Помощничек
Главная | Обратная связь


Археология
Архитектура
Астрономия
Аудит
Биология
Ботаника
Бухгалтерский учёт
Войное дело
Генетика
География
Геология
Дизайн
Искусство
История
Кино
Кулинария
Культура
Литература
Математика
Медицина
Металлургия
Мифология
Музыка
Психология
Религия
Спорт
Строительство
Техника
Транспорт
Туризм
Усадьба
Физика
Фотография
Химия
Экология
Электричество
Электроника
Энергетика

Yslam Anadola Ahlatdan baryp girdi 7 страница



Talaba laýyk gulluk etmeýänim üçin, ol ýeriň nahary maňa halal bolmaz diýip oýlaýardym. Ýene-de käbir sebäplere görä harby bölümiň naharyny iýmeýärdim. Geýýän eşigimi hem bir harby talypdan satyn alypdym. Bu zatlara ähmiýet berýärdim.

 

Talat Aýdemir

Şol ýyl Ankara köp gar ýagdy. Menem noýabrda gulluga bardym.

Dekabrda Talat Aýdemir wakasy bolup geçdi. Mamak hem özüniň 15.000 adamly şahsy düzümi bilen ol hadysany goldady.

Belli bolşy ýaly, Talat Aýdemir 27-nji Maý ynkylabyny goldanlaryň biridir. Şol döwürler ol Guryýer goşunlarynyň harby institutynyň serkerdesidi. Ynkylaba harby institut ullakan goldaw berdi. Harby talyplary köçe çykardylar, radio binasyny olar bilen basyp aldylar.

Ankaradaky asudalygy harby talyplar bilen sakladylar. Ätiýaçdaky ofiserleriň mekdebi hem ol wagtlar Mamakdady. Köçä çykanlaryň arasynda olaram bardy. Topalaňçylaryň arasynda Aragatnaşyk-Praporşik mekdebiniň talyplary hem barmyş diýýärdiler. Diýmek, bir tarapdan ynkylaby olar amala aşyrdy diýip bolar. Jemal Madanogly we Sydky Ulaý ýaly çepçi adamlar hem şol ynkylaby goldapdylar. Ynkylapdan soň Türkeşi hem-de onuň ýaranlaryny dürli ýurtlara atteşe edip iberdiler. Talat Aýdemir bolsa bir sebäpden galypdy.

Talat Aýdemir 27-nji Maý ynkylabyny gurnanlara garşy täze bir ynkylap geçirjek boldy. Ol wagtlar Ismet Paşa baştutandy. Talat Aýdemir diýilýän adam Mussolininiň ýolunda ýöreýärdi. Ýurt başyna gelen bolsady, edil Mussolini ýaly hereket ederdi. Ol hem-de ony goldaýan ýaranlaryň bary diktator adamlardy. Olar dini gymmatlyklaryň üstünden gülmegi hiç zatça görenokdy.

Bir aý öňünden ynkylaba taýýarlyk görlüp başlandy. Bize söweşjeň ok paýladylar. Gar diýmän, gyş diýmän, dynuwsyz sakçylyk edilýärdi. Soňky günler hasam howsalaly geçdi. Garyň aşagynda sekiz sagatlap sak duranymy bilýärin. Remezan aýy bolansoň, agzymam bekli. Agzaçar wagtam nahar iýmäge maý tapamok. Jübim kökeli gezýärdim. Nyzamda serkerde maňa tarap seretmeýän wagty, kökeleriň birini assyrynlyk bilen agzyma salýardym. Ine, şo-da meniň üçin käwagtlar selärlik, käwagtlar bolsa agzaçar bolýardy. Namazlarymyň köpüsi nobatçylyga gabat gelýärdi. Şonda-da, namazymy sypdyramokdym.

Soňky gijämiz teşwişde geçdi. Radio binasyny birde olar, birde-de biz kabul edip alýardyk. Başda ynkylap jar edilýärdi, yzyndanam günäkärler basyp ýatyryldy diýilýärdi. 28-nji diwiziýa hökümetiň tarapynda eken. Elbetde, biz muňa has gijräk düşündik. Depämizden uçarlar wazlap geçýärdi. Olaryň niýeti, Mamagy ýer bilen ýegsan etmek eken. Şeýlelikde, biziňkiler boýun boldy.

 

Temmi

Säher bilen umumy nyzam boldy. Nyzamda ýaraglarymyz hem ýanymyzdady. Temmi bermek maksady bilen, ýaraglarymyzyň ähli mehanizmlerini söküp aldylar. Elimizde diňe taýak ýaly demir bölegi galdy. Iki aýlap harby bölümiň çäginden çykmagy gadagan etdiler. Iki aýlap harby tälim hem-de harby sapaklary geçdiler.

Daşaryk çykmamyzsoň, men özümi bütinleý ybadata berdim. Gyş gijeleri uzak bolýardy. Men ir bilen mesjide baryp, giç agşama çenli ybadat edýärdim. Içki dünýämiň hem-de aň-düşünjämiň durlanýandygyny duýýardym.

Bir gün bizi ýene-de jemlediler. „Size buşlugymyz bar“ diýdiler. Barymyz sabyrsyzlyk bilen garaşýardyk. „Ýaraglaryňyzyň mehanizmini yzyna gaýtaryp berýäris“ diýdiler. Elbetde, muňa biziň aramyzda begenen bolmady. Her gün irden olary arassalajak bolup, baý, görgi baryny görýändiris-ä. Ýene-de şol köne günleriň gaýdyp gelmegi bizi begendirmeýärdi.

 

Uly tizlik

Özmutlynyň goldawy bilen, dört aýdan soň menem „uly tizlige“ geçirdiler. Özmutly maňa ýeňil düşsün diýip şeýdipdir. Ol ýokarda duran serkerdäniň ýanynda „Eger aragatnaşykçy bol, nyzama, tälime çykmaz, oňa kömek etdigimiz bolar“ diýipdir. Men barybir synaglardanam geçipdim. Menden öň synaga girenlerden „Merjidabyk bilen Ridaniýa söweşi kimleriň arasynda bolup geçýär?“ diýip sorapdyrlar. Olar bilmänsoňlar, şol soragy maňa berdiler. Bildim we synagdan geçdim.

Şeýdip, aragatnaşykçy bolduk. Men bolsa Ýaragly güýçleriň dolandyryş bölümine geçeýin diýip ýördüm. Şol edarada gulluk edesim gelýärdi. Ýöne bolmady. O-da bähbit bolupdyr. Elbetde, muňa-da soň düşündim.

Dört aýlap aragatnaşykçy boldum. Onsoňam ol ýerde çap edýän maşynkany hem-de manipulýator abzalyny ulanmagy öwrendik. Manipulýatory gowy öwrenip bilmedim. Emma, men manipulýatoryň signalyna oňat düşünýärdim. Manipulýatory ezberlik bilen ulanyp bilemokdym. Ýalňyşýan ýerim bolýardy. Emma, gelýän signallara düşünýärdim. Signala düşünmäge ukybym bolany üçin, meni şol ýerde alyp galandyrlar. Üç minutda bäş ýüz harp ýazýardyk.

Harby gulluk diýlende, birinji dört aýy asla unudyp bilmerin. Şol birinji dört aýda görmedigimi gördüm. Birinji baran günüm Turan atly, öňden bäri tanyş bir dostum bilen egin-egne ýatdyk. Krowat ýokdy. Her adama diňe ýekeje odeal berilýärdi. Aýakgabymyzy aýagymyzdan çykarman ýatýardyk. Şeýdip, aýazdan gorandyk.

Birem, suw gerek wagty halym harapdyr. Çydamlydym. Hajathanada ýuwunýardym. Doň ýere aýagym bilen basyp, depämden kürüşge bilen sowuk suw guýýan wagtym kän bolupdy.

Esgerler hammamda ýuwnanlarynda ünssüz bolýarlar. Şol sebäpden, olar bilen bile hammama girmäge çekinýärdim. Köplenç hajathanada bukulyp, kellämi sähel ölleýärdim-de, ýuwnan ýaly edip, çykyp gaýdýardym.

Bir gezek ten barlagyny geçirdiler. Çyp-ýalaňaç durmalydy. Lukman maňa: „Içki eşigiňi çykar“ diýdi. Menem: „Ýoldaş ofiser! Meniň dyzymdan ýokarymy ejemem gören däldir“ diýdim. Her näme-de bolsa, gepe düşünýän adam eken. „Bar, geç“ diýdi we geçdim.

Harby gullukda adamy gaty kemsidýärler. Täret almaga gidenim üçin, birnäçe gezek suwasalma ýençdiler.

 

Namaz üçin

Namaz sebäpli bir-iki minut gija galanym üçin, elime urup, gök-dalak etdiler. Ýene-de agyzlaryna gelenini diýdiler. Esger bolanyňa puşman etdirýärdiler. Edil bary bolmasa-da, käbiri mukaddes gymmatlyklara-da dil ýetirýärdi. Eger-de Watana bolan gulluk borjuň diýen düşünjäň bolmasa, ol azarlara uwnup-çydar ýaly däldi.

Namaz wagty umumy nyzama gabat gelýärdi. Şonuň üçinem, namaz okaýanlaryň sany azalyp birki adama ýetdi. Bir-ä men, birem Mehmet Dinçer atly Urfa-Wiranşäherden bir dostum bardy. Bäş wagt namazy diňe ikijigimiz okaýardyk.

Wagtlaýyn rugsada ibermeýän wagtlary, gaçýardygam. Men esasan, Salih Özjan bilen Osman Ýüksel Serdengeçdilere myhmançylyga barýardym. Ikisem Deňizçiler köçesinde ýaşaýardy. Bir gün mesjidiň ymamy bilen gidip barýardyk. Birden öňümizden patrullar çykdy. Ymamyň depesine bir ýumruk doňdurdylar welin, görgüli diň-arkan gaýtdy. Menem biri depmäge synanyşdy. Ýöne sowa geçdi. Şeýdip, ikimizi biri-birimize çatyp, merkeze getirdiler.

Şol gün ýene-de ýigrimi-otuz esgeri tutupdyrlar. Soňam, edil Nuh eýýamyndan galan ýaly, garagäz hem köne näçeräk gap-gaç bar bolsa getirip, öňümize okladylar. „Şulary arassalaň“ diýdiler.

Meniň hem bir gylygym bar. Eden işimi birkemsiz etmesem bolanok. „Barybir, harby bölümiň emlägi“ diýip ýeňimi çyzgap, berk ýapyşyp, işlemäge durdum. Bir starşina meni daşymdan synlapdyr-da, buýruk berip: „Ol köp işledi, goýberiň, gitsin“ diýipdir. Men gaýdanymdan soň, beýlekileriň atlaryny ýazyp, harby bölümlerine iberipdirler. Meniň adym-a gelmedi, halas boldum.

Salih Özjan beýi haja ugratmaga baranymda, ýene-de ele düşüpdim. Soň näme bolany häzir ýadyma düşenok. Sekiz aýdan soň bije atyldy. Meniň hem bijäm Erzuruma düşdi.

„Molla! Erzurum seniň doglan ýeriň. Şol sebäpden, bolanok“ diýdiler. Täzeden bije çekdim. Ýene-de Erzuruma düşdi. „Bolanok“ diýdiler. Üçünji gezek Diýarbekire düşdi. „Bulam saňa kyn düşer“ diýdiler. Dördünji gezek Iskenderun düşdi. „Bagtyň getirdi“ diýdiler. Olar öz aňlarynyň ýetişiçe şeýle diýipdiler. Men bolsa gaty gynandym.

Esli ýol söküp, Iskenderuna bardyk. Deňziň kenarynda, daşyndan göräýmäge owadan ýer. Ol ýer biçak yssydy, edil çöl ýalydy. Çendan-ýarym deňizden ýel öwüsýärdi. Käwagt salkyn howa bolýardy. Suwam bol eken.

Serkerdeleriň aglabasy gowudy. Muňa göz ýetirip, näme bolsa-da, birneme rahatlandym. Galyberse-de, ýerli ilatdan käbir adamlar bilen tanyşmaga mümkinçilik döredi. Şeýdip, birki jumada ýerli ilata Iskenderunyň merkezi mesjidinde wagzam etdim.

Serkerdeler bilen aram gowudy. Arif diýip bir starşina bardy. Ol maňa köp ýerde goldaw berdi. Meni habar beriş merkezine geçirdi. Aýratyn, özbaşyma bolar ýaly, bir harby ulagly wezipe berdi.

Ulagyň içi şol döwrüň iň ösen tilsimatlary bilen enjamlaşdyrylandy. Ulagyň içinde bir adam ýatyp-turar ýaly boş ýer bardy. Indi özbaşyma bolup bilýärdim. Mamakda gören görgimi bärde görmerin diýýärdim. Sebäbi, daşardan zeýtun, çörek ýaly zatlar satyn alyp bilýärdim. Çaklaňja bir spirt ýakylýan ojagym bardy. Şonda käýarym kartoşka gaýnadýardym. Ulagyň içinde spirt ýakylýan ojak goýmak gadagan bolsansoň, ony gizlemeli bolýardym.

 

Starşina nobaty

Birinji iki aý beýleki esgerler bilen deň hatarda boldum. Nobatçylyk edilýärdi. Biz ol ýere seržant diýip iberilipdik. Başda seržant nobatynda durduk. Ýöne başarmadym. Ne buýruk berip bildim, ne-de esgerlere iş etdirip bildim.

Bolşumy serkerdelerim halap barmady. Şonda-da, olar maňa goldaw berjek bolýardylar. Ulagly wezipä bellenemsoň, umumy nyzamdan hem-de nobatçylykdan aýyrdylar. Belli wagtlarda işleýärdik. Aragatnaşyk saklamaly ýerlerimiz bilen habarlaşyp, möhüm zadyň bardygyny ýa-da ýokdugyny sorap durýardyk. Soň bolsa öz işimiz bilen bolýardyk.

Men boş wagtlarym kitap okaýardym, Kuran diňleýärdim. Enjamlar kämil bolany üçin, yslam ýurtlarynyň dürli ýerlerinde okalýan Kuran Kerimi arkaýyn diňläp bolýardy. Ýanymyzda ýene bir ulag durýardy. Onda bolsa Mehmet Ýyldyrym atly bir esger bolýardy.

 

Sarygetirme

Tomsuna iýmitden gaty kösendim. Özümi ysgynsyz duýýardym. Aýakda durmaga gurbatym galmandy. „Gözleriň saralypdyr-la“ diýdiler. Lukmana görkezdim. „Üýtgeşik zat ýok“ diýip yzyma iberdi. Birnäçe günden soň tutuş endam-janym sap-sary boldy. Ýene-de lukmana görkezdim. „Örän howply“ diýdi-de, meni keselhana ýatyrdy. Keselhanada näçe wagtlap bolanymy bilemok. Ýalňyşmaýan bolsam, esli wagtlap ýatmaly boldum öýdýän. Şondan soň üç aýlap saglyk rugsadyna iberdiler.

Gulluga gaýdanymda, Erzuruma baryp bilmändim. Şondan bäri dört ýyl geçipdir. Keselden ýaňa halys egbarlapdyryn. Erzuruma gitmek üçin otla mündüm. Starşina Arif maňa bir sumka satyn alyp beripdi. Goşlarymy şoňa saldym. Şol sumkany henizem gymmatly ýadygärlik hökmünde saklap ýörün.

Ýolda barýarkam, otlynyň koridorynda süýnmeli boldum. Otly adamdan hyryn-dykyndy. Iskenderunda howa yssydy, Erzurum taraplary bolsa biçak sowuk eken. Özümi nädip üşedenimem bilmändirin. Köp wagtlap endam-janymdan agyry gitmedi. Egnimbaşlarymam Iskenderunyň howa şertlerine görä tikilendi. Emma, Erzurumyň sowugynyň ýanynda ol geýimleriň teniňi ýylatjak gümany barmy?!

Biziň öýümiz köçäniň petige diräýen ýerinde ýerleşýärdi. Köçämize öwrülen badyma „Esger gelýär“ diýip gygyranlar boldy. Gapyny kakdym. Ejem meni birbada tanap bilmedi. Ahyry, näme üçindir: „Sen Fethullahmy?“ diýip sorady-da, meni gujagyna basdy. Şol gün ejem kän aglapdy. Ýüz-keşbim ýaňybir üýtgäp başlan döwürleri Erzurumdan gaýdyşymdy. Şol sebäpden, ejem meni birbada tanap bilmedi. Onsoňam, duýdansyz gelipdim. Jigilerim hem ers-mers ulalypdyr. Görsem, Mesih birhili bolaýypdyr... Üç aý dynçdan soň, harby merkeze bardym. Bir aýam olar düzedip goýberdiler. Şeýdip, dört aýlap Erzurumda boldum.

Remazan aýy hem şol wagtlara gabat gelipdi. Dürli mesjitlerde wagyz etdim. Bir gün „Yslamyň döreýşi“ ýa-da şuňa çalymdaş atly bir filmiň görkezilýänini eşitdim. Adamlar bir hepde öňünden bilet alyp goýýardylar. Islendik närsäniň nusgalyk göçürmesi bolup biler. Dine hormat goýmaýan adam sahabanyň roluny ýerine ýetirip bilmez. Dinde ýok zatlara baş goşýan aýal hezreti Äşe ýaly, adamzadyň gözguwanjy bolan bir zenanyň keşbini döredip bilmez. Şeýle meseleleri birki gezek Jedid mesjidinde agzap geçdim. Ikindi wagtlar şol ýerde wagyz edýärdim.

Erzurumda bary-ýogy iki sany kinoteatr bardy. Adamlaryň dynç alýan ýerlerem şol taýydy. Köpüsem sogap diýip şol kinony görmäge barjagyny bilýärdim.

Duýgularymy joşduryp wagyz etdim we özüme erk edip bilmän, agladym. Ýene-de ikindinarady. Oturan jemagata: „Utanyň! Siziň pygamberiňiziň, diniňiziň üstünden gülýärler. Sizem ümsüm meni diňläp otyrsyňyz. Olar eždadymyzyň eziz ruhlarynyň öňünde heşelle kakýarlar. Sizem özüňize musulman diýip ýörsüňiz“ ýaly sözleri aýtdym. Jemagat birden ör turdy. Men: „Ýok, gerek däl! Biz köçä çykýanlardan däldiris. Bu meseläni başgaça çözmeli bolar“ diýsemem, diňlemediler. Köçä adam bary çykypdyr. Köplük bolup kinoteatryň daşyny gabapdyrlar. Bu hadysany erzurumlylaryň bary goldapdyr. Has soň maňa gürrüň berişlerine görä, Ganly Fuad hem ol meselä berk ýapyşanmyş.

 

Ganly Fuad

Erzurumda ady belli Dersim Ahmet diýip biri bardy. Çekinmän bäş-on adamyň üstüne topulyp baryny ýere serip bilýärdi. Gujurly, pälwan ýigitdi. Ol penjegini egnine atyp, beýik ökjeli köwüş geýip gezýärdi. Uzyn boýly, süňkbaşy iri, diýseň görmegeý ýigitdi. Orazada mesjide-de gelýärdi. Garadangaýtmaz bolsa-da, onuň dine garaýşy gowudy. Edil şonuň ýaly, Erzurumda ýene-de Ganly Fuad diýip bir adam bardy. Ol üstesine, akyllydam. Mysal üçin, men bir wagzymda: „Atlary Ahmet, Mehmet bolanda näme? Dejjal şu atda bolubam gelip biler“ diýdim. Namazdan soň Dersim Ahmet meniň ýanyma gelip: „Meniň pikirimçe, aýdylýanlary halk makullaýan bolsa, atlar bilen tele-tut bolmagyň näme peýdasy bar?“ diýipdi.

Bularyň bir özleri bütin şäher ilatyna garşy çykyp bilýärdiler. Erzurumda şolar ýaly ýene-de birki adam bardy. Galyberse-de, olary bar kişi tanaýardy. Ine, adamlar kinoteatry gabap, film görkezýän enjamlaryň durýan otagyny dyr-pytrak edipdirler. Şol mahal Ganly Fuad hem ol ýerden geçip barýan eken. „Bärde näme bolýar-a?“ diýip olam kinoteatra sowlupdyr. Film görkezýänçiniň ony görüp, ýüzi ýagtalyp gidipdir. Ganly Fuad çendan-ýarym içýärdem. Kino görkezýänçi Fuadyň ýanyna baryp zeýrenmäge durýar. „Molla şeýle diýipdir. Emma, filmde beýle zat ýog-a. Müftüden rugsadam alnan...“ Ganly Fuad meniň adymy eşidip: „Molla aýdýan bolsa, bir emmasy bardyr“ diýipdir-de, gazaplanypdyr. Adamlar kinotearty paýyhanlaýarmyş, olam film görkezýänçini suwasalma ýençýärmiş. Bu wakanyň Erzurumda kän gürrüňi edildi. Has soň-soňlaram ýatlandy. Elbetde, men ýagdaý bu derejä ýeter öýdemokdym. Erzurumlylar maňa „Edirneli molla“ diýýärdiler. Soňky ýyl Remazan aýynda ýene-de Erzurumda boldum. Harby gullugymy dynyp, Erzuruma barypdym.

Sakyp aga müftüdi. Bir ýyl öň ol maňa höwes bilen wagyz berdiripdi. Şol ýyl bolsa, „Ýene bir waka ýüze çykar“ diýip, Sakyp aganyň maňa wagyz berdiresi gelmedi. Emma, halk müftüligiň öňüne jemlenipdir. „Edirneli mollany gürletmejek adamy biz-ä bilemzok“ diýip, müftüligiň öňünde goh turzupdyrlar. Meniň bolsa bu zatlardan habarymam ýok. Beýle wakanyň bolanynam has soň eşidipdim... Şeýlelikde, Sakyp aga maňa wagyz berdirmäge mejbur boldy. Şol ýyl ýene wagyz edipdim.

Näsaglap öýe baran wagtlarym, jemgyýetçilik merkezine baryp gaýdýardym. Olar halka bähbitli işleri amala aşyrýardylar. Halk partiýasynyň döwründe şeýle aňyýet bilen halkyň bähbidine hyzmat edýän edaralara ynsaply adamlar ýolbaşçy bellendi. Şonuň netijesinde, ol edaralaryň bitiren işleri gaty uly boldy. Erzurum jemgyýetçilik merkeziniň ýolbaşçylarynyň bary, iki-üç adamdan galany namaz okaýardy.

 

Birleşdiriji nokat

Şol döwürde dinsizlik ýoň bolupdy. Şonuň üçin dine sähelçe hoşniýetli garaýan adamlaram biziň bilen bir nokatda birleşip bilýärdiler.

Olaryň arasynda başaçyk birki sany aýalam bardy. Emma, olaram beýleki wejeralyklara garanyňda özlerini salyhatly geýnen saýýardylar. Sebäbi, olar bolmanda uzyn köýnek geýýärdi. Jemgyýetçilik merkezinde her hili çäreli agşamlar geçirilýärdi. Bir gezek Ybraýym Hakky barada gürrüňdeşlik bolup geçdi. Başga bir gezegem Möwlana agşamsy geçirlipdi. Şol agşamda maňa-da „Çykyş et“ diýdiler.

Möwlananyň Pygamberimiziň (s.a.w) sünnetine bolan ýakynlygy barada gürrüň bermelidim. Meniň çykyşym täsirli boldy. Sebäbi, başda parsça beýtleri okap, soňam yzy bilen olary terjime edipdim. Çykyş edýänleriň arasynda iň ýaşy mendim. Tomaşaçylaryň arasynda ýokary gatlakdan adamlaram bardy.

Uniwersitetden alymlar we uly çinli harbylaram şol gijeki çärä gatnaşypdylar. Men ol adamlara peýdam degip-degmänini bilemok, ýöne şol ýere çykyş etmäge çagyrlanyma begendim. Sebäbi, menden öň çykyş edenleriň bary Möwlanany „panteist“ adam diýip düşündirjek boldular. Meniň çykyşym, bolmanda, ol taýdakylara, Möwlananyň yslamyň hakyky beýik şahsyýetidigini görkezmäge ýeterli bolupdy. Birinji saýlawda (ýaşym kiçi bolany üçin) meni diwanyň hormatly agzasy edip saýladylar. Şeýlelikde, jemgyýetçilik merkeziniň agzalaryna menem goşuldym.

 

Kommunizme garşy göreş

Şol döwürlere degişli bolan aýgytly ädimlerimiň biri hem Erzurumda kommunizme garşy gurama açmaklyga hyýallanşymdy. Henize deňiç diňe Izmirde şeýle gurama bardy. Ikinjisi bolsa, biziň yhlasymyz bilen Erzurumda açylmalydy.

Aly diýen bir ýakyn adamymyzy Izmire ýollap, görkezme getirtdik. Guramanyň düýbüni tutjak bolduk. Men bir wagzyň yz ýany halka duýdurdym we kileň ýaş ýigitler bilen Jaferiýe mesjidiniň öňünde jemlendik. Bar maksadymyz – kommunizme garşy guramaçylykly göreş alyp barmakdy. Guramaçylyk hem-de jemgyýetçilik işlerine düşünýän bir garyndaşym bardy. Olam gelip, bize käbir zatlary düşündirdi, ýol salgy berdi... Şol döwri alyp görseň, aramyzda kanuna düşünýänem ýokdy. Erzurumly dost-ýarlarym bolsa, meniň alyp barýan işlerimi oňlamadylar. Olar: „Kommunizm bilen göreşýän gurama nireden ýadyňa düşdi. Sen „Nurlary“ oka. Şondan gowy göreş bolasy ýok“ diýdiler. Soň-soňlar bolsa maňa şeýle diýen adamlaryň özleri „Biz ýalňyşypdyrys“ diýdiler we kommunizme garşy guramanam olar döretdi. Emma, şol döwürler meniň beýle aýgyt etmäm tankytlanypdy, göwnemakul pikir däl hasaplanypdy.

Remazanyň ahyrlarynda Dejjal hakda wagyz etjek diýip halka duýdurdym. Jemagat gulaga öwrülip her gün meni diňleýär. Men bolsa bu meseläni soňky güne goýdum. Tussag edilmekden gorkamokdym. Ýöne orazanyň başynda tussag ediläýsem, wagyz edip bilmerin, diýen pikir bilen Dejjal hakdaky wagzy soňky güne goýdum. Iň soňky gün mesjid adamdan hyň berýärdi. Bar kişi sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Wahdeddin Önaýar her wagtkysy ýaly, iň öňde otyr. Onuň gözi hemişe nemlidi. Ol horkuldap aglanynda, meniň ýürek tarymy kakýan ýaly bolardy we meniň ylhamym joşup, ruhum belende galardy.

Dejjal hakda näme bilýän bolsam, gürrüň berdim. Mejsit miting meýdançasyny ýadyňa salýardy. Käýarym adamlar tolgunşyp ýerlerinden turup, ýene-de oturýardylar. Asyl, habar beriş edaralary irgözinden gelip, kürsiniň daşyny gabapdyrlar. Meniň sözlerimi ýazga geçiren bolaýmasalar...

 

Allah şaýatdyr, sen borjuňy ýerine ýetirdiň!

Ertesi gün baryp, soňky wagzymy berdim. Pygamberimiziň (s.a.w) „hoşlaşyk“ hutbesi barada aýdyp geçdim. Iň soňky sözleri aýdyp boldum diýenimden soň, öz adymdan gürledim. „Size şunça wagyz etdim. Borjumy berjaý etdimmi?“ diýdim welin, Wahdeddin Önaýar ýerinden turdy. „Allah şaýatdyr, sen borjuňy ýerine ýetirdiň“ diýdi. Şol gün erbet tolgundym.

 




Поиск по сайту:

©2015-2020 studopedya.ru Все права принадлежат авторам размещенных материалов.