjidiniň ýanynda Ahmediýe mesjidi ýerleşýärdi. Ol mesjit ýumruljak bolup dur. Içerde gatyrak gygyrsaň, gümmezden daşjagazlar dökülýär. Mährap ýeri diýseň oýulypdyr. Kimdir biri ol ýeri kesip alyp, özüne ýer edinipdir, soň bolsa ony taşlap gidipdir. Ol taýyny görüp, begenjimden ýaňa uçaýjak boldum. Şobada Zinnur atly, menden birki ýaş kiçi, hafyzlyk edýän dostumy çagyryp geldim. Agamdan seredip öwrenen ussaçylygym bilen ol ýere diwar ördüm. Ýeke-täk kömekçim Zinnurdy. Alty metr beýiklikde diwar ördük. Ýogyn simler bilen diwary üçege-de bagladyk. Bir gapam oturtdyk. Peç tapyp ot ýakanymyzda, bizden bagtly adam ýokdy. Indi, hiç kim bize goşulşyp bilmeli däldi. Sebäbi, öz azabymyz bilen, başymyzy sokar ýaly ýer edinipdik. Gören adam bize: „Bu ýeri ýumrulaýmasyn“ diýip duýdurýardy. Ýöne biz pitiwa edemzokdyk. Okuwyň galan ýylyny şol ýerde geçirdim. Bizden soňam ol ýerde näçe ýyllap ýaşan okuwçylar bolupdy. Esli wagtdan soň gadymy ýadygärlik diýip biziň ören diwarymyzy ýykypdyrlar. Diwaryň örülen ýeri häzirem belli bolup dur.




©2015 studopedya.ru Все права принадлежат авторам размещенных материалов.