Помощничек
Главная | Обратная связь


Археология
Архитектура
Астрономия
Аудит
Биология
Ботаника
Бухгалтерский учёт
Войное дело
Генетика
География
Геология
Дизайн
Искусство
История
Кино
Кулинария
Культура
Литература
Математика
Медицина
Металлургия
Мифология
Музыка
Психология
Религия
Спорт
Строительство
Техника
Транспорт
Туризм
Усадьба
Физика
Фотография
Химия
Экология
Электричество
Электроника
Энергетика

Sagdyn beden sagdyn akyl



Lagerlerde ruh hem akyl maşklarynyň ýany bilen, gije-gündiz wagt tapylan mahaly, beden maşklaram ýerine ýetirilýärdi. Käwagt bolsa olary daşymda „ýarym aýlaw“ görnüşde oturdyp, sapak geçýärdim. Ideal nesil hem fiziki, hem-de medeni taýdan kemala gelen bolmalydyr diýen pikir bilen şeýdýärdim.

Elbetde, ol wagtlar etmeli-goýmaly işlerde häzirki wagtdaky ýaly erkin däldik. Bir zat etmeli bolsa, maňa iň ýakyn durýanlaram: „Halypalar ol işe näme diýerlerkä?“ diýip soraýardylar. Şu zatlar meni diýseň oýlandyrýardy. Halypalarsyz ýeke ädimem ätmeýärdik. Bir zady anyk bilsegem: „Halypalar bir zat diýäýmesin“ diýip alada galardyk. Bolmanda, bu meselede pikir erkinligini saklamalydy.

Birinji lager meniň üçin aladalyrak geçdi. Sebäbi, ähli zat meniň boýnumady. Çadyr dikmelem bolsa, nahar bişirmelem bolsa, bir zat döwlüp, ony bejermelem bolsa, garaz, bar zatda men jogapkärdim. Guýynyň nasosy kän bozulýardy. Ony hemişe özüm bejerýärdim. Şol ýyl togam ýokdy. Soňky ýyl 3 kw-lik kiçiräk bir generator edindik. Olam ýygy-ýygydan kemçilik tapýardy. Elbetde, bejermeli bolsa, ýene men ylgamalydym.

Soňam kän lager gurnadyk. Emma, ruhy taýdan lezzet alyp geçiren lagerim birinji lager boldy. Şol lageri asla unudyp bilmerin.

Hyýalymdan asla aýrylmaýan bir pikirim şudy: „Ýetişdirýän ýaşlarymyz edil esger ýaly düzgün-nyzamly bolmaly. Şonuň üçinem, lagerimiz harby bölümçeleri ýatlatmaly. Emma, ýaşlaryň ruhy açyşlara gidýän ýollaryny petiklemeli däl. Şu tarapdan seredeňde-de, lagerimiz tekkä (Tarykat agzalarynyň ýygnanşyp zikir edýän ýeri) meňzemelidir.“

Tesbihatyň, Jewşeniň we Ewrady Küdsiýäniň sesli okalmagy, lagerimize üýtgeşik öwüşgin berýärdi. Kalbyň ýany bilen aklyňy hem peýdalanmagy ýatdan çykarmaly däl. Şonuň üçinem, lagerlerde okalýan kitaplar we arapça sapaklar ol taýyny, göýä, medresä öwürýärdi. Şeýle ýagdaýdan soň, lagerimizde harbylaryň tertip-düzgüni, tekkäniň edep-ahlagy we medresäniň ylym-bilimi – şu üçüsi jemlenýärdi. Şeýlelikde, hyýalymyzda reňk hem çyzgylar taýdan doly çyzylan, gözelligi hem aýratynlygy bilen dörän dünýämize ilkinji ädim ädilipdi.

Çynymy aýtsam, bir sebäp çykaýmasa lageri taşlap, şähere gaýdasym gelenokdy. Diňe anna günleri wagyz üçin Izmire gidýärdim. Soňky ýyl rugsat aldym we lagerden asla çykmadym. Üçünji ýyl bolsa, ýene-de wagyz sebäpli, anna günleri gitmeli boldum.

Gijeler oýanyp ybadat etmeklik, gijeleriň gysgalýan döwürleri ir turup, ertir namazyna taýýarlyk görmeklik, giç agşama çenli kitap okamaklyk – bu zatlaryň bary ýer ýüzünde duş gelmeýän ýaşaýşyň has başga ölçegidi. Men lagerde, esasan, şu lagerde başdan geçiren duýgularymy bir goşgymda başardygymça beýan etmäge çalyşdym. Duýgularymy bolşy ýaly beýan etdim diýip biljek däl. Emma, kalbymdan syzan ruhy eşretimi düşündirjek boldum.

Beýik Biribaryň bizi goldaýandygyny hem-de goraýandygyny aýdyň görýärdik. Biz agzybirdik. Köpüň dilegini Allatagala öz rehmeti bilen kabul edýär.

Tanyş-bilişlerimiz Türkiýäniň dürli ýerinden öz okuwçylaryny bärik iberýärdiler. Urfadan, Diýarbekirden-de okuwçy gelýärdi. Kommunizmiň ösüp-pajarlan döwründe, kommunizme garşy alnyp barlan şeýle başarnykly göreş gelejegiň taryhçylaryny diýseň oýlandyrar.

Ikinji hem üçünji lagerlere, mümkingadar, ýüz tutan her okuwçyny aljak bolduk. Şunuň bilen birlikde, myhmançylyga gelip, ol ýerde birki gün bolup gidýänleriň hem san-sajagy ýokdy.

Aň-düşünjämiz hem erkimiz däl-de, nähilidir bir ylahy güýç bize şu haýyr işine itergi beripdi. Ine, bize görkezilen şeýle ýolam halkymyzyň galkynmagy üçin hem-de medeniýet babatda ösmegi üçin ullakan işlere yş açjakdygyny görkezýärdi.

Hawa, şu lagerler arkaly, imana hyzmat etmek babatda tutuş Türkiýede edilýän hyzmata barabar işiň edilendigini aýdyp bolar. Şol günler, her kim her ýerde şu lagerleriň gürrüňini edýärdi. Lagerleriň dabarasy dag aşypdy.

Käwagtlar Kaýnaklar obasyna, ondanam aňyrlara gidýärdik. Bir-iki gezek suwuň boýunda-da düşledik. Oba ilaty bizi gowy görýärdi we öz mümkinçilikleri bilen bize goldaw berýärdiler. Edilýän işlerden Kestanebazarynyň hem işgärleri gaty razydy. Olaryň bize hiç hili nägilelik bildiren ýeri bolmady. Ikinji ýyl okuwçylaryň sany iki ýüze ýetdi. Üçünji ýyl bolsa üç ýüz boldy. Elbetde, bu – şol ýerde hemişe bolýanlaryň sanydy. Olaryň arasynda bäş-on gün bolup gidýänlerem bardy. Ýerine ýene-de adam gelýärdi.

Sanymyz artdygyça, kynçylyklaram köpelýärdi. Esasan, üçünji ýyl erbet suw ýetmezçiligi ýüze çykdy. Daş ýerde ýerleşýän guýulardan ulag bilen suw daşaýardym. Hem-ä ulagy sürmeli, hem suw daşamaly, hem-de sapak okatmaly. Bularyň baryna eýgermek aňsat däldi. Şonda-da ýetişjek bolýardym.

 

Ýatdan çykmajak pursatlar

Generator gaty könedi. Her gün söküp, bejermeli bolýardym. Hamala, generator ussasyna öwrülen ýaly boldum. Bir gezek guýynam arassalamaly boldy. Pil-külüň alyp, ýoldaşlarym bilen onam gül ýaly etdik. Hajathanany we hammamy özümiz saldyk. Hajathanaň çukurynam özümiz gazdyk.

Men bu zatlary etdim diýip size gürrüň beremok. Durmuşymda ýatdan çykmajak, süýji pursatlar bolany üçin aýdýaryn.

Has soňraklar, ýoldaşlarymyň biri şeýle wakany ýatlap, şol gün maňa gaty geň galandygyny aýdypdy. Waka şeýle: „Men elim pilli, hajathananyň lagym çukuryny gazyp durdum. Okuwçylaryň biri bolsa: „Mugallym, şu ýerdenem iki pil depäýiň“ diýip maňa elini uzadyp görkezýär...“

Şu wakany maňa gürrüň beren ýoldaşym, meniň şol wagt näme üçin beýdenime düşünip bilmändir. Men bolsa şol döwürler näme edenem bolsam, öz borjum diýip edipdim. Hatda ýoldaşlaryma görelde bolaýyn diýen niýetimem ýokdy... Edýän her bir işimden lezzet alýardym. Elbetde, beýle diýdigim, kynçylyk bolmady diýdigim däldir. Kynçylyk mydama-da ýok däldi.

Mahmud Mahdum hojanyň aýdanlary häzirem ýadymda. Şeýle diýipdi: „Edil häzir, Ýer togalagynda şular ýaly ruhy howa baý bir ýer ýokdur. Käbede-de ýok. Şeýle ýaşaýyş bir-ä Sagadat asyrynda bolup geçendir. Birem, häzir, şu ýerde, sizde görýärin...“

Aradan esli ýyl geçensoň, Pygamberimiziň (s.a.w) guburyna zyýarata baranymda „Birki adam saňa sylag-hormat edipdir“ diýip, polisiýa menden hasap sorady. Ana, şonda has oňat düşündim. Lagerde bolşumyz ýaly, erkin durmuşda Mekke-Medinede-de ýaşap boljak däl eken. Şol ýerdekäm, Mahmud Mahdum hojanyň mamladygyna düşünip galdym.

Tertip-nyzamly, ýöne ruhy gymmatlyklara-da baý nesli kemala getirmeklik – biziň ýeke-täk maksadymyzdy. Şonuň üçinem, kitaplaryň okalmagyna, tesbihatyň üýşüp aýdylmagyna, Pygamber sünnetiniň durmuşa geçirilmegine, namazlaryň düzgüne laýyk okalmagyna, şular ýaly aýratynlyklara gaty üns berýärdik. Şol bir wagtyň özünde, olara tertipli bolmagy öwretmek maksady bilen, gijeler ýörişe çykýardyk, gündiz ylgaýardyk, dürli maşklary ýerine ýetirýärdik. Hernäme edýänem bolsak her işde içki dünýämizi gözden salamzokdyk. Ruhy dünýämizi arçamagyň ýollaryny gözleýärdik we ähli zady meýilleşdirip ýerine ýetirýärdik.

Üç aýlap lagerde bolmalydyk. Her etmeli-hesip etmeli, okuwçylaryň höwesini gaçyrmaly däldi. Üç aýlyk möhlet lager üçin köpdi. Lagerde beýle köp wagtlyk bolsalar, okuwçylar lageriň gadyryna düşünmezler diýen gorkym bardy. Şonuň üçinem, olaryň höwesini täzeläp durjak dürli ýollar tapmalydyk. Her hili bäsleşikler geçirýärdik. Olary topar-topara bölüp, birde öz aralarynda göreş tutdursak, birde ylgadýardyk, ýa bolmasa, uzaga daş zyňmakda bäsleşdirýärdik... Şeýdip, günümiz gyzgalaňly hem şüweleňli geçýärdi.

Iň soňky lager maňa gaty kyn düşdi. Sebäbi, ikinji lagere gelen okuwçylar öz başlaryna geljek gepi bilmediler. Topar-topar bolup her gün lagere adamyň gelip-gitmegi töwerekdäkileri birahat edip ugrady. Kestanebazarynyň ýolbaşçylaram nägile bolup başladylar. Lager ýeriniň eýeleri bolsa biziň ol taýda lager gurnamagymyza garşy boldular. Birnäçe adam eli paltaly öňümizden çykyp, biziň gözümizi gorkuzjak boldular. Olardan bize zowal geläýmesin diýip, menem lageriň başga bir ýerde geçirilmegini isleýärdim. Çatalgaýany, Nif daglaryny ylaýyk bir aýlap gezdim. Lager üçin ýer gözledim. Şol daglara bäş barmagym ýaly belet boldum. Ýöne amatly ýer tapyp bilmedim. Üçünji ýylam, başga ýer tapmanymyz üçin, şol öňki ýerde lager geçirmeli bolduk. Bolmasa, ol ýerde lager geçirmekçi däldim.

Bar zada kaýyl bolup, üçünji ýyl hem lageri şol ýerde gurnadyk. Emma, Kestanebazaryň ýolbaşçylary bize asla kömek etmediler. Tanyş-bilişlerimiziň goldawy bolmadyk bolsa, gaty kösenerdik.

Sürüji bolmansoň, lagerlerde men ulag sürýärdim. Müftüligiň kiçi awtobusyny wagtlaýyn ulanmaga alypdyk. Okuwçylary Bujadan lagere alyp gaýdýardym. Ulagy agdardym. Özümiň nädip daşaryk çykanymam bilmändirin. Goja Ýusup aýagymyň astynda ýatyrdy. Müftülikde kätip bolup işleýän Mewlüd beýiň ogly Sajydyň kellesi ýarylypdy. Üç-dört müň liralyk çykdaýjy bolupdy. Telefonda Mewlüd beýe ýagdaýy düşündirdim. Ogluna şikes ýetenini aýdamda, hiç haçan ýatdan çykaryp bolmajak şeýle jogaby berdi: „Mugallym! Meniň oglum ýaly ýüzlerçe ýigit seniň üçin gurban bolsun. Saňa hiç zat bolmady dälmi?...“

Üçünji ýyl ýoldaşlarym „Şkoda„ kysymly ulag satyn aldylar. Onam ýene-de men sürýärdim. Aramyzda menden başga ulag sürüp bilýänem ýokdy. Ýeke Hajy Muammer bardy. Olam ýaňy-ýaňy öwrenip başlapdy. Ýanymda Isa beý otyrdy. Buja gidip, uniwersitetde okaýan talyplary lagere getirmelidi. Magnitofona Kuran okaýan kasseta goýdum. Magnitofon bilen güýmenip barýarkam, birdenkä ulag togalandy. Ýene-de esli çykdaýjy boldy.

 

Ilkinji ulag heläkçiligi

Harby gullukdakam hem şeýle heläkçilige uçrapdym. Ybraýym atly hafyz, gowy oglan bardy. Şol wagt ulagda gidip barýardyk. Maňa: „Sürüp görjekmi?“ diýdi. „Bolýar„ diýip sürüjiniň ýerinde oturdym. Ömrümde bir gezegem ulag sürüp görmändim. Ybraýym maňa ulagy nädip sürmelidigni gysgaça düşündirdi. Ulagy otlamasyna otladymam welin, aljyradym. Göýä, ulag meniň diýenimi etmeýän ýalydy. Ulag myçyp barýar. Aragatnaşyk merkezine bakan barýarys. Ol ýerde uly tokly tranformator bardy. „Oňa nädip degmän geçip bolar?“ diýip, oýa batdym. „Roly sähel öwürsem, degmän geçip giderin“ diýdim. Men welin roly nädip öwürjegimem bilmedim. Ybraýymam aljyrap, hiç zat diýip bilmedi. Ulagy saklamalydygam ýadyma düşenok. Onsoňam, ulagy nädip saklamasynam bilemokdym. Harby bölümiň çägindäki bar zady diýen ýaly ýykan-ýumran etdim. Sag-sola kakyp, durman gidip barýarys. Soň görsem, beýleki ulaglaryň durýan ýerine bakan eňip barýarys.

 

Ulaglary ýoldan aýryň!

Öz ýanymdan pikir edýärin. „Şu duran ulaglary aýraýmazlarmyka, men şonda arkaýyn geçip giderdim“ diýýärin. Duran ulaglary kakyp, ullakan heläkçilige sebäp bolaýardym welin, Ybraýym tormoza basyp ýetişäýdi. Ulag saklandy. Allatagala erbet heläkçiligi başymdan sowdy. Starşina Nahid wakany synlap duran eken. Ol soň-soňam meni göreninde: „Ulaglary ýoldan aýryň, men arkaýyn geçeýin“ diýerdi. Üçünji gezek ulag heläkçiligine uçramda, özümiň ulag sürmeli däldigime düşündim. Duýgurlygym, refleksim sürüjiligi maňa gadagan edýärdi. Şeýlelikde, Allatagala meniň ulag sürmegime razy däl diýen netije çykardym. Galyberse-de, Jahid aganyň aýdan sözleri-de maňa gaty täsir etdi: „Mugallym! Allatagala sizi başga işler üçin ýaradypdyr. Ulag sürmäňizi goýuň!“ Birki gezek juda zerur ýagdaýda bolaýmasa, soň dagy-duwara ulag sürmedim.

Soňky lagere Mustafa Polatam gelipdi. Şondan bäş-alty aý soň ol dünýeden gaýtdy. Ol tüýs hyzmata berlen adamdy. Onuň dünýeden gaýtmagy bar dostlaryny, şol bir wagtyň özünde, menem gussa batyrypdy.

 

Birinji haj we ýatdan çykmajak wakalar

- 1968-nji ýylda birinji gezek haja gitdiňiz. Elbetde, mukaddes ýerlere, onda-da birinji gezek gidip görmeklik sizde öçmejek ýatlamalar galdyrandyr. Ýatlamalaryňyzy gürrüň beräýseňiz?!

- Belläp geçişiňiz ýaly, 1968-nji ýylda birinji gezek haja gitdim. Şol wagtlar, bilşiňiz ýaly Kestanebazarynda işleýärdim.

Haja gitmegime sebäp bolan wakalary öň size gürrüň beripdim.

Käbäni we Rawzaýy Tahiräni birinji görenimde, meni şeýle ruhy ahwalat basmarlady, ony söz bilen aýdyp bilemok. Edil maňa diýesleri ýok welin, aýdaly, şol pursatda jennetiň bar gapylary açylyp, meni içerik çagyrsadylar, şol mukaddes ýerden aýrylyp jennete girip bilmezdim. Haremi Şerife we Rawzaýi Tahirä baryp görmeklik maňa çäksiz lezzet beripdi...

Kestanebazaryndaky okuwçylara hemişe başgaça göz bilen seredýärdim. Yslam älemine degişli uly özgerişlikleriň, bolmanda, bir bölegi olaryň saýasynda amala aşýandyr diýen tamam bardy. Haja gidenimde, olaryň atlaryny ýazyp, ýanym bilen alyp gitdim. Olaryň barysyna ol ýerde atma-at dileg etdim. Başga-da tanaýan adamlarymyň köpüsine atma-at dileg etdim. Şol wagtlar Türkiýäniň çäginde tanaýan adamlarymyň sany häzirki gündäki bilen deňeşdirerden juda azdy. Şonuň üçinem, doga-dileglerimde olaryň barysynyň adyny agzap bildim.

Birinji hajymda ýatdan çykmajak wakalaryň biri şudur: Haremi Şerifde, esasan, jemagat bolup namaz okalanda, reňbe-reň gülleri ýatladýan halklaryň bary bile rukyg hem sežde etmekleri kalbymy täsin duýgulardan doldurýardy. Şol ýerde, dürli reňkdäki adamlar eginlerindäki özlerine mahsus eşikleri bilen, reňbe-reň açylan güllere meňzeýärdi. Haremi Şerif şeýle gözellikler bilen her pasyl gül ýetişdirýän çemenzarlyga çalym edýär. Şu görnüşi synlamak üçin rukyga hem seždä beýlekilerden gijräk egilýärdim. Şeýtmän saklanyp bilemokdym.

 

Şeýtanyň sesi

Bir gün ertir namazy üçin mesjidiň ikinji gatyna çykypdym. Ertir namazyny şol duýga berlip okadym. Namazdan soň zikir hem doga-dileg aýdyp otyrdym. Birdenkä, onuň özüni gözüm bilen görmesem-de, aýylganç sesini wyždanymda eşitdim. Şeýtan maňa: „Sen şu ýerden özüňi aşak oklasana!“ diýýärdi. Yzyny üzmän, birnäçe gezek maňa: „Özüňi şu ýerden okla!“ diýdi. Men: „Özüňi şu ýerden oklamagyň nä peýdasy bar?“ diýdim. „Zyýany ýok, okla özüňi“ diýip jogap berdi. „Bolýar welin, näme üçindigini aýt-da“ diýip gaýtadan soradym. Ol ýene-de: „Zyýany ýok. Sen özüňi şu ýerde okla“ diýip gulagymy kamata getirdi. Ätiýaçdan yza bir süýşeýin diýip, yza süýşdüm. Şol wagt meniň elli metr aňrymda duran Hajy Kemalyň hem yza süýşenini gördüm. Biz hajyň dowamynda hemişe bile bolduk. Soň men oňa öz başymdan geçen wakany aýdyp berdim. Ol maňa: „Halypa! Edil şol wagt meniň hem üstümden şunuň ýaly güýç basdy. Şonuň üçin, yza süýşdüm“ diýdi. Diýmek, şol bir wagtyň özünde ikimizem şol bir ruhy howadan dem alypdyrys. Ýa bolmasa, şol bir wagtda ikimiziňem ruhumyz şeýtanyň täsirini duýupdyr.

Şol ýyl özüme söz beripdim. „Ähli okuwçylaryma hem-de tanyş-bilişlerime, kiçirägem bolsa, sowgat eltip, olara hökman zemzem suwuny hödür etjek.“ Allatagala meniň şu niýetimi amala aşyrmaga kömek etdi. Okuwçylarymyň hersine kümüş ýüzük sowgat eltdim. Käbirine bolsa zemzem we hurma hödür etdim. Okuwçylarymyň ýanyna boş barmanyma diýseň begenýärdim. Sebäbi, olary çyn ýürekden söýýärdim...

 

- Kestanebazaryndan gideniňizden soň, nirede ýaşadyňyz? Şol wagtyň özünde nähili işleri alyp bardyňyz? Onsoňam, biraz wagtdan, 1971-nji ýyl döwlet agdarylşygy bolup geçdi. Sizem tussag etdiler. Şeýle wakalar nädip ýüze çykdy? Türkiýe döwleti nädip şu bulaşyklyga sezewar boldy?

- Kestanebazaryndan gidenimden soň, Güzelýalyda bir öýe göçdüm. Gün geçenokdy. Göýä, sekuntlar ýyla öwrülen ýalydy. Okuwçylar bilen bile bolýarkam welin, wagty saklap bilemokdym. Etmeli işlerimi hem-de etmeli-goýmaly zatlarymy günüň 24 sagadyna sygdyryp bilmän geçýärdim. Öz ýanymdan: „Şunça işi nädip beýle gysga wagtyň içinde ýerine ýetirip bolarka?“ diýip pikir öwürýärdim. Indi bolsa, günümi diňe okap geçirýärdim.

Dogrusyny aýtmaly bolsa, adatylyga höwrügen käbir adamlar meniň häzirki gün meýilnamamy gaty agyr hasaplamaklary mümkin. Birinjiden, her gün gijämi söhbet bilen geçirýärdim. Hepdäniň käbir günlerinde wagyz edýärdim, sapak okadýardym. Uniwersitetde okaýan talyplaram esli wagtymy alýardy. Biziň bilen gatnaşyk saklaýan talyplaryň sanam gün-günden köpelýärdi. Şonda-da, Kestanebazarynda geçen günlerim maňa has bereketli ýaly bolup görünýärdi. Ylaýtada-da, şol kiçijik külbede ýerine ýetirlen hyzmatlar, bütin Türkiýe boýunça, hyzmat babatda çekilen zähmete barabar netije beripdi.

 

- Tussag edilen döwrüňize degişli ýatlamalaryňyzy gürrüň beräýseňiz?!

- Gürrüň bereýin! Kazyýetiň tussag etmeli diýen kararyndan soň, bizi tussaglar saklanýan merkeze eltdiler. Agşam bolsa Abdullah fermasynyň aňyrsyndaky Bademlä alyp gitdiler... Azatlykdan mahrum bolan döwrümiziň 21 güni tussag merkezinde bolduk. Soňky bir aýyny bolsa Şirinýerdäki esger tussaghanasynda geçirdik. Alty ýarym aýlyk möhletiň galan bölegini diňe Bademlide geçirdik.

Tussaghanaň üç sany bölümi bardy. Birinde aýallar bolýardy. Beýleki ikisinde bolsa çepçi syýasy garaýyşdakylar bilen biz bolýardyk. Ilkibada çepçiler bilen bile bolduk, biziň egindeşlerimiz köpeliberensoň, çepçileri aramyzdan aýyrdylar we biz diňe özli-özümiz bolup galdyk.

 

Her gün bir dost

Garşyýakadaky tussag edilen tanyşlarymyň käbirini goýberipdiler, suda eltilmeli gün biziň ýanymyza getirdiler. Olaryň biziň ýanymyza getirilmegi bähbit boldy. Sebäbi, olaryň dilinden juda köp ýalňyş zatlary diýdiripdiler. Muňa garamazdan, olaryň bary etmedik zatlaryny boýun alşyp otyrlar. Özleriniň hak-hukuklaryny talap etmegem bilenoklar. Olaryň şu boluşlary biziň barymyza-da degişlidi. Ahyry, kaýyl boldular. Ertesi gün olary goýberipdirlerem. Diňe Nejdet Başarany, öý eýesi bolany üçin, alyp galypdyrlar. Olary 3-nji sentýabrda goýberdiler. Diýmek, bäş aýlap tussagda bolan ekenler.

Her gün bir tanşymyz aramyza goşulýardy. Bir gün Mustafa Asutaýy getirdiler. Bir günem Gültekin beýi. Gültekin beýiň saçynam syrypdyrlar. Ýene bir gün bolsa Bekir Berki getirdiler. Onuň ýanynda sadyk dostlarynyň biri bardy. Paşany hem getiripdirler. Hasan Aktunç we Izzetdin molla dagy hem getirlenleriň arasyndady. Barymyz 55 adam bolduk. Ýöne, soň aramyzdan birki adamy boşadyp goýberipdiler.

 

Tussaghanada

Mysal üçin, ilçiler bilen işleşeni sebäpli, Dr. Kahidi goýberipdiler. Şunam belläp geçesim gelýär. Dr. Kahid gaty mert adam eken. Saýry ýurtda, saýry milletli adam diýersiň... Şol ýerde ol ýene bir erbet habaram eşitmeli boldy. Aýaly çagasyny düşüripdir. Emma, bularyň hijisem onuň howuny basyp bilmedi. Birjigem ýan bermedi. Şadyýan, alçak hem degişgen adamdy... Diýmek, adamyň kimligi synagdan soň belli bolýar eken. Men özümçe, hezreti Omaryň (r.a) adamy tanamagyň üç ýoly diýip aýdanlaryna dördünjinem goşdum. Olam – tussaghanada bile bolmaklyk, tussaghanada ruhy nähoşlygy birek-birek bilen paýlaşmak, sütemlere döz gelmek we şol bir wagtyň özünde, agzybirligi saklamaklyk.

Şaban hoja keselläp, düşege baglanyp ýatdy. Alla ýalkasyn, Kahid beý oňa seretdi. Bademlide ýigrimi üç gün ýaly bolupdy. Görgüli, käýarym igenerdi. „Ýarym million izmirli utanmaly şu wagt“ diýerdi. Beýle zatlary öň görmändir. Öýünde risaleler bar eken. Olaram ýygnapdyrlar. Ol ýagşyzadany nähak ýere tussag edipdirler. Käbir zatlary alada edýärdi. Sebäbi, öň bir gezek ol menden Mektubatdan bir ýeri sorapdyr, menem jogap beripdirin. Olam kitapdaky şol ýere bellik edip: „Fethullah halypadan soradym! Şeýle jogap berdi“ diýipdir. Ine, şony alada edýärdi. Birdenkä, şol belligi okaýsalar diýip gorkýardy. Eger-de, şu zatlar ýüze çykaýsa, ýagdaý hasam beterleşjekdi.

Bir gün Şaban hojany suda çagyrdylar. Men şol wagt diwanda arkan ýatyrdym. Şaban hoja gidip barýarka, kellesiniň üstüne ak bir kebelek gondy-da, soňam daşaryk uçup gitdi. Men öz ýanymdan: „Şaban gadyrdany bu gün goýberäýselerem biridir“ diýip göwnüme getirdim. Ylmy, dini hiç bir subutnama bolmasa-da, öz ýanymdan şeýle pikir ýüwürdipdim. Şol gün Şaban hojany goýberipdirler. Gelip, goşlaryny aldy we gitdi. Soň-soňlaram biz onuň ýagşy niýetlerine kän şaýat bolduk. Bolmanda, paýhasly adamdan başga nämä garaşjak?

Harun Reşid hojanam goýberipdirler. Polkownik çinli bir serkerde arada durup, onuň çykmagyna kömek edipdir. Tussaglykdan çykyp barýarka, oňa „Hälki ofiserden haýyş edip görseň nädýär, belkem, bize-de kömek eder“ diýdik. Harun Reşid hoja hem ol polkownige ýagdaýy düşündiripdir. Ofiser ýokardaky ýolbaşçylar bilen görşüpdir. Ýöne oňa „Olaryň jezasy agyr“ diýensoňlar, olam hiç zat edip bilmändir.

 

Harbylar arkaly bir ýerde jemlenişmek

Harun Reşid hoja şadyýan adamdy. Esasan, berk gözegçilikde saklanylýan ýerde bolanymyzda, onuň bilen kän gürrüňdeş bolupdyk. Onuň aýdan bir sözüni ýadymdan çykaramok. Şeýle diýipdi: „Öz çägimizde birikmedik. Allatagala-da indi bizi zor bilen harbylar arkaly bir ýerde jemledi“ .

Harun hoja agzybirlige-de dogry düşünýän adamdy. Köplenç şeýle diýerdi: „Eger bar zat biziň elimizde bolan bolsady, onda gül ýaly jemlenşerdigem, birigerdigem“. Takdyr işi-dä, gel-gel, tussaghanada onuň bilen has içgin tanyşmaklyk nesip etdi. Şeýle adamy tanap galanym üçin özümi bagtly saýýaryn.

 

Goňur kebelek daşaryk uçup gidermikä?

Bir gün bizem suduň öňüne eltdiler. Näme üçin çagyranlaryny özümem bilemok. Suda gitmezden ozal, ýene-de öňki ýaly arkanlygyna krowadyň üstünde ýatyrdym. „ Bizem goýbärlermikä?“ diýip içimi gürledip ýatyrkam, ýokarda uçup ýören goňur kebelege gözüm düşdi. Şol goňur kebelek penjireden daşaryk uçup gidermikä diýip kän garaşdym. Ýok. Ol asyl uçaýynam diýenok. Potolokda edil tegmil ýaly bolup ýapyşyp galdy. Tussaglykdan çykýançak, goňur kebelek şol ýerden butnamady. Ine, şu-da tussaghana degişli ýatlama bolup galdy.

Şeýdip, her kim birlän-ikilän çykansoň, tussaghanada diňe çepçiler bilen biz galdyk. Olar san taýdan bizden agdykdy. Ýüze golaý adamdylar. Hernäçe ýumşak boljak bolsagam, olaryň igenjini, gepini çekmeli bolýardyk.

Ilkibada içerik kitap goýberenokdylar. Soň kitap geçirmegiňem ugruny tapdyk. Poluň bir tagtasyny söküp aýyrdyk. Aşagy sähel çukurrakdy. Kitaplary şol ýerde gizleýärdik. Çykýançak, hiç kim bilmedi. Kiçi kitaplary bolsa jübimde göterýärdim. Elbetde, kitabyň sahaby çalşylandy.

Juda sada bir polkownik bardy. Onuň ýüzüni ýatdan çykarmandyryn. Ol käýarym gelip: „Kurany Kerimde şeýle diýilýär“ diýýärdi-de, birki agyz söz aýdyp gidýärdi. Ol bir sözi hasam kän gaýtalaýardy. Şeýle diýerdi: „Sag, çep hem seks gadagan“. Bu diýdigi, saga, çepe hem seksa degişli kitaplary okamak gadagan diýildigidi.

Daşaryk çykyp arassa howadan dem aljak bolup urunýardyk. Hajathana binanyň daşyndady. Agşam sagat dokuzda gapylar ýapylyp, tä ertir sagat alta-ýedä çenli açylmazdy. Birsalym, kynam bolsa kiçi täretiňi saklamaly bolýardy. Ýarawsyz bolsaňam, kanun hemmä bir. Tebigy hajatyňy bitirerr ýaly başga çolarak ýerem ýokdy. Şonuň üçin, başky birki gün gaty kyn düşdi. Soň welin, men öz iýip-içmäme üns berip başladym. Ikindiden soň hiç zat içemokdym. Nahar wagtymam şoňa görä goýdum. Emma, bize garanyňda, garrylaryňky hasam kyndy. Mysal üçin, Mustafa Birlik we Mustafa Asutaý dagy bize garanyňda oraldylar. Şol sebäpdenem, olara gaty kyn düşýärdi.

Kynçylyga uçran adam ugurtapyjy bolar eken. Ýoldaşlarym, wagt ýitirmän, täze zatlary açyş etdiler. Bir ýerlerden salfan paket we çüýşe tapyp geldiler. Şondan soň, gijelerine zerur bolanda, kiçi täretlerini şolara edip, penjiräniň öňünde goýýardylar. Penjiräniň öňi dermanhanaň tekjesine dönýärdi. Beýdýänleri hem-ä gynandyryjy, hemem utandyryjy, hemem bolsa gülkünç görünýärdi. Käwagt tussaghanaň işgäri polkownik Mahmut muny görüp: „Beýtmäň“ diýerdi. Ýöne ony kim diňlejek. Adamlar peşewlerini saklajak bolup, ikiýana ylgap ýörmekden dynypdylar... Soň şol paketler daşaryk zyňylýardy. Allaha ýüzde-müň şükür, men şol zatlardan peýdalanmaly bolmadym.

Bekir beý hassahanalarda peşew gidirmek üçin ulanylýan gap getirtdi. Näme-de bolsa, onuň edýäni gelşikliräk bolýardy. Gündiz şol zadyny hajathana döküp gelýärdi. Beýlekiler bolsa, köplenç paketleri hem çüýşeleri penjireden oklap goýberýärdiler. Uly aladalaryň biri hajathanady. Ikinjisi bolsa, hammam. Olary hepde-de bir gezek hammama alyp gidýärdiler, ýöne zerur bolanynda, erkin suwa düşüp bolmaýardy. Namaz okaýan adam üçin şu zatlaryň nähili jebirdigini size aýdyp oturmaýyn! Ýeke-täk çykalga bardy. Olam – ýatyp-turanyňda häzir bolmaly ýa-da gije asla ýatmaly däl.

 

Goragçylar

Bahtiýar atly bir goragçymyz bardy. Oňa käýarym „Hafyz“ hem diýýärdiler. Gaty hyýrsyz adamdy. Bekir beýe: „Eý, sen, Bekir!“ diýip ýüzlenýärdi. Onuň şeýle gödekligine gaharym gelýärdi.

Bir gün ýumurtga iýdim welin, aşgazanym bozuldy. Çepçilerden Güneri atly bir arhitektoryň hem aşgazanyna zyýan ýetipdi. On-a daşaryk arassa howa çykarýarlar. Meni bolsa çykaranoklar. Ol çaşyp, özünden gidipdir. Menem çaşdym. Merhum Osman Kara hojanyň özi gürrüň berdi. Ol meni öwetdiripdir, şondan soň men özüme gelipdirin. Şol taýda ölen bolsaňam, hiç kimiň idejek gümany ýok. Ertesi gün Bahtiýar ýaňsylap: „Agşam tasdanam dünýäňi täzeläpdiň“ diýdi. Göýä: „Sen henizem ölmediňmi?“ diýýän ýaly. Ne-hä keselhana ýatyrdylar, ne-de lukman çagyrdylar.

 

Ten barlagy

Allergiýam güýjäpdi. Göbegimden dyzyma çenli bar ýerim ýaradan doldy. Tussag edenlerinde, dermanlarymam alyp galdylar. Agyr ýagdaýdadym. Bir gün ten barlagyna iberildim. Görsem, lukmanlar, has soňlar Manisada ulag heläkçiliginde dünýeden gaýdan Dr. Hakky we häzir proffesor bolan Doktor Ýusuf dagy eken. Olary görüp begenmek begendim. Tussaghanaň leýtenanty zol-zol hal-ýagdaýymy soraýardy we maňa „Näme gerek bolsa aýt!” diýýärdi. Şondan soň, pahyr her gezek ten barlagyna hökman meniň adymy ýazdyryp meni ten barlagyna alyp gidýärdi. Ýene bir leýtenant, harby adam bardy. Olam diýseň artykmaç, gowy adamdy. Ýalňyşmaýan bolsam, ol gaziantepli bolmaly. Öz ýanymdan „Ol gulluk borjuny tamamlap, bärden gidäýse ýerine kim gelerkä?“ diýerdim. Gel-gel, Mustafa Kawurmajy hem geläýmelimi diýsene?! Ony görüp, gaty begendim. Şu zatlaryň bary Allatagalanyň çäksiz lutfy-keremidir. Ýatdan çykarar ýaly däl.

Zibil gutusy nobatma-nobat dökülýärdi. Her gün nobat birine düşýärdi. Ýöne bar kişi öz nobatyna sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Sebäbi, şeýdip daşaryk çykyp bolýardy. Gysga wagtlaýynam bolsa, tussaghanaň daşyna çykyp, arassa howadan dem alyp bolýardy.

 

Kapasadaky ýolbars ýaly

Bir gün nobat Bekir Berke gelip ýetdi. Birdenkä: „Zibilçiler“ diýen ses eşidildi. „Ol barybir ýatyr„ diýip men zöwwe ýerimden turup ylgadym. Bar maksadym – Bekir Berke käýinç eşitdirmezlikdi. Men daşaryk çykanymdan soň, ol bar zada düşünip galýar. Şeýdenimi ol halap barmady. Çakym-çak bolsa, juda inçe hem duýgur adam bolany üçin, öz etmeli işine özgäniň eli degenini, ýokuş gördümikä diýýärin.

Pahyr, Bekir Berk çensiz inçe adamdy. Bir gün maňa şeýle diýipdi: „Meniň şu dert-azarlarym bar-a, bilýäňmi, nämä meňzeýär? Ýolbarsa... Ele salyp kapasa gabansoňlar, hiç zat edip bilmeýär. Saga öwrülip: „Hyrr“ eden bolar, çepe öwrülip: „Hyrr“ eden bolar.“

Käwagtlar şol taýdakylaryň arasynda-da düşünişmezlik bolýardy. Aslynda welin, olaryň her biriniň gowy tarapy bardy. Mysal üçin, Gültekin beý juda sabyrly adamdy. Jahid aga gaty pespäldi. Ýogy ýokdy, ýylgyrar ýörerdi. Gültekin beý mahal-mahal çiginlerini owkaladýardy. Hasan Aktunç degişme gürrüň bermegi gowy görýärdi. Degişgen adamdy. Izzet hoja, Nejdet Başaran dagy hem gaty gowy adamlardy.

Şol wagtyň özünde, Bekir Berk uly işler alyp barýardy. Suddaky çykyşyny taýýarlajak bolup, gije-gündiz ýatanokdy. Sud golaýlanynda dagyn, günde bir sagat ýa ýatýar ýa ýatmazdy. Daň atýança dörüp, kanun taýdan biziň tarapymyzy çalýan delilleri gözleýärdi. Köplenç, gyzykly maglumat tapdygy, hökman gijäň ýary gelip meni oýarýardy-da, tapan zadyny maňa okap berýärdi. Ol: „Olaryň işi gaýtdy“ diýýärdi. Okan kitaplarynda käte setirleriň aşagyny on gezek çyzýan ýeri bolýardy.

Ol edenli hem-de ýapyşan işine berk ýapyşýan adamdy. Zähmeti söýýän adamdy. Inçe adam bolansoň, käwagtlar menden: „Men haýsy sahaba meňzeýärin?“ diýip sorardy. Menem oňa „Hezreti Omara“ diýip jogap bermezdim-de, başga bir sahabanyň adyny tutardym. Mundan öňki ýygnaklaryň birinde oňaýsyz ýagdaý döräpdi. Men olaryň ýygnagyna diňe Izmirde işleýänim sebäpli gatnaşýardym. Bolmasa, şol ýygnaga men çagyrlamok. Şol ýygnakda, gepiň arasynda: „Ýygnaklaryňyza Elazygdan Hulusi agany, Kastamonudan Mehmed Feýzini we Hüsrew aga ýaly adamlary çagyrsaňyz, gowy bolar. Maslahatyňyz hasam netijeli geçer“ diýdim. Olaryň arasyndan biri maňa alarylyp: „Her kim öz ýerini bilsin, başga biriniň işine goşulmaň“ diýdi.

Şeýle söhbetleriň birinde Bekir Berk bilen pylankesiň arasynda düşünişmezlik boldy. Olar bir-birini ýamanladylar. Ikisem bir-birine „Meniň gybatymy edýäň“ diýişdiler. Bolan zatlaryň bary dostluk-doganlyk çäginden geçenokdy. Menem: „Doganynyň gybatyny edýän adamyň ýüzüne gum sowurmaly“ diýdim. Men şeýle diýemde, hiç kimi ýaňsa almadym. Aýdylmaly gep hökmünde aýdyp göýberdim. Ýöne Bekir Berk aýdylanlary özüne çekdi-de, dost dosta nähili ýüzlenýän bolsa şeýdip ýüzlendi. „Men ondan beýle zada garaşamokdym. Ol meniň üçin ýeke-täk...“ diýen igençli sözleri aýtdy. Oňa hat ýazypdym. Hatymda oňa şeýle diýenim ýadymda: „Men Nuruň gahryman aklawçysy hakda beýle pikir etmändim. Emma, ýene-de şol öňki pikirde bolsaňyz, onda men Allahyň öňünde jogap bermäge taýyndyryn...“ Men şol wagtlar hatymyň jogabyny alyp bilmedim. Ýöne ol soň-soňlar hiç zat bolmadyk ýaly geziberdi.

 

Hakyň adalaty

Men bulary şu sebäpden gürrüň berdim. Bekir Berk tussag edilip Bademlä getirlende, aramyzdaky dostluk şu derejededi. Allatagalaň adalaty bizi – öz aralarynda oňuşmaýanlary şol ýerde jemledi. Bekir Berke hormat goýýardym. Onuňam meni ynjydan ýeri bolmady.

Men ony sylaman näme?! Hemişe, tanşanymdan bäri ony Hakyň tarapdary hasapladym, muňa çyn ýürekden ynandym. Ol hem-ä aklawçydy, hem-de süteme duçar bolan bigünäniň sesi hem demidi.

Tussaghanadaky adamlaryň käbiri öz aralarynda oňşanokdy. Bu bolsa medreseýi Ýusufiýäniň ýörelgesine ters gelýärdi. Tussagda hernäçe kynçylyk, horluk görülýänem bolsa, biziň göwnümizi seýikleýän ýeke-täk zat bardy. Olam – din tarapdan seredeniňde, ol ýerde geçen günleriň, sagatlaryň, minutlaryň sogaby bardy, birem şol sogaplaryň müňläp-ýüz müňläp biziň amal depderimize ýazylmagy biziň ruhy dünýämiziň bähbidinedi. Biz, ine, şeýle imanyň hem-de utuşyň ýüregimizde döredýän asuda hem imisala howasyndan teselli tapýardyk.

Muňa garamazdan, aramyzdaky hem daşymyzdaky käbir erbetlikler şeýle ruhy eşretligiň hem-de ylahy aramlygyň öňüne böwet bolýardylar. Bolmanda, mazaň-a gaçyrýardylar.

Arman, hemişe ahyreti ýadyňa salýan hem-de bir ujy jennete baryp ýetýän, tussaglykda geçen şol günlerimizi netijeli peýdalanyp bilsedik. Şonda-da, beýik Biribar bizi „netijeli peýdalanan ýaly“ hasaplar diýen umydymyz bar.

Çynymy aýtsam, aram-aram dürli näsazlyklar zerarly, şol ýukajyk perde deşilipdi. Şeýdip, sussumyz basylyp, umydymyzy ýitiren ýerimizem boldy. Şol päsgelçilikleri ýeňip geçip bolarmydy? Gelejekde şu aýdylanlardan netije çykarjak adamlar bize: „Oňarmansyňyz“ diýer. Hernäme-de bolsa, biziň elimizden bar gelýän şu.

Tussaghanada, dogrusyny aýtmaly bolsa, şol bir düşünjedäki adamlaryň arasynda gadyrbilmez, bahyl, diňe özüňkini dogry hasaplaýan, dünýägaraýşy pes, esli adam bardy. Şolaryň arasynda, dürli sebäpler bilen bir-birini ýekirýänlerem bar. Olardan her zada garaşybermelidi. Iň bir ýönekeý mesele hem olaryň gowuna ot degrip bilýärdi. Şol ýagdaý biziň ruhy dünýämizi hem dowzahyň howry bolup çawlap bilýärdi.

Tussaghana psihozy, dürli derejedäki zorluk-sütemiň ynsan ruhuna salýan ýarasy, umytsyzlyk hem gahar-gazabyň üstesine, ýene-de birtopar tussag bilen bile bolmaklyk, ine şu zatlar bilen Bademli ylaýyk dört ölçegli zyndana döndi.

 

Bahylçylyk

Tussagda oturanymyza entek üç aýam bolmandy, bir gün biziň kameramyza birtopar jynlyny getirip saldylar. Ine, şondan soň, ýene-de taryhy, uly betbagtçylyklaryň biri gaýtalandy.

Taryhda hezreti Alyny (r.a) çakdanaşa söýüp, ýoluny ýitiren, kitap hem sünnet hökümlerini bilmän, özleriniň arzuw-isleglerini diniň gözbaşy hasaplan Kannatilerden başlap tä Rafyzilere çenli käbir jemagatlaryň bolşy ýaly, olaram beýik bir adamy çakdanaşa söýýärdiler. Emma, olar „Muhammedi ýoldan“ çykypdylar. Şonuň üçinem, olar öz toparlaryna girmeýänleri ýat adam hasaplaýardylar. Toparlaryna girmeýänlerden gaça durup, olary erbet ýigrenýärdiler.

Ine, şondan soň biz şeýle adamlar bilen oturyp-turuşmaly bolduk. Olar bilen bir saçakda duz iýip, bir ýerde namaz okamaly bolduk. Olar bizi musulman hasaplamansoň, biziň bilen bile namaz okamadylar. Bizem olaryň yzynda namaza durmadyk. Şeýdip, agzalalyk döredi.

Biz olar bilen jemagat bolup namaz okamaga kaýylla welin, olar asyl „Kewser“ süresinem ýalňyş okap duransoňlar, nädeli?! Olar namazyň beýleki düzgünlerini hem şertlerini doly berjaý edýärdi diýip biljek däl. Muňa garamazdan, men olaryň yzynda namaza durýardym. Olar bilen bile okaýan namazymyň bolmalysy ýaly däldigini görüp, ýüregim awaýardy. Ýalňyş okalýan Kuran aýatlaryny diňlämde, ýüregim ot alýardy. Ýitirilýän sogaplar ýadyma düşende, gözýaş döküp aglaýardym. Hernäme bolsa-da, olaryň yzynda durup namaz okaýardym. Sebäbi, pitne bar zatdan beterdir. Olar bilen bile okap bolanymdan soň, gyra çekilip hälki okan namazlarymy täzeden okaýardym.

Ýoldaşlarymyň bary muny şeýdip bilmedi. Edibem bilmezdiler. Şonuň üçin hem kameramyzda iki aýratyn jemagat bolup namaz okalyp başlady. Namazyň ikä bölünip okalmagy aramyzdaky dartgynlygy hasam ýokarlandyrdy. Şol gün birek-birek bilen mähirli, güler ýüzli bolubam, arkalaşyp bolmaýan pursatlaryň barlygyna göz ýetirdim. Arkalaşyp bolmazdam, sebäbi, olaryň dini ýörelgeleri ýokdy. „Kuranda ýazylan“ diýseň, ýüzleri egşidýärler. „Pygamberimiziň sünneti“ diýseň, äm-säm bolup durlar. Gepiň gysgasy, yslam dininiň esasy düşünjeleri barada hiç zat bilenoklar. Olar ertirden agşama çenli zol-zol „Jyn“ diýip, otursa-tursa, „Jyn“ diýip turýardylar.

 

Jynlar barada

Olar jynlar bilen, tussag edilmezden has öň, gatnaşyk açypdyrlar. 12-nji mart ynkylabyndan öň ýa-da şol günleriň birinde, her gün ir bilen oýanyp-oýanmankalar radionyň ýanyna eňip, jynlar döwlet häkimýetini ele geçirip-geçirmänmi, şony biljek bolýardylar. Ençeme aýlap diýen ýaly şeýle manysyz zada garaşdy ýördüler. Görseler, diýýän zatlary bolubermedi. Soň olar garaşmakdan ýadadylar-da, özlerine göwünlik bermek maksady bilen, bize kakdyryp: „Jynlar häkimýeti ele geçirerdiler. Arman, aramyzda gezişip ýören şu adamlar zerarly, olaryň işi paşmady“ diýişdiler. Şoldur-şoldur, olar radio diňlemegi goýdular. Tussaghanada şuňa meňzeş wakalar kän boldy.

Muhit atly jyn özüniň kyrk million goşuny bilen Eskişäherden Ankara tarap barýar. Atylgan atly has uly jyn bolsa özüniň kyrk milliardlyk goşuny bilen häzir bir ýerde düşläpdir. Olaram buýruga garaşyp ýatyr. Ýakynda, garşydaşlaryň işi pyrryk... Şuňa meňzeş rowaýatlary diňlemesine-diňledigem welin, her gezegem yslamyň hormatyna öz gaharymyzy ýuwutmaly bolýardyk. Diňlemeseňem boljak däl. Sebäbi, bir ýerde bolup ýörsüň, bir stolda oturýaň we ertir-agşam bile bolýaň.

Olara hakykaty düşündirip, ýalňyşlaryny düzetmäge-de güýjümiz ýetmezdi. Sebäbi, bize ynananoklar. Ýüzüme seredip: „It“ diýenleri ýadymdan çykanok. Men-ä şol bolýan, beýleki dostlarym bolsa meniň diýenimi edýän „maýmynlar“ bolýar. Hawa, olaryň myjabaty diňe kesirlik bilen aýdylýan sözler däldi. Şol myjabatlar özleriniň garaýşyny ýa-da jynlaryň permanyny esas tutunýan, üýtgedilmeýän hökümlerdi... Olaryň düşünjesine görä, asmanyň birinji gaty selle saklanýan ammar, ikinji gaty bolsa miswak atelýesidi. Ine, şeýle düşünjedäki adamlar bilen bile bolmaklygyň güzabyny, elbetde, gürrüň berip oturmaýyn...

 

Uruş

Biziň ýoldaşlarymyzyň käbiri gaty duýgurdylar. Olaryň şeýle bolmagy ýagdaýy hasam kynlaşdyrýardy. Ahyry bir gün suw seňrikden agdy. Olaryň arasyndan çykan Mehmet atly bir adam, çepçilerden bolup, dine erbet göz bilen seretmeýän bir dostuny biziň ýanymyza getirdi. Biziň ýanymyza öňem gelip-gidýänler bardy. Kameramyza gelip, Izzet molladan iman hem Kurana degişli soraglary soraýardylar. Käbir egindeşlerimiz bolsa olaryň gelip-gitmegine garşydy. „Jansyzdyr şolar“ diýip, olaryň gelmegini islänokdylar. Şeýlelikde, şol gün günortan naharyndan soň Kuran sapagy başlajak bolup durdy. Birdenkä, düşünişmezlik ýüze çykdy. Gahar-gazap ara düşdi. Birki sekundyň içinde aklawçy Bekir beý ýerinden turdy-da Mehmede el galdyrdy. Asyl, beýleki topar şuňa mähetdel eken. Olaryň bary birlikde krowatlaryndan atylyp turdular we Bekir beýiň daşyny aldylar. Wakalar duýdansyzlyk bilen tirkeşip gelipdi welin, hiç zadyň öňüni alar ýaly bolmady. Başda Mustafa Birlik, yz ýanyndanam men, atylyp olaryň ýanyna bardyk. Barýançak eýýam olar oturgyç bilen Bekir beýiň depesine berip, ony ýere ýykypdyrlar. Musulman bir musulmana öldürmek niýeti bilen beýle gazaply darar diýip asla oýuma-küýüme gelmezdi. Mustafa Birligi gyra çekdim. Men ara goşulyp olary eýläk-beýläk itjek bolýardym. Emma, maňa-da stul degmegi ahmaldy. Şonuň üçin, wagt ýitirmän, penjirä tarap eňdim-de, esgerleri çagyrdym. Şeýdip, Allatagalanyň kömegi bilen, ölüm-ýitimsiz şol wakany başymyzdan sowduk.

Muhitiň hem-de Atlyganyň jynlardan goşuny boldy näbolmady näme?! Jynlar, şeýtanlar, älemiň gözguwanjy bolan ynsanlary ýene bir gezek gözgyny halda öz aralarynda uruşdyrýardy.

 

Sakçynyň tüýkürigi

Jyn hem şeýtan zarbynyň täsirinden heniz doly aýňalyp bilmändik. Bir gün sakçy janyýangyjyna, kameranyň gapysynyň öňünde şeýle diýdi: „Tüf, sizdenem bir musulman bolarmy?“ Men şu sözi hiç haçan ýadymdan çykaryp bilmerin. Sakçyň aýdanlaryny eşidemde, hem-ä utandym, hemem gynandym, hem-de „Bular ýaly boş, bular ýaly ejiz adamlar bilen näme iş bitirip bolar?“ diýdim, gaty erbet boldum.

Şol wakadan soňky sahna şeýle boldy: Bilmän ýa-da bilip dawa goşulanlary aýratyn kamera geçirdiler. Dawa sebäp bolanlara bolsa hiç zat diýmediler. Bizem oturyp, gussa bilen oýa batdyk. Şu ýerde bolup geçen waka, yslam dünýäsiniň soňky dört asyrda başdan geçiren hasratyny ýadyňa salýardy. Taryh ýene bir gezek gaýtalandy diýip, gussa batýardyk.

Olaryň arasynda Arif diýip biri bardy. Ol has ýumşak oglandy. Tussagdan boşansoň, bir gün meni Hawra köçesinde görüpdir. Ylgap ýanyma geldi. Elimi gysyp: „Hakyňyzy halal ediň, razy boluň! Size kän erbetlik etdik“ diýdi-de, gidiberdi. Jorapçy Arif diýibem biri bardy. Juda artykmaç, ýumşak oglandy. Ýüzem ýagtydy. Ýöne A. bilen M. dagylar gaty gödekdiler. H. atly oglan soňky ikisine garanyňda, ýumşagam bolsa, birinji ikisine seredeniňde gödek diýip boljakdy. Mehmet bilen bary alty adamdy...

Kitaplar özbaşdak okalýardy. Meniň bar aladam, kitabyň haýsy hem bolsa bir bölümini bileleşip okatmakdy. Emma, bu başa barmady. Olar-a aňyrda dursun, bize ýakyn adamlar bilen hem aramyzy bolmalysy ýaly sazlap bilmedik. Biziň amlygymyz zerarly-da. Mysal üçin, Harun Reşit molladan soň, S. Mollanyň şägirtlerinden Enwer hem-de Ahmet atly iki sany arassa oglan getirdiler. Olara öz pikirimi aýtdym. „Siz Nakşylardan. Geliň, Ewrady Kudsiýäni bile okalyň. Şeýtsek, şu ýerde dileg etdigimiz bolar“ diýdim. Olar maňa „Rugsat almadyk“ diýip jogap berdiler. Şeýdip, meniň iň bir ýönekeý haýyşyma „Bolýar“ diýmediler. Edil şeýle ýagdaýda biz bir-birimize ýürekden goldaw bermelidik...

Galyberse-de, ýokarda agzap geçen adamlarym bilen nädip agzybirligi saklajak?! Olaryň bize gulak asmajagy ikuçsyzdy. Sebäbi, olaryň gören terbiýesi, soňam tussaglygyň ynsan ruhuna ýetirýän täsiri muňa päsgel berýärdi.

Tussaghana adamyň ýüregine düşýär. Kazyýete baryp-gaýdybam, azatlyga çykmazlyk we kazyýetde her hili gürrüňleri eşitmek, aýyplamalar adamy halys däliredýär. Sud özbaşyna bir kellagyry. Suda gatnaşyjylar diýjekmi, zoraýakdan seniň garşyňa şaýat etdirilýänler diýjekmi, birem öz islegi bilen saňa şaýat bolmaga gelenler diýjekmi... Gahrymanlarça durup, kitaplar barada söz aýdyp, yzyndan bolsa bize: „Ine, hakyky şägirt şeýdip mert gürlär“ diýip akyl satýanlar diýjekmi? Bizi „Şeýdip gürlemänsiň“ diýip, dönükleriň hataryna goýýanlar diýjekmi?... Ol ýerde owadan gürläp, soňam elini hallan atdyryp öýüne gaýdyp barýanlar diýjekmi?...Ýa bolmasa sud edilip, ýaňadan türmä gaýdyp barýanlar diýjekmi?... Hawa, bularyň bary adamyň ýüregine düşýär we isleseň-islemeseň, bu zatlar seniň häsiýetiňe täsir edýär.

 

Ynançsyzlar

Çepçi tussaglar bilen aramyzda parahatçylygy saklaýardyk. Şolam biziň ýumşak häsiýetimiz sebäplidi. Käwagtlar olardan gaty-gaýrym söz eşitsegem, ýene-de olaryň göwnüne degmejek bolýardyk. Olar biziň täret alşymyzdan, namaz okaýşymyzdan, namazda dyzymyzy ýere goýşumyzdan bahana tapjak bolýardylar. Ýöne, Allaha şükür, musulmandygymyzy görkezýän asudaçylygyň hem ynamyň şemalyny, ol ýerde-de her wagt öwüsdirmäge jan etdik. Olaryň arasynda dine ynanmasa-da, Sawaş Al ýaly mert adamlar ýok däldi. Mysal üçin, menemenli bir ýigit bardy. Olam gaty mertdi. Laçyn bakyşlydy. Men onuň ýüzüne garap, öz ýanymdan: „Şu ýigit dogry ýoly tapyp bilse, sahaba ýaly adam bolar“ diýýärdim.

Bademlä iň soňky bolup gelenleriň arasyndan Kadir Kaýmaz hem arassa ýigitdi. Aň-düşünjesi, hyýal dünýäsi tämizem bolsa, ol oglanyň köňlünde iman goş ýazdyrmandy...

Mahal-mahal dine-de dil ýetirýärdiler. Bir gezek men hajathanadadym. Sinan atly bir leýtenant bardy. Ol çepçi bolany üçin harby gullukdan kowlandy. Sinan Allaha, Pygamberimize (s.a.w) paýyş söz aýtdy. Men hajathanadakam, onuň n&aum

 




Поиск по сайту:

©2015-2020 studopedya.ru Все права принадлежат авторам размещенных материалов.