Помощничек
Главная | Обратная связь


Археология
Архитектура
Астрономия
Аудит
Биология
Ботаника
Бухгалтерский учёт
Войное дело
Генетика
География
Геология
Дизайн
Искусство
История
Кино
Кулинария
Культура
Литература
Математика
Медицина
Металлургия
Мифология
Музыка
Психология
Религия
Спорт
Строительство
Техника
Транспорт
Туризм
Усадьба
Физика
Фотография
Химия
Экология
Электричество
Электроника
Энергетика

Yslam Anadola Ahlatdan baryp girdi 4 страница



 

Osman halypa

Sady mollanyň ýanyndan gidenimden soň, Osman Bektaş halypanyň ýanyna bardym. Osman hoja fykyh biliminiň ussadydy. Eger-de müftülige fetwa soramaga biri geläýse, şol wagt müfti wezipesinde oturan Sadyk molla garawuly iberip, Osman agany müftülige çagyrdýan eken. Haçan görseň aladasy bilen başagaýdy. Maddy ýagdaýy gowudy.

Osman hoja meni izhardan okadyp başlady. Birki ders okanymyzdan soň: „Molla Fethullah! Seni bu sapak bilen güýmemäli. Senem Jamyny oka“ diýdi. Şol wagt meniň bilen bile sapak alýanlaryň ýadymda galanlary: Mehmed Kyrkynjy, Jemaletdin Kaplan, Jewdet Bilijan. Jewdet Iwrindiň müftüsidi. Ol ulag heläkçiliginde dünýeden gaýtdy. Jan ýaly dostumdy.

Mehmed Kyrkynjy hoja bizden öňem başga ýerlerde bilim alypdyr. Şonda-da, Osman halypadan şol bir dersi alyp gitdik. Jemaletdin hojanyň ýaşy menden uludy. Osman halypadan köp zat öwrendim. Ol bizi iki ýyllap okatdy. Şol ýyllarym örän netijeli geçdi. Okuwyň dowamynda Jamyny hem-de Telhisi tutuşlygyna ýat tutduk. Bizden soňky gelýänlere sapak okadanymyz gowy boldy. Okap dynan kitabymyzy arkaýyn olara öwredip bilýärdik. Fykyh we Fykyh Usuly sapaklaryny hem şol bir halypada okadyk. Soň bolsa men Edirnä gitdim.

 

Tekke we medrese

Men medresede okasamam, tekkäni (Zikr aýtmak üçin jemagatyň ýygnanýan ýeri) goýmadym. Alwar ymamy dirikä, onuň ýanyna kän gatnapdym. Gözümi hem-de ruhumy birinji açan ýer – tekke boldy. Meniň üçin tekkäniň hem-de medresäniň täsirleri hemişe birmeňzeş äheňde gidýärdi.

Çagakam Alwar ymamyndan gören keramatlarym meni şeýle bitewilige elten ilkinji basgançaklar boldy. Alwar ymamy dünýeden gaýdandan soň, Rasim baba atly bir kadyry şyhyň ýanyna gatnadym. Ol şyhyň Mehmet diýen bir ogly bardy. Ol hem Osman Bektaşy hojadan sapak alýardy.

Ýaşym kiçi bolsa-da, Rasim baba hemişe meni edil sag gapdalynda oturdýardy. Meni çakdanaşa gowy görerdi. Ýöne şägirtleriniň arasynda bir gep döredi. Hamana, şyh meni giýew edinjek bolýarmyş. Bu gep meni bar zatdan sowatdy. Gaýdyp ol tekkä barmadym.

Gujurlydym, mydama hereketdedim. Yzygiderli beden maşklaryny berjaý edýärdim. Men özümde bar bolan şol gujury hemişe dogry ýola gönükdirmäge jan etdim. Allaha ýüzde-müň şükür. Ýaşlygymyň ýelginli ýyllaryny sag-aman geçirdim.

Giç agşama çenli Erzurumdaky ähli kümmetleri aýlanyp, ol ýerde ýatan öwlüýälere ýasyn okaýardym. Erzurumdan gidýänçäm, şu endigimi goýmadym.

Gorky menden gitdi. Muňa çensiz batyrgaýlyk diýse hem bolar. Gurşunly mesjidine barýan suw ýoly bilen ýaltanman gatnaýardym. Ol ýoldan ýöremek diýmek, ajalyňa el bulamak diýmekdi. Sebäbi, köplenç ol ýolda ýer hopýardy.

Göz açyp-ýumasy salymda Gurşunly mesjidiň öňündäki beýik derek agajynyň depesine çykyp bilýärdim. Agajyň depesinden töweregi synlamagy gowy görerdim. Minaranyň şerepesiniň üstüne çykyp ýöremegi halaýardym. Emma, şol pursat meni synlaýanlaryň ýüregi lerzana gelýärdi we olar köplenç maňa seredip bilmezdiler.

Örän titi, tämiz hem-de şol döwre kybap geýnerdim. Näçe günläp aç galýan wagtlarym bolýardy, ýöne ütüksiz jalbar, boýagsyz köwüş geýenimi gören ýokdur. Ütük ýok wagty jalbarymy krowat bilen düşegimiň arasynda goýýardym. Şol ýerde-de jalbarym ütüklenen ýaly bolýardy.

Käwagtlar dost oglanlar meniň şu bolşuma geň galýardylar. Tekke bilen baglanyşygym bolansoň, beýle titi geýnişime hem galjaňlygyma düşünip bilenokdylar.

Tekkedäki dostlarymyň biri maňa „Ütükli jalbar geýýäň!“ diýip gaharlanypdy. Onuň şeýle diýeni ýadymdan çykanok. „Gardaş, sen takwarak bolsana!“ Ütükli jalbar geýmegiň takwalyk bilen näme dahylly ýeri bar?!

1941-nji ýyl. Üç ýaşymdadym. Üçegiň üstüne çykyp, gelip-gidýänleri synlaýaryn. Şol wagt esgerlerem geçip barýardy. Olar öz aralarynda gürleşip, heňek atyşyp gelýärdiler. Ol wagtlar esgerler gaşly başgap geýýärdi. Ýöne indi-indi gaşly başgap däl-de, amerikanlaryňky ýaly gaşsyz başgaplary geýip başladylar. Meniň näme üçindir, täzeden bäri geýilýän gaşsyz başgaplar gözüme has hoş ýakýardy.

Täze döwrüň esger başgaplaryny birinji gezek görenim ýadyma düşýär. Ine, men şeýdip üçegiň üstünde töweregi synlap otyrkam, bir esgeriň kellesindäki başgaba gözüm düşdi. Başgaby gaşsyz bolansoň, ol beýlekilerden gözeilgiç saýlanyp durdy. Gaşsyz başgaby geýen esger gözüme hasam merdemsi bolup göründi. Ol bar ünsümi özüne çekdi. Göýä diýersiň gözüm başga zady görmeýän ýalydy. Näme üçin ol esger meniň beýle ünsümi çekdikä? Ýa onuň daş keşbi beýlekilerden saýlanýarmydy? Ýa onuň eşigi beýlekilerden üýtgeşikmidi? Ýok. Diňe başgaby üýtgeşikdi, gaşsyzdy. Elbetde, şol aýratynlyk meniň ünsümi çekendir. Emma, başgabyň gaşly ýa gaşsyz bolmany, näme üçin üç ýaşly bir oglany oýa batyrýarka? Gaşly başgap näme üçin onuň göwnüne ýaramadyka? Şol ýaşymdakam bu sowallara jogap tapyp bilmesem gerek. Şol pursatda ol ýigide kimdir biri „Ebu Talyp!“ diýip seslendi. Ine, şonda ol ýigit meniň göz öňümde deňi-taýsyz gahrymana öwrüldi. Gözüme düýbünden başgaça bolup göründi...

Kakam öýde Ebu Talyp barada kän gürrüň ederdi. Edýän gürrüňinden onuň Ebu Talyba çäksiz hormat goýýandygyny aňsa bolýardy. Elbetde, kakamyň dilinde kän gaýtalanýan bu at beýik gahrymanyň, beýik ynsanyň ady bolmalydy. Şol wagt Ebu Talybyň diňe adyny bilýärdim. Emma, kakama hormat goýýanym üçin, Ebu Talyba-da hormatym uludy.

Hawa, diýmek, kakamyň gürrüň berýän ol beýik adamsy – Ebu Talyp, hanha meniň öňümden geçip barýan şol adam bolmaly diýip oýladym. Şol ýaşymda Ebu Talybyň on dört asyr öň ýaşap geçendigini men näbileýin?! Aýdyşym ýaly, Ebu Talybyň kimligi maňa şol wagt onçakly möhümem däldi. Ol diňe hyýalymda orun tapan bir gahrymandy, bar bolany. „Asyl ol gahryman diri eken, biziň obamyza gelipdir-ä“. Ebu Talyby gördüm diýip begenmek begenýärin. Hiç zatdan habarsyz, egindeşleri bilen bir hatarda öňe ümzük atyp barýan ol esgere haýran galyp seredýärin. Ol maňa hasam üýtgeşik bolup görünýär. Sebäbi, onuň başgaby, men ony beretka diýip bilýärin, gaşly başgap geýen beýleki esgerleriň barysyna aňyrda dur didirýärdi. Ol gahrymanym beýleki esgerleriň howuny basýan ýalydy. Ine, şol mahal Şamil aganyň kellesinden aýyrmaýan sellesi bilen şol beretkany garjaşdyrýaryn. Polisiýadan gorkusyna şlýapa geýýän oba ilaty bilen babamyň arasyndaky tapawudy şol esgerlerde görýärin. Kakam hem hemişe sellesini başyndan aýyrmany üçin, deňeşdirmäm hasam jüpüne düşýär. Men selle daňynýan, beretka geýýänleriň hataryna goşulýaryn. Ebu Talyby bolsa öňümizde baştutan edip goýýaryn...“

 

Nasara

Bir hepdäň içinde Emsiläni ýat tutupdym. Halypam Alwar ymamynyň agtygy bolany üçin, medresämize uly halypalaram myhmançylyga gelýärdiler. Emsiläni ýaňy tamamlan döwürlerim şol halypalaryň biri menden Nasarany sorady. Menem aljyrap: „Urdy bir gaýyp är“ diýdim welin bary gülüşdi.

Olaryň biri„ Oglum- diýdi. - (Nasara) uraýsa, (Darebe) näme etmez?“. Şu waka ýadymdan çykmandyr.

Okuwymy tutuş jemleseňiz, iki ýyl okandyryn ýa okan däldirin. Şol wagtlar okuwça „ilal idgam“ ýat tutdurlyp, wagt ýitirilýärdi. Okuw maksatnamasy doly işläp düzülen däldi. Edirnä baranymda biri bilen Buharyny okadym.

Mende Kastalany bardy. Gaýdyp gelenimde, halypama aýdyp gördüm. Maňa: „Sen nire Buharyny okamak nire?“ diýdi. Dogry, halypamyň özem Buharyny okamandy. Ýöne, ol fykyhda ussat diýip tanalýardy. Hemmeler ondan fetwa alýardylar.

Ikinji ýa-da üçünji gezek kürsä çykyşymdy. Gurban baýramy mynasybetli wagyz edýärdim. As bin Wail hakda bir wakany gürrüň berýärdim.

Pygamberimiz (s.a.w) Käbä barýarka, ýolda As bin Wail bilen gabatlaşypdyr. Bir salym gürleşip, soň hersi öz ýoluna gidipdir. As bin Waila „Kim bilen gürleşdiň?“ diýip sorapdyrlar. Olam (Haşa): „Nesli ýiten bilen“ diýip jogap beripdir. Ine, men şu wakany gürrüň berjek bolup durkam, kitaba seredipdirin. Bu wakany Ebu Hureýreden (r.a) rowaýat eden tabiýin ymamlaryndan Ebu Salih gözüme iläýdi. Aljyrap „Ebusyny“ görmändirin. Pygamberimize (s.a.w) şeýle bolgusyz sözi aýdan adam oldur öýdüpdirin. Şeýdip „Salyh“ adyny ýepbekläp başladym. Kürsüde oturan ýerimden Salyh bilen tutda-bas boldum. „Edepsiz Salyh! Biynsap Salyh! Pygambere (s.a.w) şeýle diýerlermi, eý, akmak Salyh!“ Agzyma gelenini diýipdirin.

Namazdan soň öýe bardym. Görsem, kakam gülüp ýykylyp ýatyr.

Asyl, men bu zatlary aýdyp otyrkam, obamyzda diňe baýram namazlarynda mesjitde görünýän Salyh diýen bir adam edil meniň öňümde oturan eken. Men kürsüden Salyha gygymy pürkýärin, ol adamyň ýüzüniň reňki her hili bolýarmyş. Indi, oglanlar bilen sapak okanymyzda haçan şol rowaýatyň üstünden barsak, Salyhly wakany ýatlaman geçemok.

Kyrkynjy hoja maňa hem-de Selaheddin bilen Hateme: „Ussat hezretleriniň ýanyndan bir adam gelipdir, agşam söhbet etjekmiş, şol ýere gideliň“ diýdi. „Bolýar“ diýdik. Sebäbi, Ussadyň ýanynda bolan adamy birinji gezek görmeklik biziň üçin ýatdan çykmajak waka boljakdy.

Mehmet Şergiliň tikinçilik dükanyna bardyk. Darajyk ýer eken. Birinji ýa ikinji gijeler ol ýere baran adamlaryň atlaryny ýadyma düşeninden aýdaýyn: Mehmed Şewket Eýgi, Esat Keşafogly we Osman Demirjidir. Şewket Eýgi harby adamdy. Esad Keşafogly bolsa ol wagt uly leýtenantdy. Ussat hezretleri Muzaffer Arslana: „Gündogary bir aýlanyp gaýt“ diýipdir. Olam Siwasy, Erzinjany we Erzurumy aýlanyp görmäge gelipdir. On bäş güne golaý Erzurumda boldy. Birinji gije Hüjumaty Sitte okaldy. Ertesi gün Bäşinji Şuadan sapak berildi. Biziň bilen gelen mollalaryň käbiri ol kitapdaky garaýyşlary tankytladylar. Soň olar söhbete gelmedi. Aýdylýan pikirler maňa biçak täsir edipdi. Esasan, Muzaffer Arslanyň, edil sahabaňky ýaly durmuşda ýaşamagy, sadalygy hem pespälligi maňa has täsir edipdi. Sahabalaryň aşygydym. Ony görüp: „Ine, gözleýän adamlarymy tapdym“ diýdim we soňam hiç haçan olardan aýrylmadym.

Muzaffer Arslanyň jalbarynyň iki dyzam ýamalydy. Penjegem şondan gowy däldi. Şeýle sadalyk meni üýtgeşik duýguly dünýä atardy.

Ol ybadatlaryny kämil derejede ýerine ýetirýärdi. Onuň namaz okaýşy, dileg edişi maňa büs-bütin üýtgeşik bolup göründi. Sapak diňlemäge gelýänleriň arasynda Çigdem dükanynyň eýesi Zeki aga-da bardy. Onuň dileg edişi hoşuma gelýärdi. Çyn ýürekden dileg edýärdiler.

Osman hojadyr Sady molla dagy meni pikirimden dändirjek bolup, baý, azara galdylar. Esasan, Osman Bektaş halypanyň iň göreldeli şägirdidim. Onuň halypalygyna-da sözüm ýok. Emma, onuň risaleleri tankytlap aýdan sözleri maňa asla täsir etmändi. Diýseň berk ýapyşdym. Muzaffer Arslan ol ýerden gidýänçä her gün diýen ýaly ýanyna bardym. Ony ugratmak üçin otly menziline bäş adam bolup barypdyk. Mehmed Şergil, Zeki molla, Kyrkynjy hoja, Hatem we men.

Aradan näçe wagt geçenini bilemok. Köp wagt geçmedimikä diýýärin. Ussatdan Erzuruma bir hat geldi. Hat kime diýlip ýazlany, Ussadyň şol haty kime ýazdyrany ýadyma düşenok. Salamyny iberen adamlarynyň ady bardy. Soňragynda „Fethullah bilen Hateme hem salam“ diýlipdir. Adymyň agzalanyny eşidip, başym göge ýetdi. Gaty begendim. Ömrümde şolar ýaly begenen pursatlarym az-azdyr. Häzir ol hat kimde, nirede, onam bilemok. Ýöne şol maňa ýetik boldy. Soň söhbetlerden asla galmadym.

Biziň taraplarymyzda (Erzurumda) 1001 hatym okalýardy. Edilýän her bir hatym üçin bir dileg, birem ählisi üçin dileg edilýär. Şol ýyl ählisi üçin dileg edilmeli gün mübärek Regaýyp gijesine gabat geldi. Taýýarlyk gördük we Lala Paşa mesjidine gitdik. Şol gijede mesjitde ýer tapaýmak hem aňsat däldir. Namaz okalanda, her kim birek-biregiň arkasyna sejde edýärdi. Mesjidiň adamsy şeýle kändi.

Men mesjidiň Hünkär Mahwili diýilýän ýerine bardym. Namazdan soň ýüregim giňedi. Arzuw-isleglerim kalbymy joşa getirdi. Çyn ýürekden ýalbardym. „Allahym! Garaşyk et! Menem şu doganlarymyň arasyna goşulaýyn! Olaryň biri bolaýyn. Şu hyzmata özümi bagş edeýin. Geldi-geçdi adam bolmaýyn. Şu hyzmat bilen jebisleşeýin.“

Şol gün daň atýança dileg etdim. Ömrümde bir ýa iki gezek şeýle howala bilen dileg edip görendirin. Ahy-perýat edip, daň atýança gözýaş dökdüm. Şol gün Rebbimden diňe şol dilegi sorapdym.

Ertir namazyndan öň Sadyk molla diýseň duýguçyl wagyz etdi. Wagyzlary mydama şeýledi. „Pygamberimiz (s.a.w)“ diýende dodagyny ýalardy. Pygamberimize (s.a.w) aşyk adamdy. Onuň wagzy maňa-da gaty täsir etdi. Wagyz gutarýança agladym. Ýaka ýyrtyp, dat edip, ýene şol bir dilegi gaýtaladym. Hatym dileginden soň mesjitden gaýtdym.

Edil mesjidiň agzynda Hatem hoja meni idäp ýören eken. Meni görüp, ylgap ýanyma geldi. „Şu gije düýşümde Ussady gördüm. Saňa „Taryhçeýi Haýat“ kitabyndaky haty iberýär. Ýene-de saňa bir jam hoz iberdi“ diýdi.

Hatem hoja maňa şol düýşüni gürrüň berende, men ýykylman, nädip aýak üstünde durup bildimkäm. Häzirem geň galýaryn. Gije hijran oduna örtenip aglan bolsam, häzir men begenjimden aglasym gelýärdi. Duýgularyma erk etjek boldum. Şol ýerde Alwar ymamynyň aýdan sözlerini gaýtaladym:

„Men muňa hiç laýyk däl,

menem bendäniň biri.

Şonda-da eçilýär Ol,

maňa lufty-yhsany! “

Düýşde hoz görseň, „Ýolagçy bolýaň“ diýip ýorgut edilýär. Iküç aý öň iberilen salam, meniň şol gijeki ruhy ýagdaýym we Hatemiň düýşi, bularyň netijesinde men özümi şol doganlarym bilen bitewelişen hasap etdim. Olaryň welin nähili garajagyny bilemok. Ýöne men hemişe olar bilen biledigime ynanýaryn.

 

- Erzurumdan aýrylyp, Edirnä gidişiňizi gürrüň beräýiň. Edirnede näçe wagtlap bolduňyz? Şol wagtyň içinde näme etdiňiz? Ýatlamalaryňyzy aýdyp beräýiň!

- Kakam meniň Erzurumdan giderimi isleýärdi. Ýöne muňa her gezek ejem garşy bolýardy. Ahyry kakamyň diýeni boldy. Ejemiň hem razyçylygyny alyp, Edirnä gitmeli diýen netijä geldim. Edirnede Hüseýin Top hoja bardy. Biziň garyndaşymyzdy. „ Saňa eýe çykar, onuň ýanyna bar“ diýdiler. 18 ýaşy arka atypdym. „Syýahat, Ýa Resulullah!“ diýip, Edirnä bakan ýola rowana boldum. Edirnä gidip barýarkam, ýoluň ugrunda käbir ýerlere degip geçdim. Başda Ankarada boldum. Hajybaýramda dost oglanlaryň ýaşaýan öýi bardy. Olaryň ýanyna baryp gaýtdym. Hajybaýram şäheriň iň bir ajap etraplarynyň biridir. Tekkäniň perzendi bolamsoň Hajybaýram Welä-de aýratyn hormatym bardy. Ankarada näçe gün bolanym ýadyma düşenok.

Ystambulda-da birnäçe gün boldum. Sirkejide erzurumlylaryň bolýan ady belli „Erzurum“ oteli bar. Üçünji derejeli otel. Gündogaryň halky garybrak bolansoň, şeýle otel tüýs olar üçin. Ertire çenli gaşanyp, gars urup geçdim. Düşekleri, odeallary şol derejededi. Ol ýeriň gohy ýatmaýardy. Şonda-da, Erzurumdan Ystambula kim gaýdaýsa, oňa şol otelde bolmagy maslahat berýärler. Soň-soňlaram şu otelde bolup gördüm. Başga otellere juda az barandyryn. Oteliň golaýynda Hojapaşa mesjidi bar. Şol mesjitde kän namaz okandyryn. Sami molla hezretleriniň şägirtleri şol mesjide gelýärdiler. Elbetde, men muny has soň bilip galdym.

Ankarada bolan wagtym, bir aladamam, döwletiň din işleri boýunça guramasynyň alýan synagynyň wagtyny soramak boldy. Köp ýyllap Türk howa ýollarynyň ýolbaşçysy bolup işlän Mustafa Zeren atly bir deputat bardy. Ol adam kakamyň ýakyn garyndaşydy. Bir gije olam meni myhman aldy. Şol wagtlar deputatlaryň öýleri Bahçeliewlerde ýerleşýärdi. Otly Edirnä gijäniň birwagty bardy. Men küpede uklap galypdyryn. Garaagaç stansiýasynda bizi ýolbeletler turuzdy. Bizi diýänimiň sebäbi, uklap galan diňe bir men däl ekenim. Olar bilen bileje ýarym sagat dagyn ýöredik. Edirnä şeýdip bardyk. Geň galmaly, men bu şähere birinji gezek gelýärin. Gelibem, birinji gijämi Üç şerepeli mesjidiniň öňündäki jaýda geçirdim. Soňam şol mesjide ymam boljak ekenim.

Ertir bilen turup, Hüseýin mollanyň ýanyna bardym. Ol müfti bilen gürleşýänçä maňa wagtlaýyn, Ýyldyrym mesjidinde bir ýer tapyp berdi. Şol mahal müftiniň kömekçisi Ybraýym mollady. Hüseýin molla bolsa, hem-ä Ýyldyrym mesjidiniň ymamydy, hemem wagyz işlerini alyp barýardy. Ol wagtlar iki wezipäni birlikde berýärdiler.

Hüseýin Top hoja meni Ybraýym mollanyň ýanyna alyp gitdi. Ol meni ýaş gördi öýdýän, maňa „Synagdan geçmeli bolar“ diýdi. Men ylalaşdym. Edil häzir ýadyma düşenok, ýöne eline ilen bir kitaby aldy-da, maňa: „Oka“ diýdi. Ol fykyh kitaby eken. Açan ýerimi okap manysyny düşündirdim. Ybraýym molla maňa „ Daşaryk çyk“ diýdi. Bir salym soň Hüseýin molla-da daş çykyp, meniň ýanyma geldi. Ýüzündäki begenji görüp, özümiň synagdan geçenimi aňdym. Hüseýin molla bolsa içerde nähili gürrüň bolanyny aýdyp berdi. Ybraýym mollanyň: „Ýaşam bolsa, bilimden ýüki ýetik“ diýenine Hüseýin aga menden kän begendi.

Birki aýlap Akmesjitde namaz okatdym, wagyz etdim. Remezan aýam gabat gelipdi. Şol döwürler wagyz etmäge hukuk gazanmak üçin synaga gatnaşmaga Ankara gitdim. 15 günläp Ankarada bolup, ýene-de Edirnä gaýdyp geldim. Synagyň netijeleri soňrak belli bolmalydy. Ahyry bir gün Edirne müftüligine Ankaradan telefon gelipdir. Jaň edýän Mustafa Zerendi. „Ýegenimiň gözünden öpýärin, synagdan geçipdir“ diýip habar ýollapdyr. Hüseýin Top ýene-de biçak begendi. Meni kän gözläpdir. Ahyram tapyp, köçäniň ortarasynda buşlady. Gujaklap: „Synagdan geçipsiň“ diýdi. Arza ýazdym we Edirne müftüliginden iş soradym. Din işler guramasyndan „Ýok“ diýen jogap gelipdir. „Harby gullugy geçmäniňiz üçin, sizi müfti edip belläp bilemizok“ diýdiler. Men aýlykly işe-de girip bilmeýärdim. Sebäbi, pasportda ýaşym on ýedidi.

Suda ýüz tutup, ýaşymy ulaltdym. Şeýlelikde, pasportdaky ýaşym boýunça aýlykly işe girip bilýärdim. Müftülik boş ýerlere dalaşgärler üçin synag geçirdi. Şol synagda birinji boldum. Üç Şerepli mesjidine ymam bolmaga hukuk gazanypdym. Emma, Ybraýym mollanyň göz öňünde tutup ýöreni bar eken. „Seniň bahaň ýokary, ýöne olam harby gullugy dynan. Şonuň üçin, bije çekmeli boljak“ diýdi. Bije çekildi we adalat ýüze çykdy. Üç Şerepli mesjidine ikinji ymam hökmünde bellendim. Şonda birinji gezek aýlykly işde adym ýöräp başlady. Aýlygym 200 lira diýdiler. 30 lirasyny alyp galyp, 170 lirany elime berdiler.

Ilki bilen öýüň gözlegine çykdym. 50 lira kireýne bir kiçiräk jaý tapdym. Jaýyň howlusam bardy. Öý eýesi howlusyndaky bar zady ulanmaga ygtyýar berdi. Alan jaýym petige direýän köçäniň ugrunda ýerleşýärdi. Tomus pasly bolany üçin, ol jelagaýlaryň gyzdyr-aýallary gijä çenli köçä çykyp oturýardylar. Öýüme barjak bolsam, hökman olaryň üstünden geçmeli bolýardym. Her sapar ýöräp geçenimde, hammama giren ýaly bolup derleýärdim. 15 günläp şeýle ýagdaýda gatnadym. Soň welin ol taýyň gyzlary maňa, geçip barýarkam, söz gatyp başladylar. Şonuň üçin, ertir namazyna diýip çykanymdan soň, gijäň ýary bolýança öýe dolanamokdym. Aýyň aýagyna çenli şeýdip gatnadym. Ertir namazy gaty ir, ýassy namazy bolsa giç okalýany sebäpli, öýde bary-ýogy iki sagatjyk ýatyp bilýärdim. Öz ýanymdan „Günde iki sagat ýatjak bolsaň, kireýne öý tutup näme etjek? Şunça ýoly sökeniňe degenog-a“ diýdim. Goşlarymy arkama alyp, Üç şerepelä bardym. Şeýle netijä geldim: „Mesjidiň penjiresinde ýatyp turjak“. Şeýlelikde, harby gulluga gidýänçäm, ylaýyk iki ýarym ýyllap penjirede ýatyp turdum.

 

Dünýe baýlygym

Ol ýer ini iki metr we bir ýarym metr çuňlukda bolan bir penjiredi. Meniň bar dünýe baýlygym – gelemde ýanym bilen getiren iki sany odealdan, iki tabakdan, bir çemçeden, birem stakandan durýardy. Başdan öňüni alasym gelýärdi. Meni elpe-şelpelige eltjek ähli sebäpdir täsirlerden daşda durmalydym. Aşagyma bir odeal atyp, üstümem bir odeal bilen örtýärdim. Ine, Edirnäniň ynsany hababaýladýan şeýle sowuk günlerini şu halda geçirdim. Az iýip-içýänim üçin, kän ýatamokdymam. Käwagtlar birki günläp hiç zat iýmän gezýän wagtlarym bolýardy. Gündelik ukym birki sagatdan geçenokdy. Esasanam, haýwan önümlerinden gaça durýardym.

 




Поиск по сайту:

©2015-2020 studopedya.ru Все права принадлежат авторам размещенных материалов.