Помощничек
Главная | Обратная связь


Археология
Архитектура
Астрономия
Аудит
Биология
Ботаника
Бухгалтерский учёт
Войное дело
Генетика
География
Геология
Дизайн
Искусство
История
Кино
Кулинария
Культура
Литература
Математика
Медицина
Металлургия
Мифология
Музыка
Психология
Религия
Спорт
Строительство
Техника
Транспорт
Туризм
Усадьба
Физика
Фотография
Химия
Экология
Электричество
Электроника
Энергетика

Yslam Anadola Ahlatdan baryp girdi 5 страница



Haýriýe hanym diýilýän bir aýal bardy. Onuň pensiýadaky, polkownik adamsy dünýeden gaýdypdy. Ol asylly hem edep-ekramly aýaldy we meniň daşymda kökenekdi. Bir gün ol düşek getirip, öz diýenini edip, penjiräme ýazdy. Kämahallar naharam getirýärdi. Menem ol garry aýalyň göwnüne degmejek bolup, getiren zatlaryny alýardym. Şol döwürler Edirne ahlak taýdan berbat bolan şäherdi. Haramylyk mesjidiň howlularyna deňiç baryp ýetipdi. Daş çyksaň, „Bäri ýewropa şäherine öwrülipdir“ diýdirýärdi. Din adamlarynyň köpüsiniň din bilen işi ýokdy. Azançynyň ýa-da ymamyň gyzy tans etmekde birinji bolýardy. Käbir azançylar bolsa namazam okamaýardylar. Kamat aýdyp mesjitden çykýan, birnäçe turisti aýlap, soňam ymam salam berýänçä ýetişip gelýän azançylar bardy. Ruhy ýaşaýyş şu derejede gözgynydy. Galyberse-de, bu ýerini Erzurum bilen deňeşdirseň, Erzurumda önüp-ösen men ýaly biriniň bu zeýilli şäherde halys çykgynsyz ýagdaýa düşjegi hasam düşnükli bolar. Şol sebäpden, menem goranmak üçin mesjidiň penjiresinden delalat soradym, riýazat galkanynam elime aldym. Ýaş, gujurly, edenli bir ýigit öz ar-namysyna çirk ýetirtmejek bolsa, dagy näme etsin?!

 

- Beýle agyr ryýazat saglygyňyza zyýan ýetirmedimi?

- Ýetirdi. Üç gezek dagyn yzly-yzyna aç galamsoň, beýle horluga bedenim döz getirmedi. Şeýdip, keselledim. Keselhana girdim. 15 günläp keselhanada ýatdym. Şonda ýatyrkam, kakamyň ýarawsyzdygyny eşitdim. Gussa batdym. Ol wagtlar ýazan goşgularymyň baryny bir depderde jemläpdim. Şol depder häzir bir dostumda duran bolmaly.

 

- Eger rugsat berseňiz, başga bir meselä geçesim gelýär. Edirnede bolan döwürleriňiz, ýaşaýşyňyz ýa-da berýän wagyzlaryňyz sebäpli hökümet tarapyndan gözegçilik astyna alnypmydyňyz? Bu barada aýdyp geçäýiň.

- Yzyma düşýärdiler. Onsoňam, polisiýada käbir erbet adamlaram bardy. Bir waka henizem ýadymdan çykanok. Ýalňyşmaýan bolsam, saýlaw gidýärdi. Saýlawyň berk düzgünleri bolýar. Belli wagtlardan soň hiç kim bilen gürleşmäge hakyň ýokdur. Halk partiýasynyň binasy edil mesjidiň öňündedi. Ol ýerde garpyz-gawun satýan bir adam durýardy. Diýseň yzgytsyz adamdy. Meniň gabatdaky çaýhanada bir adam bilen duranymy görüp, içýangyjyna baryp meni ýamanlapdyr. „Saýlawyň kadasyny bozdy diýip“ meni tussag etdirjek bolupdyr. Men baş ymam Salym Aryjy bilen çaýhanada çaý içip, penjiräme bardym. Birden turdy goh. Garaşmaýan zadyň. Mesjidi gabawa alypdyrlar. Çyralary ýakdylar. Ýöne penjiräniň içi garaňky bolansoň kitaplarymy görmediler. Diňe meniň bardygymy gördüler.

Polisiýanyň başlygy Resul beýdi. Onuň bilen hem duz-emek bolşupdyk. Maňa syny oturýardy. Emma, meni eltenleriň öwzaýy bozukdy. Olaryň şeýledigini daşyndanam görse bolýardy. Maňa her zat diýip gördüler. Menem hyrçymy dişläp durup bilýänmi näme? Olaryň diýýän her bir sözüne jogap gaýtarýaryn. Poliseý meniň böwrüme symsyklap: „Seň ýaly bolgusyzlar bilen iş çalşyp, bizem bolgusyz bolýarys“ diýýärdi. Menem şobada jogabyny suňşurýaryn. „Meniň bolgusyzlygym ýa-da dälligim sudda belli bolar. Eger men bolgusyz däl bolsam, onda maňa „Bolgusyz“ diýenleriň özleri bolgusyzdyr“

Polisiýa baramyzda, basgançakdan ýokaryk çykardylar. Ýokaryk çykýan basgançaklaryň aralygy boşlukdy. Adamy çalaja itseň, şol boşlukdan aşak gaçyp, heläk bolaýmalydy. Göýä diýersiň, ýöriteläp edilen ýalydy. Meni ýokaryk alyp barýanlaryň arasynda aýagyny ýempäp ýöreýän biri bardy. Ýalňyşmaýan bolsam, ol boluly bolmaly. Ol maňa bir zad-a diýdi. Menem jogabyny berdim. Birdenkä, meni aşak itjek boldular welin, Resul beýiň „Duruň“ diýenini eşidäýdim.

Edil kinolardaky ýaly. Garpyz satýan namardam şol ýerdedi. Allah goraýdy. Resul beý sesine bat berip, maňa: „Sen näme işleýärsiň bärde?“ diýdi. Men: „Meni gözgülban tutup getirdiler. Saýlawyň kadasyny bozduň diýýärler. Aýdýanlarynyň bary töhmet“ diýdim. Ol ýene-de abaýly sesi bilen: „Derrew şu ýerden güm bol“ diýip gygyrdy.

Polisiýa bilen birinji gezek şeýle waka bolup geçipdi. Gahar-gazabym depäme çykypdy. Hapa bolup, penjiräme gaýdyp geldim. Meniň üstüme arz-şikaýat edýänleriň san-sajagy ýokdy. Şol wagtlar maňa arka çykjagam ýokdy. Ýaşar hoja geleninden soň, hemaýat gördüm. Ol näme-de bolsa, adamlaryň maňa bolan ýalňyş pikirini üýtgedip bildi.

Ýaşar hoja welaýat häkimi hem-de beýleki ýokary wezipedäki adamlar bilen içgin gatnaşýardy. Ýaşar hoja olaryň uguny ýekelemegiň tärini bilýärdi. Onuň Selimiýede alyp barýan wagyzlary hem diýseň täsirli geçýärdi. Ol gysga wagtda köp adamy daşyna jemledi. Edirne şäheriniň yslam dinini özüne ýakyn saýmagynda onuň eden tagallalary gaty uludyr. Ol ynkylapdan soň, sürgün bolup göçüp gelipdi. Şonda-da halk ony öz adamsy saýýardy. Men Üç şerepelide wagyz edýärdim, hutbe diňlemek üçinem Selimiýä gidýärdim.

Her bir sözüni ýürekden şeýle syzdyryp aýdýan adamyny şol güne deňiç görmändim. Ýaşar hoja hutbelerinde hökman sahabalardan mysal getirýärdi. Menem sahabalaryň aşygy bolamsoň, ony diňlemäge hasam höwesekdim, ony diňlejek bolup ýüregim telwas edýärdi.

Ýaşar hoja Edirnede diniň abraýyny ýokaryk galdyrdy. Işgärlerem işlerine jogapkärçilikli ýapyşdylar. Häkim bilen öz aralarynda bolan gürrüňi ol soň maňa şeýdip gürrüň beripdi:

Häkim ondan men barada sorapdyr. Şol wagt Rakym aga hem olaryň ýanynda duran eken. Menden şikaýat edýänleriň biri-de oldy. Ýaşar hoja häkime: „Rakym aga ony menden gowy tanaýar. Onuň nähili päk ýigitdigini, goý, onuň özi gürrüň bersin“ diýipdir. Rakym aga bolsa şeýle buýruga nädip jogap berjegini bilmän, meni öwmeli bolupdyr. Häkim geň galypdyr. Galyberse-de, häkim bir ýumşak adamdy. Harbylaryň maşgalasyndady, ady Sabry Sarpdy.

Edirnäni haladym we Edirne bilen mazaly öwrenişipdim. Ýeke ýaşaýardym. Meniň inziwaga (dünýeden üzňe ýaşamak) düşünşim başgarak. Şonuň üçinem, köpçülikden üzňe bolamokdym. Edirnäniň ýokary wezipedäki adamlary bilen hoşniýetli gatnaşykdadym. Şäheriň harby wekilinem tanaýardym. Garadeňizli polkownik maňa zol-zol: „Sen erzurumly bolup bilmersiň. Ýüz keşbiň biziňkä çalym edýär. Biz seniň bilen obadaş bolmaly“ diýýärdi. Meniň bilen obadaş çykjak bolup, baý, höwes edýärdi. Polisiýanyň ýolbaşçysy Resul beý hem ýegre dostumdy. Käbir kazylar hem prokurorlar bilen oturyp-turuşýardyk.

Bu zatlaryň barysy edil häzir adaty, bolup biläýjek wakalar ýaly bolup görünse-de, şol döwür Türkiýede bir din adamsynyň beýle derejedäki adamlar bilen gatnaşykda bolmagy, has dogrusy, olaryň bir din adamsyny öz hataryna goşmagy geň-taňdy. Galyberse-de, ol din adamsy ýaş babatda beýlekilerden has kiçi bolsa näme?

Käbir endiklerimi şu ýerde edindim. Bu ýeri çyndanam haladym. Şol sebäpden, Trakýany, esasan, Edirnäni Anadoludan bölüp aýyrýan bogaza-da keýpim bozulýar. Ol ýerini Anadoly bilen bitewilikde göz öňüne getirmän bilemok. Ol ýerde könäni gowy bilýän tanyşlarymam bardy. Balkan söweşinde bolup gelen, Osmanlyny gören, gartaşan adamlardy olar. Mysal üçin, Rafada poçta hem telefon edarasynyň müdiri bolup, pensiýa giden Süreýýa beý diýip biri bardy. Ol Üç şerepelä namaz okamaga gelýärdi. Gürrüňçiligi halaýan adamdy. Ol Prof.Badi aganyň sözlerinden kän mysallar getirýärdi. Burhaneddin Babaýakaly hem başga bir mesjitde wagyz edýärdi. Ýöne olam namaza meniň mesjidime gelýärdi. Ol täsirli wagyz etmäge ökdedi. Arapçany suw içen ýaly bilýärdi.

Şol wagtlar çaýhana barýan adamlar bilen gürrüň edip, olary mesjide eltjek bolýardym. Gürrüňlerden täsirlenip, çilimini taşlanlaram boldy. Çilim taşlanlaryň birem Halyl agady. Bir gün öz-özüne gahar edip, pyçak bilen çilim gabyny parçalady-da, pyzyp goýberdi. Gaýdybam çilim çekmedi.

Mesjidiň penjiresinde bolan iki ýarym ýylymyň içinde, bitirilen suwytly iş bolmady. Birki sany ýaş ýigit bilen tanyşdym. Bir tarapdan, yslamy neşirýadam ýuwaş-ýuwaş herekete girip başlapdy. Menem barça puluma gerek kitaplary alyşdyrýardym-da, olary ile mugt paýlaýardym.

„Beýik Gündogar“ žurnaly bir ýa-da iki sany gelýärdi. Bäş sany geler ýaly etdim we galanynam özüm satyn alyp paýladym. „Erkin adam“ 25 sany dagyn gelýärdi. Onam kyrka ýetirdim. Galanyny ýene-de özüm alyp paýlaýardym. Şol wagtlar „Erkin adam“ hepdelik gazet bolup, „Beýik Gündogar“ bilen „Sebilürreşady“ hasap etmeseň, musulmançylygyň ýeke-täk sesidi. Gazetiň baş sahypasynda Sinan Onur bardy. Giýewsi Kemal Sürel hem gazetde işleýärdi. Ýene-de Jewad Ryfadam şol gazetde çykyş edýärdi.

Kämahallar men şu gazeti birine berjek bolup, ilki bilen ol adama çaý hödür edip, soň berýärdim. Şeýle kyn günlerde bular ýaly hyzmatlary alyp barmak ýeňil-ýelpaý iş däldi. Sebäbi bular öň görülmedik zatlardy. „Beýik Gündogary“ „Jumhuriýet“ gazetiniň arasyna salyp, jübime dykýardym, eltilmeli ýere şeýdip eltýärdim. Soňam, yslamy neşirleri hiç kimiň görmeýän ýerine baryp bermelidi. Hemişe yzy üzülmez ýaly şeýle ünsli bolmalydym. Metbugaty yzygiderli okaýardym. Nejip Fazyl ol döwürler Ideologiýa Ýumagynyň üstünde işleýärdi. Peýamy Sapanyň ýazýanlary bolsa şol günüň medeni aňyna görä düşünmesi kynrakdy, ýöne onam köplenç okaýardym.

Risaleleri alyp paýlaýardym. Kitaplary Mehmed Şergilden alýardym. Ankarada hem Ystambulda tanşym ýok diýen ýaly. Bir gezek Mehmet Şergilden gussaly hatam geldi. Paýlan kitaplarymyň puluny iberip bilmedim. Hatda bergimiň iki ýüz lira ýetendigini aýdýardy, yz ýanyndanam „Bu nähili doganlyk bolýar?!“ diýýärdi. Ol mamlady. Ýöne beýleki çykdaýjylar zerarly alýan aýlygym ýeterlik bolmaýardy. Şonda-da, Hüseýin molladan karz alyp, wagt ýitirmän bergimi iberdim. Hüseýin molla aýma-aý bergimi berdim.

Yslam üçin alnyp barylýan her bir işe goldaw bermegi özümiň iň beýik borjum saýýaryn. Çagalykdan bäri, beýtmek mende endige öwrülipdir. Yslama hyzmat edýän kim bolsa bolsun, ol adama öz ýanymdan, ak ýürekden hoşallyk bildirýärin. Sebäbi, meniň arzuwlaryma öwüşgin berýän ýeke-täk maksadym – yslamyň derdidir. Nurlar bilen tanşan döwürlerim, Kuranyň latyn harplar bilen çap edilmegi Türkiýäniň döwlet meselesine öwrülipdi. Derrew kagyz-galama ýapyşdym we „Mukaddesligiň hossary hökmünde menem, dine sütem edýänlere ýüregimde dörän ýigrenç bilen aňymdan syzdyryp birnäçe sözi diýýänim üçin özümi bagtly saýýaryn“ diýip başlaýan üç sahypalyk hat ýazdym. Tanyşlarym, esasan, Kyrkynjy hoja şu hatyň tizden „Fetih“ gazetine iberilmeginiň tarapdarydy.

Hatyň iberilip iberilmänini bilemok. Ýöne, kakam-a şol haty öz depderine göçüripdir-de, käbir ýerlerde okapdyram. Aklawçy Sami Gobal hem şol haty halapdyr.

Heniz 16 ýa-da 17 ýaşymda bolsamam, yslama ters gelýän pikir meniň gowuma uçgun ýapyşdyrdy. Gurşunly mesjidiň öňünde Kafiýeni ýatlaýarkam, ikiýana hozanak bolup, „Dünýäni başam barmagyma baglasalar, menem pyrlasam“ diýip arzuw edýärdim. Bularyň bary ruhumda bolup geçýärdi. Risaleler mendäki hyrujy öz holtumyna aldy. Sebäbi, ol hakykaty öwredýärdi. Ynsana dogry hereket etmegi buýurýan eserdir. Emma, meniň dyzmaç ruhum bar.

27-nji Maýdaky ynkylaby içime sygdyryp bilmedim. Aýlap diýen ýaly keýpim bolmady. Partiýa düşünjesinden daşda durýardym. Ýöne Demokratik partiýanyň yslamy hyzmatlara azda-kände hoşniýetli garaýany sebäpli, nähak ýerden olara azar berilmegini islämokdym. Aňymda çyzan käbir maksatlarymy Ýaşar hoja gürrüň berdim. Onuň ýerlikli maslahatlaryny diňläp, men öz ýüregime düwen pikirlerimiň ýalňyşdygyna düşündim.

 

Ruhany baştutanlyk

Edirnä degişli ýatlamalarymyň ýene biri bolsa, ölüm jezasy berlenlere meni ruhany baştutan edip bellemekleridi.

Olaryň biri 1959-nji ýylda bolup geçdi. Meniň Edirnä gelen birinji ýylymdy. Bir gün biri geldi-de, maňa: „Gani beý seni çagyrýar“ diýdi. Gani beý diýilýän adam kazydy. Men oňa-da käbir kitaplary sowgat beripdim. Birbada iňkise gitdim. Şol iňkis bilen ýanyna bardym. Maňa: „Birine dardan asmaly diýen jeza berildi. Senem ruhany baştutan bolup, ol jeza berlişige gatnaşmaly bolarsyň!“ diýdi. Men çaksyz duýguçyl adam. Beýle buýruga nädip „Bolýar“ diýip bileýin. Ýöne başdaky pikir edişim ýaly däl eken. Meni başga sebäp bilen çagyrypdyrlar. Şonuň üçin „Bolýar“diýdim. Meni ynamdar adam hasaplap, çagyranlaryny aýtdylar.

Öňki wagtlar „Köpçüligiň gözi gorksun“ diýip, adamy açyk meýdanda dardan asýar ekenler. Ynkylapdan soň, adamy açyk meýdanda dardan asmaklyk gadagan edildi. Gijäniň ýary meni gelip alyp gitdiler. Ulaga münüp, türmä bardyk. Dardan asylmaly adamyň ady Rasim Dikdi. Tussag otagyna girdik. Eli daňylgydy. Bir zat edäýmesin diýip, daňypdyrlar.

 

Atatürk geler

Ol özüniň dardan asyljagy baradaky kararyň mejlisde tassyklanandygyny gazetden okapdyr. Birbada seňselän ýaly ýagdaýa düşüpdir. Ol diňe patarraky urýardy. Asla gep diňlemedi. Şol bir heňine tutup otyr. „ Atatürk geler, menem öýe gaýdaryn“ diýýärdi.

Birsalymdan soň oňa ak köýnek geýdirdiler. Boýnuna bolsa, eden günä işini aňladýan ýarlyk asdylar. Ol öz aýaly bilen bir adamyň öýüne giripdir. Hem-ä öýüň eýesini, hemem onuň aýalyny öldüripdirler. Howluda it jabjynyp başlapdyr welin onam paltalap öldüripdirler. Soňra bolsa olar meýitleri alyp, bir ýere gömüpdirler. Öldürlen adam galaýydan gap-gaç ýasaýan garyp bir bende eken. Ganhorlar ol öýden bar-ýogy üç ýüz lira pul tapypdyrlar. Eden jenaýatlary diýseň elhençdi.

Dar agajyny Üç Şerepeliniň öňüne, häzirki seýilbagyň duran ýerine dikdiler. Adamlar üýşdi. Ol taýy edil jygyldyga döndi. Gury iýmiş satyp duran haýsy, suw satyp duran haýsy. Arman, hiç kimiň ybrat-nemaga alaýyn diýen niýeti ýokdy. Kuşjudogan mejsidiniň azançysy, şol bir wagtyň özünde Kuran kursunda mugallym bolup işleýän, elli ýaşy arka atan Ybraýym molla beýle däldi. Ýeke-täk onuň gussa batyp duranyny gördüm. Ol şol wakadan soň, bir hepdeläp bu seýilbagyň deňinden geçip bilmändir.

 

Soňky söz

Ruhany baştutan hökmünde oňa soňky sözümi aýtdym. Ahyry ony oturgyjyň üstüne mündürdiler. Häzir ýanyňda diri duran biriniň sanlyja salymdan jansyz göwrä öwrüljegi hakda pikir öwürmeklik, şol ruhy howany demiňe dartmaklyk, bu zatlary öz gözüň bilen görmeklik, diňlän ýaly bolmaýar. Kim gürrüň berse beräýsin, şol aýylganç pursaty doly suratlandyryp bilmez. Gani beý Rasimiň golaýyna baryp: „Soňky arzuwyň bar bolsa, aýt!“ diýdi. Ol ýene „Atatürk geler, bizem öýe gaýdarys“ diýip jogap berdi. Jellat diýip tutup getirilen adamlaram lül-gammardy. Jeza berlişikde jellat hemişe-de içgili gelýän eken. Ol Rasimi kybla tarap öwürdi. Kynlyk bilen boýnuna syrtmak saldy. Emma, jeset kyblanyň tersine öwrüldi duruberdi. Ýüzüniň reňki garalypdy. Rasimiň dili bir garyş bolup, agzyndan daşarda sallanyp durdy. Ertesi gün öýlä sanýança, jeset ol ýerde asylgy durdy. Şonda-da men hiç kimiň gözi gorkandyr öýdemok. Soň ýüpi aýryp, jesedi alyp gitdiler. Ony nädip jaýlanlaryny welin bilemok.

Indi, birinji gezek belläp goýanlary üçin, ýene-de bir jeza berlişikde meni çagyrdylar. Ol wagt daşarda asmak gadagandy. Çakym-çak bolsa, göz gorkuzmagyň peýdasyzdygyna olaram düşünen bolsa gerek. Dardan asylmaly ikinji adamyň ady Mehmetdi. Oňa Memo diýýärdiler.

Jeza berlişige gözegçilik edýän, döwlet tarapyndan berkidilen lukman Sofiýýalydy. Men içerki howluda otyrdym. Edil öňümde-de kazyýetiň iki sany işgäri hem-de polisiýanyň başlygy otyrdy. Soň hälki lukman biziň ýanymyza gelip, „Papaz geldimi?“ diýdi. Şol derejedäki adamdy. Bile türmä gitdik. Meniň egnimde adaty bolşy ýaly, donum bardy.

Mehmed diýseň ýagty ýüzli bir ýigitdi. Oňa ganhordyr öýdemok men-ä. Bizi görüp-görmäne, aýaklary diýenini etmän, ýere tükgeline ýykyldy. Paraliç bolan ýaly boldy. Ony diwanda oturtdyk. Düşündirip başladym: „ Mehmed! Ýagdaý-a şeýle. Mejlis karary tassyklapdyr. Mundan soň başga çykalga ýok. Allaha barýan ýolda dursuň, galan ähli ýollar bolsa beklenen...“

„Täret aljakmy?“ diýip soradym. „Alaýyn“ diýdi. Aýaklaryny ýuwýança, halys ysgyndan gaçdy. Edil şu günki ýaly ýadymda. Şol güni wyždanym bilen duýdum. Ol aýaklaryny ýuwup bilmedi.

„Amentüni“ okatjak boldum. Az-maz okasa-da, yzyny okap bilmedi. Göýä, sözler aňyndan bozulýan ýalydy. Käýarymam maňa: „Meni täzeden kazyýet lukmançylyk anyklaýşyna berip göräýiň“ diýip özelenýärdi. Kazyýet lukmançylyk anyklaýşyna berseň näme bolar öýdýäň? Aňry gitse, ýene birki hepde ömri uzaýmasa. Ine, şol ýerde ýaşaýşyň gymmatyna has oňat düşündim. Hamala, dardan asyljak ol däl-de, özüm ýaly boldum. Aradan näçe ýyl geçenem bolsa, ýatlasam, henizem gussa batýan. Mehmede haýpym gelipdi. Bir çopany öldüripdir diýdiler. Onuň boýnuna şeýle ýarlyk ildirdiler.

Jellat serhoşdy. Aýak üstünde durup bilmän, ýykyldy. Lukman bolsa oturgyjy garbap aldy, hut özi jellatlyk işini berjaý etdi. Mehmet töweregine kineli gözler bilen ýaltaklaýardy. Kineli seredişi bagrymy dilipdi. Soň bolsa oturgyjyň aýrylmagyny isleýän ýaly, aýaklaryny oýnaklatdy. Birki gezek urnup, şobada jan berdi. Diýmek, lukman Mehmedi gynasy gelmändir, şonuň üçinem ýüpi bolmalysy ýaly edip daňypdyr.

 

Çekinmän gürlemek

Daşymdan seretseňiz, men adam bilen gürleşip ýörene meňzeýän däldirin.

Men ýygra adam ýalydyryn. Ýöne mende tekkeden gaýdýan alçaklyk bardyr. Soň ýaşan ýerlerimde-de oglanlar bilen aram gül ýalydy. Onsoňam, çagalykdan ulamalaryň huzurynda oturyp başlamsoň, olaryň ýanynda arkaýyn gürläp bilýärdim. Belkem, şol sebäpden her kim bilen arkaýyn, çekinmän gürleşip bilýändirin. Sebäbi, men şyhlaryň hem alym adamlaryň ýanynda köp boldum. Olar bilen kän gürrüňdeş boldum. Bu hem maňa beýleki adamlar bilen rahat gep-söz alyşmagyma ýardam berýärdi.

 

Edebiň çägi

Kimdir birine dini meseleler barada bir zat düşündirjek bolsam, ol adam nähili jemgyýetiň adamsy bolsa bolaýsyn, çekinmän onuň bilen gürleşýärdim. Gündogar adamsyna mahsus bolan haýa duýgym meni edep-ekramyň çäginden çykaranokdy. Özümden uly adamlara bir zat diýjek bolanymda-da, edebiň çäginden çykamokdym we şunuň netijesinde olar bilen köp wagtlap bile bolup bilýärdim. Şeýle diýsem, lap etdigim bolmaz, Edirnäniň at-abraýa mynasyp adamlarynyň baryny tanaýardym. Meniň ýaşym bolsa heniz ýigrimä-de ýetenokdy.

Allatagalanyň nesip etdigiçe, duýgy „gorumy“ dogry ýolda peýdalanmaga çalyşýardym. Çaýhanada oturyp, uly adamlar bilen çaý içýärdim, olara hakykaty düşündirmek üçin jan edýärdim.

Edirneden ilki tanşan adamlarymyň biri Ysmaýyl Gönülalandy. Ol arassa hem ýumşak adamdy. Ol meni Döwlet Suw edarasynda gaty köp adam bilen tanyşdyrdy. Köp adamy ýany bilen alyp gelýärdi.

Şol mahallar Ahmet diýip bir mekdep okuwçysy bardy. Meniň ýanyma köp adam alyp gelýäni üçin, men oňa „Musab“ diýýärdim. Häzirki gün bilen deňeşdireniňde, gatnaşyk açyp bilýän adamlarymyzyň sany juda azdy. Ýöne şeýle kyn günlerde Trakýa ýaly ýerde beýle mukdary az saýyp bolmaz. Bir gezek hiç ýadymdan çykanok, Diýarbekirden bir adam gelipdi. Bir gün, maňa: „Trakýanyň bar ýerine aýlandym. Bu jelegaýlarda musulmançylygy ýaşaýan diňe iki ýaş ýigidi gördüm. Bir-ä sen, birem Kyrklarelidäki bir ymam“ diýdi. Asyl, ol adam şol ymama-da baryp aýdan bolmaly. Bir gün ol ymam meni sorap geldi. Soň menem ony sorap gaýtdym. Şol wagtlar şeýleräkdi. Dertdeş adamyňy tapmak üçin iki sagat ýol sökmeli bolýardy. Ýaşar hojanyň Edirnä gelmegi bilen, dine bolan sowuklyk gowşap başlady, şondan soň hyzmat etmäge mümkinçilik döredi.

 




Поиск по сайту:

©2015-2020 studopedya.ru Все права принадлежат авторам размещенных материалов.